Düzüm-düzüm gozalar

6 Awgust 2022
177

Kerki etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň 5-nji kärendeçiler toparyna indi köp ýyllardan bäri tejribeli daýhan Atamyrat Atanyýazow ýolbaşçylyk edýär. Ol işiň abyny-tabyny bilýän başarjaň guramaçy. Onuň gözüni açyp göreni daýhançylyk. Şeýle bolansoň, ol ene topragyň diline oňat düşünýär. Atamyradyň ýolbaşçylyk edýän toparynyň kärendeçileri hem mydama öň hatarda. Toparyň janypkeş kärendeçileri şu möwsümde 130 gektar meýdanda gowaçanyň bereketli hasylyny ýetişdirýärler. Olar ýakynlaşyp gelýän ýygym möwsüminde 350 tonna derek, 400 tonna ýokary hilli hasyl öndürip, Watan harmanyna tabşyrmagy göz öňünde tutýarlar. Topar kärendeçileriň 52-sini özünde jemleýär. Olaryň hemmesi hem öz işiniň ussatlary hasaplanýar. Kärendeçiler şu günler yhlasly zähmet çekip, gowaçalaryň idegini kemsiz ýetirýärler. Boýy ýeten boldumly gowaçalaryň şahalaryndaky düzüm-düzüm gozalar, doluşan körekler göreniň gözüni dokundyrýar.

Ine, biz toparyň «Annapalow» diýlip atlandyrylýan 4,5 gektarlyk gowaçaly atyzyny synlaýarys. Bu ýerde toparyň ussat kärendeçileri Tawus Hojanazarowa bilen Tawus Çaryýewanyň kärende ýerleri bar. Biz Tawus Hojanazarowanyň armasyny ýetirip, söhbet edenimizde, ol şeýle gürrüň berdi:

Ödegeldi KULYÝEW,
žurnalist. Surata düşüren awtor.