Çaganyň iýmitleniş medeniýeti

6 Awgust 2022
114

Çaga iýmiti özbaşdak kabul etmek ukybyna näçe ir eýe bolsa, onuň bedeni şonça-da tiz bekemäge ukyply bolýar. Şoňa görä-de, çaga eýýäm 1 ýaşa ýetenden soň, ony iýmitlendirmegiň medeniýetine aýratyn üns bermeli.

Iýmiti sagatlaýyn kabul etmek çaga iýmitlenişiniň medeniýetiniň iň wajyp şertidir. Bu talap doly suratda berjaý edilen halatynda, çaganyň işdäsi açylýar, onda naharlanmaga höwes döreýär.

Maýagül GARAJAÝEWA.
Aşgabat şäheriniň 16-njy saglyk öýi.