Garabogazköl aýlagy — «altynly mekan»

6 Awgust 2022
199

Türkmenistanda täsinligi bilen haýran galdyrýan tebigy künjekleriň biri-de Garabogazköl aýlagydyr. Ol Hazar deňziniň «goňşusydyr», çägeli zolak ony deňizden bölüp aýyrýar. Garabogaz köli Hazaryň suwy bilen suwlulanýar. Deňiz her ýylda oňa 8 — 10, suwunyň köpelen wagtynda bolsa 25 kub kilometre çenli suw «berýär». Aýlag deňizden aşakda ýerleşýär, şol sebäpli-de takmynan dört metr beýiklikden ýokary tizlik bilen şaglap inýän suw güwwüldäp ses edýär. Iň täsin ýeri-de: şonça köp suwuň nirä gidýändigi belli däl. Aýlaga giren gämiler hem ýitirim bolýar eken. Doýdumy-doldumy ýok, üstesine gämileri hem «ýuwdup» ýatan bu ýer adamlarda gorky döredipdir, onuň «Garabogaz» ady-da hut şunuň bilen bagly döräpdir hasap edilýär. Ýerli ilat Hazaryň suwy Garabogazdaky düýpsüz girdap arkaly Aral deňzine goşulýar diýip ynanypdyr.

Soňky barlaglar munuň beýle däldigini aýan edýär. ХVIII asyryň başlarynda Garabogazköl aýlagy ylmy taýdan öwrenilip başlanýar. 1715-nji ýylda knýaz Aleksandr Bekowiç-Çerkasskiý ilkinji bolup ýelkenli gämilerde bogazyň üsti bilen aýlaga girip, barlag işlerini geçiripdir. Ol Pýotr I buýrugy esasynda Hazaryň şu böleginiň we aýlagyň ilkinji takyk geografik kartasyny düzen adamdyr.

Taýýarlan ýörite habarçymyz.