Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşyda täze köpugurly hassahananyň açylyşyna gatnaşdy

15 Aprel 2022
479

Şu gün — 15-nji aprelde Türkmenbaşy şäherinde 400 orunlyk täze köpugurly hassahana açylyp ulanmaga berildi. Onuň açylyş dabarasyna Balkan welaýatynda toý saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň wezipä girişenden soňra ýurdumyzyň sebitlerine amala aşyrýan ilkinji sapary hökmünde taryhy ähmiýete eýedir. 

«Türkmenistan».