Hormatly Prezidentimiz bilen Türkmenistanda ilkinji gezek bolýan Hindistanyň Baştutanynyň arasynda gepleşikler geçirildi

2 Aprel 2022
352

Şu gün — 2-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana döwlet sapary bilen gelen Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda gepleşikler geçirildi. «Oguz han» köşkler toplumynda guralan gepleşikler ikiçäk hem-de giňişleýin düzümde dowam etdi.

Ýeri gelende bellesek, şu gezekki sapar Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistana amala aşyran ilkinji döwlet sapary bolmak bilen, dostlukly ýurduň Baştutany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem iň ýokary döwlet wezipesinde kabul edýän ilkinji myhmanydyr. Munuň özi nobatdaky türkmen-hindi gepleşikleriniň taryhy ähmiýetini has-da artdyrýar.

«Türkmenistan».