Maýa goýum işjeňligi — ösüşiň hil derejesi

13 Ýanwar 2022
91

Garaşsyz ösüşiň 30 ýylynyň dowamynda, ylaýta-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz ýokary ykdysady ösüşleri gazanyp, bu ugurda dünýä giňişligine üstünlikli goşulyşýan ýurtlaryň hatarynda eýeleýän ornuny pugta berkitdi. Ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, täzeçil başlangyçlary öňe sürýän telekeçiligi höweslendirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, bilelikdäki kärhanalary we paýdarlar jemgyýetlerini has-da giňden döretmek, ätiýaçlandyryşy, gazna biržasyny hem-de gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek arkaly, ähli pudaklarda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Ykdysadyýetiň çig mala gönükdirilmegini doly ýeňip geçmek, bazar özgertmelerini ösdürmek, tebigy baýlyklardan rejeli we netijeli peýdalanmak, adamyň durmuşy, saglygy, howpsuzlygy üçin has amatly şertleri döretmek babatda alnyp barylýan şol özgertmeleriň esasy maksady «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgede öz mynasyp beýanyny tapdy.

Şeýle köpugurly işlerde ykdysady syýasatyň maýa goýum babatyndaky esasy maksady milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmakdan we diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr. Çünki ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň önümçilik we durmuş maksatly ugurlaryna gönükdirilýän maýa goýumlary Türkmenistanyň önümçilik binýadyny düýpgöter özgerdýär, şeýle-de, ähli pudaklarda täze desgalaryň, durmuş-medeni maksatly binalaryň uly toplumlarynyň emele gelmegine şert döredýär. Bu bolsa öz gezeginde, döwletiň baş maksadyna — halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär. Şeýle bolansoň, döwlet maksatnamalarynyňdyr iri taslamalaryň yzygiderli we üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň girdejileriniň ýokarlanmagyna, iş orunlarynyň täze tapgyrlarynyň döredilmegine, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine täze mümkinçilikler döreýär.

Saparly SAPARLYÝEW,
Mary welaýatynyň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň bölümçe başlygy.