Hukuk özgertmeleri rowaçlanýar

17 Iýun 2021
67

Milli Liderimiziň: «Kanunyň ileri tutulmagy türkmen jemgyýetiniň baş ýörelgesidir» diýip belleýşi ýaly, täze taryhy eýýamda döwleti ykdysady, syýasy, medeni, ylmy taýdan ösdürmek bilen bir hatarda, milli hukuk ulgamynyň mizemez daýanjy, sarsmaz sütüni bolan kanunçylygy halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda kämilleşdirmek babatda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Bu il-ýurt bähbitli işler öz gözbaşyny Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan alyp gaýdýar. Esasy Kanunymyzyň 1-nji maddasyna laýyklykda, döwlet kanunylygy we hukuk tertibini üpjün edýär. Kanunylygyň durmuş maksady bolsa jemgyýetçilik we döwlet gurluşyny berkitmäge hem-de ösdürmäge ýardam bermekden, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny hukuk taýdan kadalaşdyrmagyň maksatlaryna ýetmegi üpjün etmekden ybaratdyr. Kanunylyk halkyň bähbitlerini goramagyň, hakyky demokratiýanyň dabaralanmagynyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Kanunylyk döwletde hukuk kadalarynyň takyk, gyşarnyksyz we birmeňzeş berjaý edilmeginden ybarat döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ýörelgesini aňladýar. Şonuň üçin ol fiziki şahslaryň hereketiniň we ýuridik şahslaryň işiniň, şeýle-de hukugyň subýektleriniň arasyndaky islendik gatnaşyklaryň kanunylygyny üpjün etmegiň guraly bolup çykyş edýär.

Häzirki zaman şertlerinde kanunylygy üpjün etmek bilen baglanyşykly kanunçylygy kämilleşdirmek we bu ugurda hukuk gatnaşyklaryny ösdürmek wajyp meseleleriň biridir. Şundan ugur alnyp, Prezident Maksatnamasynda kanunçylygy kämilleşdirmek arkaly, milli we halkara bähbitlere laýyk gelýän kanunylygy üpjün etmek babatda amala aşyrylýan möhüm ähmiýetli syýasata mynasyp orun berildi.

Daňatar MÜRZÄÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň esasy ylmy işgäri.