Gowaçanyň täze sorty

17 Iýun 2021
81

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa instituty ylmyň biologiýa ugruny ösdürmek, tebigy baýlyklar bolan ösümlik we haýwanat dünýäsini düýpli öwrenmek üçin ýöriteleşdirilen ylmy edara bolup durýar.

Ýurdumyzda ylmyň umumy biologiýa, öýjük biologiýasy, molekulýar biologiýa, genetika, biotehnologiýa, bioinženeriýa, bioinformatika, ekologiýa ugurlaryny ösdürmek, tebigy baýlyklar bolan ösümlikler, haýwanat we mikroorganizmler dünýäsini öwrenmek, olaryň biohimiki, fiziki-himiki, dermanlyk häsiýetlerini anyklamak, ösümlik hem haýwanat dünýäsini goramak we rejeli peýdalanmak, oba hojalyk ekinleriniň we mallaryň seçgi-tohumçylyk işini talabalaýyk alyp barmak, täze görnüşlerini döretmek boýunça düýpli hem-de amaly ylmy barlaglary geçirmek institutyň esasy maksadydyr.

Şyhmyrat BAÝMYRADOW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa institutynyň barlaghanasynyň müdiri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.