Sagdynlygyň we ruhubelentligiň şäheri

17 Iýun 2021
66

Ak şäherimiz Aşgabat häzirki zamanyň iň döwrebap saglyk merkezleriniň bir ýere jemlenen ýerine öwrüldi. Baýramçylyk gününde paýtagtymyzyň taryhy, bina edilen ilkinji saglyk merkezleri hakynda gysgaça durup geçmek isleýäris. Aşgabat şäheri taryhy nukdaýnazardan hem ýurdumyzyň çägindäki ilkinji saglyk merkeziniň we hassahanasynyň dörän ýeridir. 1913-nji ýylda paýtagtymyzdaky hassahanalarda näsaglar üçin bary-ýogy 300 orun bolup, olarda 70 lukman zähmet çekipdir. 1924-nji ýylda şäherde lukmançylyk edaralarynyň birnäçesi peýda bolýar.

Bu gün ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä derejesinde uly ösüşlere eýe boldy. Ýylyň-ýylyna gurlup, ulanylmaga berilýän saglyk merkezleri, hassahanalary barmak büküp sanardan kän. Häzirki wagtda Aşgabadyň saglyk ulgamy Bütindünýa Saglygy Goraýyş Guramasynyň talaplaryna laýyklykda, iň kämil lukmançylyk enjamlary we tehnologiýasy, kärine ussat, tejribeli saglygy goraýyş işgärleri, häzirki zaman saglygy goraýyş binalary bilen üpjün edilýär. Saglygy goraýyş edaralarynyň üsti täze binalar bilen ýetirilýär.

Miwe BERDIMYRADOWA,
Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň direktory.