300 ýaşly juwaz

17 Iýun 2021
133

Hawa, hawa! Hakyt şeýle. Bu juwazyň 300 ýyllyk taryhy bar eken. Bu barada onuň häzirki eýesi — Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Türkmenýoly geňeşliginiň Garaýyk obasynyň ýaşaýjysy Abdykadyr Gurbanmedow gürrüň berýär. Onuň aýdyşy ýaly, kakasy Aratjan aga bu juwazy körpe ogly Abdykadyra miras galdyrypdyr. Obanyň ýaşuly adamlary hem juwazyň şeýle gadymy döwre degişlidigini tassyklaýarlar. Dogrusy, gowuja synlasaň, muny juwazyň özi-de «aýdyp» dur...

— Dädem pahyryň gürrüň bermegine görä, bu juwazy onuň atasy Gylyç Gylyjow 1741-nji ýylda Özbegistanyň Namangan welaýatyndan atarabada Köneürgenje alyp gelipdir. Şol wagta çenli hem ol ýigrimi ýyl çemesi ulanylan eken — diýip, Abdykadyr aga söze başlaýar. — Men neberämizde bu juwazdan peýdalanýan dördünji arka bolýan. Biz 6 ogul, 3 gyz. Dädem juwaz işledende, köplenç, ýanynda men bolardym. Çagakam, bir gezek juwazy özbaşdak işletjek bolup, bar künjini pyr-pytrak edipdirin-de, yzyndanam dädemden gorkujygyma gaçyp gidipdirin. Şondan soň ol: «Öwrenjegiň çyn bolsa, ynha, şeýtmeli» diýip, maňa juwazyň işledilişini ymykly öwredipdi. Pahyr ömrüniň ahyryna çenli juwazy aýawly peýdalanmagy, bardy-geldi ulanyşdan galaýan ýagdaýynda-da, ony taşlaman, milli gymmatlyk hökmünde muzeýe tabşyrmagy sargardy. Neberämiziň ondan haýyr tapandygy, ugur-tärini bilseň, onuň tutuş maşgalany zada zar etmän, ekläp-saklajakdygy, rysgal-döwlet getirjekdigi barada kän aýdardy. Hudaýa şükür, dädemiň aýdyşy ýaly, indi ençeme ýyl bäri şu juwaz bilen güzeranymyzy dolap otyrys...

Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÖWEZOW.