Buýan

17 Iýun 2021
111

ýene-de gülledi

Ýakynda lukman dostum maňa buýanyň gülländigini aýdyp, ol ýere bile dynç almaga gitmegi teklip etdi. Biz ýola düşdük. Ine-de, Amyderýanyň ýakasyndaky buýanly meýdanlar. Bärden baranyňdan, göwün göteriji hoşboý ysy bilen seni özüne çekýän buýana «Müň bir derdiň dermany» diýlip, ýöne ýerden aýdylmaýandygyna bada-bat göz ýetirýärsiň. Ýoldaşymyň aýtmagyna görä, onuň güllän wagtyndaky ysy demgysma keselini dep edýär. Şonuň üçin buýanyň gülleýän döwründe Amyderýanyň kenaryna baryp, balyk tutýan çeňňegiňi derýa ataga-da, buýanlykda dynç almagyň özboluşly lezzeti bar. Maý aýynda gülläp başlaýan buýan soňra däne getirýär. Onuň baldagynda gezekleşip ýerleşen, içi däneli miwe haltajyklary tä däneler bişip ýetişýänçä, olary özünde saklaýar.

Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Merdan ORAZOW.