Gün urmasyndan goranalyň!

16 Iýun 2021
66

Tomus paslynda howanyň aşa gyzmagy saglyga eserdeň bolmagy talap edýär. Bu döwürde suw we madda çalşygy işjeňleşip, bedendäki artykmaç suwuklyk derlemek arkaly bölünip çykýar. Bu hadysanyň kadaly ýagdaýda dowam etmegi üçin günüň dowamynda 1,5-2 litr arassa agyz suwuny içmek maslahat berilýär. Şeýle-de miweleri we gök önümleri köpräk iýmeli.

Çagalar we uly ýaşly adamlar tomusda açyk howa çykanlarynda, irden sagat 6:00-dan 9:00-a çenli, agşam sagat 18:00-dan 21:00-a çenli aralykda ýanlaryna gerekli mukdarda agyz suwuny alyp, talabalaýyk geýinseler, has dogry bolar. Yssy günlerde daşardan derläp gelip, salkyn öýe girilende, eşikleri çalyşmak hökmandyr. Şeýle ýagdaýda sowadyjynyň öňünde oturmak saglyga zelel ýetirip biler. Munuň özi kelle-beýni ulgamynyň, ýüzüň süňk boşluklarynyň sowuklamagyna getirýär we dem alyş ulgamynyň kesellerine sebäp bolýar. Şeýle hem gyzyp gelip suwa düşmek, sowuk içgileri içmek maslahat berilmeýär. Bu agyz boşlugynyň, dişleriň, gyzylödegiň, ýokary dem alyş ulgamynyň sowuklama keselleriniň esasy sebäbidir.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.