Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

16 Iýun 2021
72

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk

AŞGABAT, 15-nji iýun (TDH). Zenan telekeçiligini goldamak, gender deňligini üpjün etmek hem-de zähmet çekmek üçin deň şertleri döretmek «Merkezi Aziýada we Owganystanda zenanlaryň ykdysady hukuklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň ösdürilmegi» atly halkara onlaýn forumda ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Bu çäre şu gün Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mažlisi we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan guraldy. Merkezi Aziýanyň zenan ýolbaşçylarynyň Dialogynyň howandarlygynda geçýän köptaraply duşuşyga türkmen tarapyndan Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.