Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag
Watanymyzyň kuwwatly geljegi bolan türkmen ýaşlarynyň ýokary hilli bilim almaklary, öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri, hünär ussatlygyny ele alyp, üstünlikleri gazanmaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri, kämilleşmekleri üçin ýurdumyzda giň mümkinçilikler döredilendir. Zergärçilik, nakgaşçylyk, halyçylyk ýaly milli hünärlerimiz bilen birlikde, häzirki döwürde täze hünär ugurlarynyň açylmagy ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine ýardam berýär. Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygy ylym-bilimdir. Şeýle baýlygyň eýesi bolup bilen halk bolsa, jemgyýeti yzygiderli kämilleşdirmäge, döwleti kuwwatlandyrmaga ukyplydyr. Ylmyň ösmegi bilim kämilligine baglydyr. Bilim bolsa ýaş nesliň sowatlylyk ýolundaky ilkinji ädimleriniň biridir. Ynsan bilimiň ilkinji şinelerini maşgalada, çagalar bagynda, mekdepde öwrenýär. Çaganyň kämil adam bolup ýetişmeginde maşgalanyň, mekdebiň, mugallymyň, halypanyň orny örän uludyr. Ynsanyň ynamly dosty onuň sowatlylygydyr. Magtymguly Pyragynyň: «Alymlara uýsaň açylar gözüň» diýen goşgy setiriniň many-mazmuny has-da özüne çekijidir. Dana şa