"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Sagdynlyk — bagtyýar durmuşyň binýady

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrülen eziz Diýarymyzyň saglygy goraýyş ulgamynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy saglygy goraýyşda ýetilen belent sepgitleriň berk binýady bolup, onda ulgamyň maksatlary, wezipeleri hem-de uzak möhletleýin ösüş ýollary kesgitlendi. Netijede, dünýäniň öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryna, iň kämil lukmançylyk enjamlaryna hem-de tejribelerine daýanýan milli saglygy goraýyş ulgamy kemala geldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe keselleriň öňüni almak, olary irki döwürlerde ýüze çykarmak hem-de bejergi geçirmek, bagtyýar raýatlarymyza edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hil derejesini düýpli ýokarlandyrmak babatda gazanylýan üstünlikler aýratyn bellärliklidir. Jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmakda, kadaly iýmitlenmegi üpjün etmekde, zyýanly endiklerden daşda durmakda, bedenterbiýe we sporty gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegine öwürmekde ýetilen belent sepgitler hormatly Prezidentimiziň adamyň baş baýlygy bolan saglygy barada edýän aladalarynyň ajaýyp miweleridir.

Gyş paslynda berjaý edilmeli maslahatlar

Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygy babatdaky tertip-düzgünleri berjaý ediň! Elleriňizi arassa saklaň! Ýiti respirator keseliň alamatlary asgyrmak, üsgürmek, bokurdagyň nemli bardasynyň gyzarmagy, burnuň dykylmagy, beden gyzgynynyň ýokarlanmagy, kellagyry, endam--janyň agyryp üşütmegi we işdäniň kesilmegi ýaly ýagdaýlar bilen ýüze çykýar. Eger siz ýa-da maşgalaňyzyň bir agzasy ýiti respirator ýokanç kesel bilen näsaglan bolsa, lukmana ýüz tutmaly we diňe maşgala lukmany tarapyndan bellenen, ýöriteleşdirilen bejergini kabul etmeli.

Ýaşaýşyň çeşmesi

Suw damjasy — altyn dänesi Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga uly üns berilýär. Sebäbi bu mesele dünýä derejesinde häzirki zamanyň wajyp wezipeleriniň hatarynda durýar. Tebigatyň abadançylygynda, sagdynlygynda suw üpjünçiligi aýratyn ähmiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, suw ýeriň bol gorlarynyň biri bolup, ol Ýer ýüzüniň tas 70 göterimini örtýär. Ýöne şol gorlaryň diňe 2,5 göterimi süýji suw bolup, onuň aglaba bölegi barmasy kyn daglarda we polýar buzluklarda ýerleşýär. Ilatyň süýji suwy köp ulanmagy, işiň dürli ugurlarynda peýdalanylmagy netijesinde onuň çeşmeleriniň ähmiýeti has-da ýokarlanýar.

Gök önümler — sagdynlygyň girewi

Saglyk — baş baýlyk Adam bedeni ýylyň islendik paslynda-da ýaşaýyş üçin derwaýys maddalara mätäç bolýar. Gyşda bedeniň witaminlere, mikroelementlere bolan talabyny şugundyr, käşir, sarymsak we beýleki sitrus miweler arkaly kanagatlandyrmak maslahat berilýär.

Juwanlygyň hemrasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen raýatlarymyzyň saglygyny goramaga, ýaşlaryň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, ruhubelent bolup ýetişmeklerine gönükdirilen ençeme netijeli işler alnyp barylýar. Döredilýän giň gerimli mümkinçilikleriň netijesinde sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, sporty özleriniň hemişelik hemrasyna öwürýän türkmen ýaşlarynyň halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýandygy hem buýsandyryjy ýagdaýdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketleri barha giň gerime eýe bolýar. Netijede, Watanymyzda ýaşlaryň sagdyn jemgyýeti kemala gelýär. Şeýle köpçülikleýin çäreler ýaşlarymyzyň sagdyn we bagtyýar geljegi bilen bir hatarda, ähli ýaşdaky raýatlarymyzyň işjeň hereketini üpjün etmäge-de hemmetaraplaýyn mümkinçilik berýär. Ähli welaýatlarymyzda bolşy ýaly, paýtagtymyz Aşgabatda hem döwrebap sport we sagaldyş toplumlary, sportuň dürli ugurlaryna degişli merkezler, ýaşaýyş toplumlarynyň, jemgyýetçilik binalarynyň töwereklerinde sport bilen meşgullanmaga niýetlenen meýdançalar halkymyzyň hyzmatynda. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň aýdyň dabaralanmasy bolup, ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar, guwandyrýar.

Erik kişdesiniň peýdasy

Erik kişdesi we ondan taýýarlanylan içgiler ynsan saglygyna hem-de köp keselleri bejermekde haýyrly hasaplanylýar. Esasan-da onuň kişdesi ýürek-gan damar kesellerinden ejir çekýänler üçin has peýdalydyr. Alymlar erigiň 100 gramynyň adam saglygyna täzeje tutulan balygyň 200 gramyndan peýdalydygyny subut edipdirler. Erigiň yzygiderli iýilmegi ýüzüň derisini tämizleýär, garramagynyň öňüni alýar, gözüň görüşini gowulandyrýar. Saçlaryň, dyrnaklaryň berkemegine hem erigiň haýry köpdür. Ol düwnük keseliniň öňüni almaga-da kömek edýär. Erigiň düzümindäki kaliý, fosfor we magniý ýaly elementler beýniniň damarlarynyň işini sazlaýar. Onuň maňzynda 30-50 göterime çenli ýag bardyr. Mundan başga-da, bu önümiň düzüminde P, B1, PP, С ýokumlary, karotin köpdür. Kakadylan erikde kaliý duzlary terligindäkiden 5-6 esse artykdyr.

Çagalaryň möjek daýysy

Türkmengala etrabynyň Täze dünýä obasynda doglan Möjek Myradow orta mekdebi tamamlap, 1977-nji ýylda Aşgabatdaky häzirki M. Garryýew adyndaky lukmançylyk uniwersitetiniň çagalar bölümine okuwa girýär. Zehinli talyp ýigidi 1980-nji ýylda Moskwanyň Pirogow adyndaky ikinji medisina institutynyň çagalar bölüminiň 4-nji kursuna okuwa geçirýärler. Bu institutda okan döwründe görnükli çaga lukmanlary Ý. Isakow, S. Dolewskiý, Ý. Stepanow, A. Razumowskiý ýaly belli halypalardan tälim almagy Möjek Myradowyň saglygy saklaýyş ulgamyndaky geljekki üstünliklerine gönezlik bolupdy. M. Myradowyň lukman hökmündäki bütin ömri çaga hirurgiýasy bilen bagly. Mary şäher çagalar hassahanasynda hirurg lukman bolup işlän gysga döwrüni hasaba almasaň, onuň lukmanlyk terjimehaly häzirki iş ýeri — welaýat köpugurly hassahanasynyň çagalar hirurgiýasy bölümi bilen bagly. Ol şu ýerde nobatçy hirurg, hirurg lukman bolup işledi, indi tas 30 ýyl bäri bolsa şu bölümiň müdiri.

Toplumlaýyn işler geçirilýär

“Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymatdan ugur alynýan ýörelge ilatyň saglygyny goramakda we berkitmekde has-da giň gerime eýe bolýar. Muňa ýurdumyzyň çar künjeginde gurlup, ulanylmaga berilýän döwrebap hassahanalardyr saglyk öýleri aýdyň subutnamadyr. Garaşsyz döwletimizde halkyň saglygyny goramakda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işler bu möhüm meselede ýokary netijeleriň gazanylmagyna getirýär. Aýratynam, ýokanç kesellere garşy göreşe iňňän uly ähmiýet berlip, degerli çäreler geçirilýär. Gürrüňi edilýän meselede saglygy goraýyş edaralarynyň lukmanlarydyr şepagat uýalarynyň ýadawsyz aladalarynyň üsti düşündiriş-öňüni alyş işleri bilen ýetirilende netije ýokary bolýar. Şonuň üçinem biz bu möhüm wezipä hemişe ýeterlik üns berýäris. Ilatyň arasynda wagyz-nesihat çärelerini ýola goýup, arassaçylyk kadalarynyň, şahsy gigiýenanyň düzgünleriniň dogry berjaý etmelidigini, sagdyn durmuşa eýerilip, iýmitlenmelidigini, zerur bolanda haýal etmän maşgala lukmanyna ýüz tutmalydygyny wagyz-nesihat edýäris.

Hoz maňyzlary

Hozlaryň ähli görnüşleri mikroelementlere we witaminlere, beloklara we aminoturşulyklara örän baýdyr. Gündelik hoz iýýän adamyň bedeninde zyýanly galyndylar bolmaýar, ýüreginiň we beýnisiniň işjeňligi artýar. Grek hozy — iň peýdaly iýmitleriň biri bolup, onuň düzüminde gan damarlaryny berkidýän E witamininiň we immun ulgamyny berkidýän C witamininiň köp mukdary saklanýar. Ol ýatkeşligi berkidýär, ganyň düzümindäki holesteriniň derejesini peseldýär, ýüregi we bagry goraýar. Aterosklerozyň we ýokary gan basyşynyň öňüni almakda örän peýdalydyr. Ol immun ulgamyna oňaýly täsir edýär, nerw bozulmalarynda we ukusuzlykda kömek edýär.

Gyş: kadalary berk berjaý edeliň!

Gyş paslynda howanyň sowamagy bilen döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin, lukmanlar her kimiň özüne bagly bolan, ýönekeýje we hökmany kadalary berk berjaý etmegi maslahat berýärler.

Ýokançlardan ägä boluň!

Güýz paslynyň tamamlanyp, gyşyň gelmegi bilen sepgitde käbir ýokanç kesellerden goranmak zerurlygy ýüze çykýar. Ýokanç keselleri näsag adam bilen elleşmek, oňa ýakyn durmak ýaly göni aragatnaşyk we öý enjamlaryň üsti bilen gytaklaýyn aragatnaşyk arkaly ýokuşyp bilýär. Ýokanç ýokuşan pursatyndan başlap, kesel başlanýança 7-den 50 güne çenli, köplenç 1,5-2 hepde dowam edýär (adatça 35 gün). Ýokanç kesellerden goranmak bellibir öňüni alyş çäreleri öz içine alýar. Olara wagtynda degişli sanjymlaryň edilmegi, bedeni taplamak, sport bilen meşgullanmak, dogry iýmitlenmek, zyýanly endiklerden gaça durmak, dogry dynç almagy gurnamak we şahsy arassaçylyk düzgünleriniň berk berjaý edilmegi degişlidir.

Sagat ýaşaň!

Gyş paslynyň gelmegi bilen howa sowap, bulutly günler köpelýär. Bu bolsa Gün şöhlesiniň ýetmezçiligine getirip, bedeniň immun ulgamyny gowşadýar. Netijede, bedeniň goranyş işi peselip, ýiti respirator wirus keselleriniň we dem alyş ýollarynyň sowuklamasynyň, dem alyş ýollarynyň wirus ýokanç keselleriniň ýüze çykmak mümkinçiligi artýar. Ýiti respirator kesellerinden goranmak üçin, şu aşakdaky düzgünler berk berjaý edilmelidir: — Zerur ýagdaý ýüze çykmasa, köpçülik ýerlerine barmakdan saklanmaly. Esasan, çagalary adamlaryň köp üýşýän ýerinden daşda saklamaly.

Ýo­kanç däl ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak

Ýü­rek-da­mar ke­sel­le­ri, dia­bet ke­se­li, ar­tyk­maç se­miz­lik we çiş ke­se­li ýa­ly ýo­kanç däl ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­da we ola­ra gar­şy gö­reş­mek­de her bir ada­myň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne eýer­me­gi (sag­dyn we re­je­li iý­mit­len­mek, fi­zi­ki iş­jeň he­re­ket­de bol­mak we zy­ýan­ly en­dik­ler­den daş­da dur­mak) örän uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Sag­dyn we dog­ry iý­mit­len­mek. Iý­mit­len­me­giň dür­li gör­nüş­ler­de bo­zul­ma­gy, ýag­ny iý­mi­tiň aşa köp ýa-da az iýil­me­gi, dü­zü­min­de na­har du­zy, şe­ker we doý­gun ýag köp bo­lan ta­gam­la­ryň ar­tyk­maç iýil­me­gi, wi­ta­min­le­riň we beý­le­ki ýo­kum­ly mad­da­la­ryň (ýod, de­mir, kal­siý, mag­niý, sink, se­len, mis, ko­balt, fos­for, mar­ga­nes we beý­le­ki­ler) ýet­mez­çi­li­gi, şeý­le-de iý­mit­len­me re­je­si­niň ber­jaý edil­mez­li­gi adam­da bir­nä­çe ýo­kanç däl ke­sel­le­riň dö­re­me­gi­ne ge­tir­ýär. Mu­nuň öňü­ni al­mak üçin sag­dyn we dog­ry iý­mit­len­mek ze­rur­dyr.

Saglyk burçy

Diş we agyz boşlugynyň keselleri Diş bilen çeýnelip iýilýän iýmit aşgazanda kada laýyk özleşip, soňra beýleki iýmit siňdiriş ulgamlaryna geçýär. Dişleriň akja bolup durmagy üçin agyz boşlugynyň arassalygyny kadaly ýagdaýda saklamaly. Dişleri günde iki gezek — irden we agşam ýuwmaly. Her bir çaga ýaşlygyndan dişlerini yzygiderli we dogry arassalamagy öwretmeli. Dişleriň sowuklamagyna we agyrmagyna, etiniň sowuklamagyna ýol bermeli däl. Munuň üçin diş lukmanynyň gözegçiliginde bolmaly. Her bir adam dişini ýaramly diş pastasy bilen ýuwsa, dişleriniň zaýalanmagynyň öňüni alyp biler.

Gyş paslynda howanyň üýtgemegi bilen döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça maslahatlar:

Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygy babatdaky tertip-düzgünleri berjaý ediň! Elleriňizi arassa saklaň! Gartaşan adamlar we çagalar daşaryk çykmazdan, jemgyýetçilik ýerlerine barmazdan öň, hökman burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaly.

Dünýä ähmiýetli gymmatlyk

«7/24. tm», № 50 (133)ö Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ki­tap­la­ry bag­ty­ýar il­deş­le­ri­mi­zi ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň gül­läp ös­me­gi ug­run­da be­ýik iş­le­re ruh­lan­dyr­mak­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da äh­li ul­gam­lar bi­len bir­lik­de, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da hem ta­ry­hy öz­ge­riş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

Ilatyň saglyk babatda sowatlylygynyň lukmançylyk-durmuş jähtleri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we halkymyza elýeter bolmagyny gazanmak, ilata berilýän saglygy goraýyş hyzmatlaryny halkara ölçeglerine laýyklykda has-da ösdürmek, raýatlara, şol sanda enelere we çagalara berilýän saglygy goraýyş hyzmatlaryny has-da kämilleşdirmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna, tejribesine esaslanyp, kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek ugrunda ýurdumyzda bimöçber tagallar edilýär. Ilatyň arasynda sagdyn durmuş endikleriniň esasyny düzýän, köpsanly keselleriň öňüni almaga ýardam edýän dogry iýmitlenmegiň, zähmet bilen dynç alşy kadaly utgaşdyrmagyň, hereketli bolmagyň, bedenterbiýe-sport bilen meşgullanmagyň saglyga peýdasy barada lukmanlar tarapyndan elmydama wagyz-nesihat işleriniň geçirilmegi ilatyň saglyk babatda sowatlylygynyň derejesiniň ýokarlanmagyna alyp barýar. Ilatyň saglyk babatda sowatlylygynyň (SBS) derejesi adamlaryň durmuş endiklerine we saglygyna, ýaşaýşynyň hiline, adamlaryň saglygy goraýyş hyzmatlaryndan rejeli peýdalanmagyna, saglyk ýagdaýynyň görkezijilerine we hassahana düşmek derejesine kesgitli derejede täsir edýär [1].

Irki döwürde ýokanç däl keselleriň öňüni almakda çagalarda sagdyn durmuş endikleriniň ähmiýeti

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) kesgitlemesi boýunça saglyk – diňe bir keselleriň we fiziki kemçilikleriň bolmazlygy däl-de, eýsem, bu doly fiziki, ruhy we durmuş abadançylygynyň bolmagydyr. Şonuň bilen baglylykda, ýokanç däl keseller (ÝDK) – ýürek-damar keselleri, onkologiýa, dem alyş ulgamynyň dowamly (ötüşen) keselleri we diabet (süýji keseli) diňe bir lukmançylyk däl, eýsem, hakyky durmuş meselesi bolup, dünýädäki ölümçiligiň esasy sebäpleri bolup durýar.

Çagalaryň daş taraplaýyn göz çaşylygynda gözüň yzky bölüminiň patologiýasynyň ýüze çykarylmagynyň netijeli usullary

Göz çaşylygy bolan näsaglaryň arasynda daş taraplaýyn göz çaşylygy bilen ejir çekýänleriň umumy sany E.S. Awetisowyň maglumatlaryna görä 10,1% tutýar, R.P. Pozdnýakowyň maglumatlaryna görä 22%, P.Molnaryň maglumatlary boýunça 25%-e barabardyr [1, 3, 4]. Oftalmologlaryň köpüsi daş taraplaýyn göz çaşylygynyň ilkinji alamatlarynyň çaga 6 ýaşyna ýetmänkä döreýändigini belleýärler [8, 10]. Miopiki refraksiýasy bilen utgaşýan daş taraplaýyn göz çaşylygynda çaşarýan gözüň görüş ýitiligi peselýär, ambliopiýa döreýär we binokulýar görüşiň bozulmalary ýüze çykýar [3, 4, 6]. Optiki kogerent tomografiýanyň (OKT) lukmançylyk tejribesine ornaşdyrylmagy bilen gözüň düýbüniň gurluş agzalarynyň kliniki taýdan seljerilmegi üçin täze ýollar açyldy. OKT usuly refraksion ambliopiýa degişli torly perdäniň funksional bozulmalaryny gözüň yzky böleginiň ultrastruktur organiki üýtgeşmelerinden aýdyň tapawutlandyrmaga mümkinçilik döretdi [2, 5, 7].

Ýumşak dokumanyň sarkomasyny anyklamakda goýberilýän taktiki ýalňyşlyklar

Ýumşak dokumanyň sarkomasy (ÝuDS) howply çişleriň içinde seýrek duş gelýän görnüşi bolmak bilen, mezenhimial howply çişleriň birnäçe morfologiki görnüslerini öz içine alýar. BSGG-niň klassifikasiýasy boýunça ÝuDS-nyň 50-den gowrak morfologiki görnüşleri kesgitlendi we şoňa görä olaryň bejeriliş taktikasy üýtgeýär [2-4]. Bu kesel erkek adamlarda we zenanlarda deň derejede ýüze çykyp, 20-40 ýaş aralygynda ýygy duş gelýär. Näsaglaryň 50%-de kesel ahyrlarynda, 40%-de göwresiniň başga bölümleriniň ýumşak dokumalarynda ýüze çykýar [1, 2, 6, 7]. ÝuDS kliniki akymy ýokary geterogenligi, oňaýsyz netijesi we bejerginiň aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Alymlaryň pikirine görä, ÝuDS-nyň 42% mezenhimial, 32% ektodermal, 22% mezodermal, 4% endodermal dokumalardan durýar, galanlary näbelli gistogenezli bolýandygyny belleýärler [6, 7]. ÝuDS häzirki zaman onkologiýanyň az öwrenilen howply täze döremeler (HTD) topary hasaplanýar. Obýektiw barlagda bu çişler ele bildirýän hem bolsa, keseli anyklamakda we bejermekde köp ýalňyşlyklar goýberilýär [3, 6, 7]. ÝuDS-nyň irki anyklanylyşy şu günki gün amaly onkologiýada çylşyrymly meseleleriň biri bolup durýar. Çiş ilkibada ýumşak dokumalarda hiç hili alamatsyz ösýär, şonuň üçin näsaglar çişe üns bermän, soňra özbaşdak berjergi alýarlar. Näsaglaryň lukmana ýüz tutmaga mejbur edýän zatlaryň biri çişiň ulalyp, dokumalaryň deformasiýasyna getirmegi, gola