Saglygymyz öz elimizde
Täze ýyl baýramçylygynda adatça, gije sagat 22:00 —00:00 bolýança garaşman, agşamara ýuwaş-ýuwaşdan naharlanyp durmalydyr. Agyrrak naharlary irräk iýip, gijara ýeňil tagamlary iýmek maksadalaýykdyr. Täze ýyl saçagyna, esasan, hamyrly, ýagly, süýji önümler däl-de, belokly önümlerden (ýagsyz göle, sygyr eti, balyk, ýumurtga) bişirilen naharlary goýmak saglyk üçin peýdalydyr. Nohutdan, noýbadan, mekgejöwenden, käşirden, şugundyrdan, kelemden, ýumurtga, şöhlat we maýonez goşulyp taýýarlanan işdäaçarlaryň terligine ünsli bolmaly. Olara derek pomidory, hyýary, bolgar burçuny, sogany, sarymsagy, ter gök otlary köpräk ulanmak has peýdalydyr. Elbetde, islendik baýramçylykda süýji nygmatlar bilen çaý içmek endige öwrülendir. Olary saglyga oňyn täsir edýän ýagdaýda taýýarlamak mümkindir. Hoşboýluklar atylyp demlenen çaý sowuk gyş gijesinde endamyňy gyzdyrýar, keýpiňi göterýär, ýadawlygyňy aýyrýar. 100 gram çaýa 1 apelsiniň gabygyny, külkelenen myhagyň (gwozdika) 1 çaý çemçesini, biraz dalçyn (korisa) we zenjebil (imbir) goşmaly. Çaýyň gapdaly bilen kädi mürepbesini ýa-da injir şirinligini iýmek has peýdalydyr.