Sagdynlygyň hem ruhubelentligiň sakasy
Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan hem-de hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän durmuş ugurly syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ilaty bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek boýunça alnyp barylýan işler üstünliklere beslenýär. Şonuň netijesinde dürli ýaşdaky ildeşlerimiziň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ömür hemrasy edinip, sportdyr bedenterbiýe bilen meşgullanýanlary has-da artýar. Ýurdumyzda sportuň täze dörän görnüşleri hem uly meşhurlyga eýe bolýar. Bizem Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň okuw işleri boýunça prorektory Gurbanmyrat Sähedow bilen duşuşyp, bütin dünýäde meşhurlygy ýylsaýyn artýan sport görnüşleriniň biri bolan skandinaw ýörişi bilen meşgullanmagyň aýratynlyklary hem-de ynsan saglygyna peýdasy barada söhbet etdik. — Söhbetimize ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň rowaçlanmagy ugrunda edilýän tagallalar baradaky gürrüňden başlaýalyň!