Saglygy goraýşyň üstünlikleri
Ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz taryhyň uzak dowamynda tebigaty, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek arkaly halk lukmançylygynda köp tejribe toplapdyr we keselleriň öňüni almak, anyklamak, bejermek ugrundaky bilimlerini bize miras galdyrypdyr. Halkymyz edebi, medeni, taryhy, tebigy mirasa baý halk. Gadymy halkymyzyň düýe malynyň önümleri, dermanlyk ösümlikleri adamyň saglygyna peýdaly, bejeriji häsiýeti bilen meşhurdyr. Tebigat türkmen halkyna daglary, düzleri, deňzi, derýalary, çeşmeleri, dermanlyk häsiýetli ösümlik dünýäsini we täsin jandarlary peşgeş berdi. Günüň şöhlesi, suw, howa, türkmen topragynyň özboluşly florasy we faunasy diňe gözellik bolmak bilen çäklenmän, eýsem, adamyň saglygyna hem uly peýdasyny ýetirýär. Olary gorap saklamak we rejeli peýdalanmak biziň borjumyzdyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy uly ösüşlere beslenýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde uzak geljegi nazarlaýan giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Ilatyň saglygyny goramak, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, ýaramaz endikleriň adamyň saglygyna ýetirýän zyýanly täsirlerinden goramak maksady bilen BSGG-niň ülňülerine laýyk gelýän strategiýalar we maksatnamalar işlenip düzülýär we üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar.