Kadaly iýmitlenmegiň peýdasy
Çagalara zerur bolan witaminli sagdyn iýmitleri, ter gök önümleri, miweleri bermeli. Et önümleriniň düzümindäki demir bedende aňsat özleşýär. Et (bagyr, malyň dili, böwrek), ýumurtganyň sarysy, kösükliler, künji, deňiz kelemi, greçka ýarmasy, pisse, şetdaly, süle ýarmasy, ysmanak ýaly önümleriň öz düzüminde köp mukdarda demri saklaýandygyny göz öňünde tutmalydyr. Çagalarda ganazlygyň özi, köplenç, aýratyn kesel bolup duş gelmeýär. Oňa witaminleriň ýetmezçiligi hem goşulýar. (C, B12, B6, PP, A, E we beýlekiler). Şonuň üçin lukman tarapyndan goşmaça witamin toplumyny saklaýan derman serişdeleri hem bellenilýär. Sagdyn iýmitiň saglyga oňyn täsir edýändigi alymlar tarapyndan subut edilendir. Şonuň üçin hem ertirlik, günortanlyk, agşamlyk naharlaryny iýmitlenmegiň kadasyna laýyklykda iýmeli. Çagalara esasy naharlaryň arasynda miwe, ir-iýmiş iýmek maslahat berilýär.