Halkyň saglygy — ýurduň baýlygy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň iň gymmatly baýlygy bolan saglygyny goramak döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Ynsan saglygy baradaky giň möçberli aladalar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça badalga berlen ägirt uly özgertmeler, maksat-tutumlar bilen berk baglanyşyklydyr. Ata Watanymyzda halkymyzyň saglygyny goramakda, jemgyýetimiziň sagdynlygyny pugtalandyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň ähmiýeti uludyr. Ol bu ugurdaky özgertmeleriň berk binýady bolup hyzmat edýär. Bilşimiz ýaly, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda saglygy goraýyş ulgamyny, saglygyň sakasy bolan sporty we bedenterbiýäni ýokary depginde ösdürmek hem-de jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak babatda amala aşyrylýan işler dünýä nusgalykdyr. Şeýle işleriň netijesinde agzybir halkymyz hil taýdan dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap saglygy goraýyş hyzmatlaryndan peýdalanýar.