"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Gözellik we sagdynlyk

Sowuk howada deriniň aşa guramaklygy, gyzarmaklygy ýüze çykýar, solgun bolýar. Beden sowuk howa uýgunlaşmak we mümkin boldugyça, özüni goramak isleýär. Şeýlelikde, deriniň ýokarky gatlagy galyňlanýar we gan damarlar giňelip başlaýar. Şol sebäpli aşa sowuk we aýazly howada deri guraýar. Şeýle howa şertlerinde ýüzümize adaty idegi ýygy-ýygydan ýerine ýetirip durmaly. Onuň üçin şu aşakdaky ýapgylardan peýdalanmagy maslahat berýäris. * * *

Çaý — jana şypa

Çaý — gymmatly içgi. Ol bedene — kuwwat, seriňe tämizlik eçilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Çaý — melhem hem ylham» atly kitabynda çaýyň düzümi, onuň ynsan bedeni üçin gymmatly ýokumlara baýlygy hakynda giňişleýin gürrüň berilýär. Mundan başga-da, kitapda çaýy nähili dogry içmelidigi, onuň gadaganlyklary hakynda şeýle maglumatlar getirilýär: 1. Çaý ajöze içilende, ol aşgazana we öthalta zelel ýetirip bilýär.

Ýylyň ähli pasyllarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar:

1.Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. Ýöne derlenilen ýagdaýynda, öl saçly daşary çykmaly däl. 2.Özüňiziň hem-de perzentleriňiziň burnunyň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaga endik etmeli.

Hem azyk, hem melhem

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda belleýşi ýaly, saglyk jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşiniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýär. Ýurt Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltden ybarat ylmy-ensiklopedik işi dünýä derejesinde ykrar edilen gymmatly ylmy gollanma boldy. Halk lukmançylygynda giňden ulanylýan ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlerini ylmy esasda görkezýän bu ylmy iş alym Arkadagymyzyň öz halkyna eden uly peşgeşidir. Diňe bir dermanlyk ösümliklerimiz däl, eýsem, keremli topragymyzda zähmetkeş babadaýhanlarymyzyň, ussat bagbanlarymyzyň ýetişdiren gök-bakja önümleri we miweleri hem tagamynyň datlylygy, ynsan bedenine ýokumly maddalara baýlygy bilen dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýedir. Ynsan saglygyna peýdalydygy bilen uly isleg bildirilýän, irki döwürlerden bäri türkmen topragynda ýetişdirilýän datly miweleriň biri hem erikdir. Erigiň peýdasy barada Görogly etrabynyň Magtymguly adyndaky geňeşliginiň ýaşaýjysy, kärendesine bir gektar ýer alyp, miweli baglaryň köp görnüşlerini ýetişdirip gelýän yhlasly bagban Mähri Ataýewanyň beren gyzykly gürrüňlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik: — Her daban ýeri gyzyla barabar bolan topragymyzda däneli we kösükli, gök-bakja ekinleri bilen bir hatarda dürli görnüşli miweleri ösdürip ýetişdirmäge hem uly üns berilýär. Türkmen topragynda bi

Üzärlik – müň bir derdiň dermany

Halkymyz üzärligi örän mukaddes saýyp, onuň oty ýaman gözlerden goraýar diýip düşünipdirler. Şeýle hem üzärligiň otundan dürli mör-möjekleriň, hatda ýylanyň hem gaçýandygy subut edilendir. Üzärlik tütedilende bolsa, mikroblaryň gyrylýandygy anyklanyldy. Ata-babalarymyz ony çogdamlap öýlerinde wagtal-wagtal tütedip, tüssesini töwerege ýaýradypdyrlar. Şeýdip birnäçe ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň öňüni alypdyrlar. Üzärligi iki maksat bilen, ýagny dermanlyk häsiýeti üçin we boýag hökmünde hem ulanypdyrlar. Üzärligiň köküni gaýnadyp, onuň suwuny içmek bilen, gyzzyrma keselinden saplanypdyrlar. Lukmanlaryň aýtmaklaryna görä, guradylmadyk üzärlik bilen aýagyň guragyrysyndan ýa-da bogun agyrylardan saplanyp bolýar. Guradylan üzärlikden çaý demläp, sowuklamany, garaguş, böwrek kesellerini, agzy çaýkap, diş agyryny bejeripdirler. Ol suwsuzlyga örän çydamly ösümlikdir. Şonuň üçin ol diňe gurak ýerlerde bitýär. Türkmenistanda onuň diňe bir görnüşine gabat gelinýär.

Ýokanç kesellere garşy göreşmekde nobatdaky ädim

Türkmenistan «Sputnik V» sanjymyny bellige aldy 18-nji ýanwarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Russiýanyň göni maýa goýumlary gaznasynyň goldaw bermeginde Gamalei adyndaky ylmy-barlag merkeziniň alymlary tarapyndan döredilen «Sputnik V» sanjymyny bellige aldy hem-de degişli şahadatnamany berdi. Şeýlelikde, Türkmenistan Merkezi Aziýada bu sanjymy öz çäginde ulanmagy resmi taýdan makullan ilkinji döwlet boldy hem-de ony hasaba alan döwletleriň birinji onlugyna girdi.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda, agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Saglyk — bagtyýarlyk

Golaýda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Russiýanyň göni maýa goýumlary gaznasynyň goldaw bermeginde Gamalei adyndaky ylmy-barlag merkeziniň alymlary tarapyndan döredilen “Sputnik V” sanjymyny bellige aldy hem-de degişli şahadatnamany berdi. Şeýlelikde, Türkmenistan Merkezi Aziýada bu sanjymy öz çäginde ulanmagy resmi taýdan makullan ilkinji döwlet boldy hem-de ony hasaba alan döwletleriň birinji onlugyna girdi.

Hyzmatdaşlygyň gerimi giňeýär

Ýurdumyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ilatyň saglygyny goramak, ýokanç keselleriň öňüni almak hem-de olary aradan aýyrmak, arassaçylyk-epidemiologiýa abadançylygyny pugtalandyrmak, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Russiýanyň göni maýa goýumlary gaznasynyň goldaw bermeginde Gamalei adyndaky ylmy-barlag merkeziniň alymlary tarapyndan döredilen «Sputnik V» sanjymyny Merkezi Aziýada bellige alan ilkinji döwlet boldy. Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi degişli şahadatnamany gowşurdy.

Buýan köki derde derman

Türkmenistanyň tebigaty senagatda, saglygy goraýyşda, oba hojalygynda ulanylýan dürli görnüşli ösümlik dünýäsine baýdyr. Olaryň biri hem kösükliler maşgalasyna degişli bolan, derýalaryň arasyndaky ýerlerde jeňňellikleri emele getirýän, Amyderýanyň we Syrderýanyň boýlarynda ösýän buýandyr. Bu ösümligiň gymmatlygy dermanlyk häsiýetine eýe bolan kökündedir. Buýan lukmançylygyň taryhynda iň gadymy dermanlyk ösümlikleriň biridir. Häzirki zaman lukmançylygynda buýan köki dem alyş ýollarynyň kataral kesellerinde gakylyk goparyjy serişde hökmünde ulanylýar. Buýan köküniň serişdeleriniň ähmiýeti ýara garşy işjeňligi kesgitlenenden soňra, immunitet dörediji häsiýeti ýüze çykarylanda, şeýle hem wirusa we allergiýa garşy häsiýetleri anyklamakda onuň ähmiýeti has-da artdy.

Keselleriň öňüni almagyň ýollary

Lukmanyň maslahaty Ak gara beslenen gyş pasly dowam edýär. Bu pasylda howanyň häli-şindi üýtgäp durmagy, ertir-agşam birneme sowap, gündizlerine sowuk howanyň gowşamagy, aram-aram ýagyş, gar ýagmagy, bulutly howa birneme gartaşan adamlarda dürli näsazlyklardan, ýagny ýokary dem alyş ýollarynyň dowamly sowuklamasyndan, ýürek-damar ulgamynyň sökelliklerinden, bogunagyrysynyň dürli görnüşlerinden ejir çekýän adamlarda oňaýsyz ýagdaýlary döretmegi, şol agzalan näsazlyklaryň beterleşmesiniň, gozgamasynyň ýüze çykmagy mümkin. Şu ýagdaýlaryň öňüni almak üçin bolsa, öz saglygyň hakynda wagtynda alada edip, maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşmaly. Şol maksat bilen, maşgala lukmanlary we şepagat uýalary ilatyň arasynda wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli alyp barýarlar. Olar halk köpçüligine sagdyn iýmitlenmek, möwsümde ýüze çykýan ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek, pasla görä geýinmek, ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek, Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümlikleri we buýan köküniň saglyga peýdasy, sagdyn durmuş ýörelgeleri barada yzygiderli düşündiriş işlerini geçirýärler.

Türkmenistan «Sputnik V» sanjymyny bellige aldy

18-nji ýanwarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Russiýanyň göni maýa goýumlary gaznasynyň goldaw bermeginde Gamalei adyndaky ylmy-barlag merkeziniň alymlary tarapyndan döredilen «Sputnik V» sanjymyny bellige aldy hem-de degişli şahadatnamany berdi. Saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşiniň derejesi — islendik ýurtda ilatyň durmuş derejesiniň, onuň döwlet nusgasynyň we durmuş syýasatynyň netijeliliginiň esasy görkezijileriniň biridir. Bu ulgamda esasy kadalar döwletiň işini ynsan ölçegi, «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen düşünje bilen kesgitlenýän baý mazmuna eýe edýär diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär. Şeýlelikde, Türkmenistan Merkezi Aziýada bu sanjymy öz çäginde ulanmagy resmi taýdan makullan ilkinji döwlet boldy hem-de ony hasaba alan döwletleriň birinji onlugyna girdi.

Türkmenistan «Sputnik V» sanjymyny bellige aldy

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň şatlykly wakalar, hoş habarlar bilen utgaşmagy dowam edýär. Ynha, hepdäniň duşenbe güni gelen hoş habar hem bulara aňryýany bilen şaýatlyk edýär. Şol gün Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Russiýa Federasiýasynyň göni maýa goýumlary gaznasynyň goldaw bermeginde Gamalei adyndaky ylmy-barlag merkeziniň alymlary tarapyndan döredilen «Sputnik V» sanjymyny bellige aldy hem-de degişli şahadatnamany berdi. Türkmenistan tutuş Merkezi Aziýada bu sanjymy öz çäginde ulanmagy resmi taýdan makullan ilkinji döwletdir. Şeýlelikde, ýurdumyz bu sanjymy hasaba alan döwletleriň birinji onlugyna girdi. Mahlasy, bu ýagdaý ýokanç kesellere garşy göreşmeklige hem-de köptaraplaýyn lukmançylyk gatnaşyklaryny berkitmeklige gönükdirilen nobatdaky ädimdir. Gahryman Arkadagymyz halkyň saglygyny birjik-de ünsden düşürmän, bu ugurda halkara başlangyçlary öňe sürüp, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri hem-de Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen hemişe işjeň hyzmatdaşlygy saklaýar.

Lukman maslahat berýär

Her bir maşgalada nahar taýýarlamak işi azyklyk çig maly satyn almakdan başlanýar. Şonuň üçin hem bu önümleri diňe azyk söwdasynyň satuwy rugsat berlen söwda nokatlaryndan — bazarlardan we azyk harytlarynyň söwdasyny amala aşyrýan dükanlardan almaly. Azyk önümleriniň söwdasy edilende, onuň belgileniş nyşanynda görkezilýän maglumatlara, ýagny, hökmany suratda ýaramlylyk möhletine, saklanyş şertlerine, düzümine, daşky görnüşine, önümiň ysyna, reňkine we beýleki ýagdaýlaryna üns bermeli. Azyk önümleri satyn alnanda, çalt zaýalanýanlaryny, ýagny, süýt, et we şöhlat, konditer, balyk we deňiz önümlerini, ýumurtgany diňe zerur mukdarda almaga endik edinmeli, ylaýta-da, howanyň yssy wagtlary bu endigi berk berjaý etmek hökmandyr. Harytlaryň sowadyjyda saklanyş düzgünlerini, ýagny, biri-birine täsir edip, adaty düzümini üýtgedip biljek iýmit önümlerini çäklendirip saklamak zerur. Mysal üçin, balyk we süýt önümlerini bir ýerde üsti açyk ýagdaýda saklamaly däl. Satyn alnyp, öýe getirilenden soň, gök we bakja önümlerini, miweleri hökman arassa akar suwuň aşagynda mazaly ýuwmaly, soňra sowadylan gaýnag suw bilen durlamaly, arassa hasanyň üstünde guratmaly we gaba salyp, sowadyjynyň aşaky bölegine ýerleşdirmeli. Süýt we süýt önümleri sowadyjynyň ýokarky böleginde saklanmaly. Ýumurtgalary sowadyjy enjama ýerleşdirmezden öňürti çygly hasa bilen arassalamaly we ulanmazdan öň ýuwmaly. Sowadyjyda

Hurma

Gadym wagtlardan bäri subtropik miweli agaçlaryň biri hasaplanylýan hurma agajynyň miwesi käbir ýurtlarda iýmitlenişde-de uly ähmiýete eýedir. Hurma agajy tropiki, käbir görnüşleri bolsa subtropik sebitlerinde duş gelýär. Hurmalaryň iň gadymy we belli görnüşi Kawkaz hurmasydyr. Bu görnüşli hurma agajyny ýurdumyzda ösdürip ýetişdirmek has amatly. Häzirki döwürde ähli welaýatda ösdürilip ýetişdirilýän hurma agaçlarynyň miwesi giç bişip ýetişýändigine garamazdan, ir hasyla durýar we bol hasyl getirýär. Hurma maý aýynyň başynda gülleýär, güýzde-de hasyl berýär.

Saglyk — abatlyk

Soňky ýyllarda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport ildeşlerimiziň her biriniň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bu ýurtda sagdyn jemgyýetiň binýadyny berkitmekde, ynsan saglygyny goramakda we keselleriň öňüni almakda möhüm şertleriň biridir. Ýurdumyzda sport görnüşleriniň, sport desgalarynyň we toplumlarynyň sany bilen birlikde sporty söýüjileriň-de, ussat türgenleriň-de sany barha köpelýär. Bu bolsa sportuň uzak asyryň dowamynda adamzadyň döreden özboluşly güýmenjesi bolmagyndan, ynsan durmuşyna gözellik, rowaçlyk we bagtyýarlyk çaýýan gymmatlyk derejesine çenli özgerendigini görkezýär. Bu hakykata biz gündelik durmuşymyzda doly göz ýetirýäris. Ýurdumyzyň sport ulgamynda döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp, ýylyň-ýylyna öz kämillik derejelerini artdyrýan türkmen türgenleri dünýäniň sport arenasynda Watanymyzyň abraýyny has-da belende galdyrýarlar. Şeýle türgenleriň sanyny yzygiderli artdyrmak biziň esasy wezipämizdir. Biz sporta ählihalk derejesinde uly ähmiýet berýän milli Liderimiziň göreldesine eýermek bilen, türgenleriň diňe bir bedenini taplamak we olaryň ukyp-başarnyklaryny artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmekleri babatda hem alada edýäris. Bu bolsa jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmeklige, şol sanda ýaşlary bedenterbiýe we sport hereketine giňden çekmeklige, olaryň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýa

Sagdyn durmuş bagtly ýaşaýşyň gözbaşydyr

Halkymyz «Saglygym — baş baýlygym» diýýär. Saglygymyzy gorap saklamak üçin ýörite düzgünleri berjaý etsek, hem sagdyn, hem ruhubelent bolarys. Geliň, şonuň üçinem şu aşakdaky düzgünleri berk berjaý edeliň! Jemgyýetçilik ýerlerinde töweregiňizdäkiler bilen iki metrden az bolmadyk howpsuz araçägi saklaň.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Gawun-garpyzyň dermanlyk häsiýetleri Türkmen topragynda näçe diýseň rysgal-bereket, bolçulyk bar. Pederlerimiziň gadymy topragynda önýän gawun-garpyzdyr, erik, alma diýjekmi, ähli ir-iýmişler öz süýjüligi, tagamy bilen tapawutlanýar.

Milli saglygy goraýyş ulgamynyň kuwwatyny artdyrmagyň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy

AŞGABAT, 19-njy ýanwar (TDH). Ýurdumyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ilatyň saglygyny goramak, ýokanç keselleriň öňüni almak hem-de olary aradan aýyrmak, arassaçylyk-epidemiologiýa abadançylygyny pugtalandyrmak, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Russiýanyň göni maýa goýumlary gaznasynyň goldaw bermeginde Gamalei adyndaky ylmy-barlag merkeziniň alymlary tarapyndan döredilen “Sputnik V” sanjymyny Merkezi Aziýada bellige alan ilkinji döwlet boldy. Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi degişli şahadatnamany gowşurdy.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Gök önümleriň peýdasy Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde möwsümleýin kesellerden goranmak, bedeni gurplandyryp, onuň kesele garşy göreşijiligini ýokarlandyrmak zerurdyr. Munuň üçin gök önümleri we miweleri has köp iýmek maslahat berilýär.