Sagdynlykdyr ähli zadyň gözbaşy
«Saglyk — beglik» diýlişi ýaly, biziň durmuşda, zähmetde gazanýan ähli üstünliklerimiziň gözbaşy sagdynlykdadyr. Şonuň üçin haýsydyr bir derde uçramankak, öz saglygymyz barada içgin aladalanmalydyrys. Kadaly iýmitlenmek, sport, bedenterbiýe maşklary bilen meşgullanmak sagdynlygyň girewidir. Gynansak-da, käbir adamlar şu meselä ýüzleý çemeleşip, saglygyny ýitirýärler, derde uçraýarlar. Ynsan saglygyna zeper ýetirýän nogsanlyklaryň biri-de spirtli içgileri ulanmakdyr. Spirtli içgileri yzygiderli ulanmak aşgazan şiresini işläp çykarýan mäzleriň işleýşine ýaramaz täsir edýär. Netijede, olaryň şire işläp çykaryşy ýa-da şiresiniň turşulygy azalýar. Munuň özi iýmitiň haýal siňmegine getirýär. Şeýle ýagdaýlaryň yzygiderli gaýtalanmagy bilen adamda aşgazan ýarasy döreýär. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleriniň tassyklamaklaryna görä, çiş keselleriniň 2—5 göterimi hut aşgazan ýarasynyň netijesinde döreýär. Spirtli içgiler köp ulanylanda, adamda aşgazanyň, gyzylödegiň çiş keselleriniň köp ýüze çykmak töwekgelçiligi artýar.