"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Gadymy tapyndylar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda halkymyzyň bäş müň ýyllyk taryhynyň dowamynda döreden gymmatlyklaryny gorap saklamak, öwrenmek we wagyz etmek işleri mynasyp dowam etdirilýär. Bu asylly işe ýurdumyzyň welaýat merkezlerindäki muzeýler hem goşant goşýarlar. Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde taryhy-medeni goraghanalardan tapylan eksponatlary ylmy taýdan öwrenmek, rejelemek hem-de halkymyza ýetirmek üçin ähli şertler döredilendir. Häzirki wagtda Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde dürli döwürlere degişli bolan taryhy tapyndylaryň ençemesi saklanylýar. Olaryň biri-de gelin-gyzlarymyzyň has gadymky döwre degişli bolan pil süňkünden ýasalan şirmaýy daragydyr. Pil süňkünden ýasalan daraklar türkmen topragynyň üstünden geçen gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň halklaryň özara söwda, medeni we dostluk gatnaşyklaryna ýetiren täsirine şaýatlyk edýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly iki jiltli kitabynyň mazmunynda giňişleýin gürrüň berilýär.

ÝUNESKO-nyň täze kluby açyldy

5-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO-nyň kluby dabaraly ýagdaýda açyldy. Dabara ÝUNESKO-nyň  işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hereket edýän «Parahatçylygyň dilleri» atly  ÝUNESKO klubynyň  agzalary we institutyň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdy. Açylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, ÝUNESKO-nyň klubunyň döredilmegi ýaşlaryň arasynda döredijilik we gözleg işleriniň ösdürilmegine, ýurduň medeni gymmatlyklary, däp-dessurlary barada bilimleri çuňlaşdyrmaga ýardam eder. Dabara bilen utgaşdyrylyp geçirilen maslahatyň barşynda ÝUNESKO-nyň alyp barýan işleri bilen bagly resminamalardyr maglumatlar bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem täze açylan klubyň iş meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Orta asyr binagärliginde syrça bezegleri

Günorta Türkmenistanyň orta asyr binagärlik ýadygärlikleri Gündogar halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary görkezýän aýdyň subutnamadyr. Orta asyrlarda yslam binagärlik sungatynyň çeperçilik ýörelgesinde has kämil eserler döredilipdir. Ägirt uly desgalaryň gurluşygynda ussalar binalary kämil derejä ýetiripdirler. Bezeliş ýörelgesi näçe kaşaň, çeper bolsa-da, ol bezegler ymaratyň gurluşynyň ýönekeýligini we syrdamlygyny gazanmak üçin ulanylypdyr. Şol döwrüň binagärlik ýadygärliklerinde duş gelýän epigrafik, geometrik nagyşlar bilen sazlaşykda çigildem we beýleki gülleriň çeper nagyşlary sungatyň kämil derejä ýetendiginiň subutnamasydyr. Orta asyr arhitektura ýadygärliklerinde duş gelýän çigildem şekilleri döwrüň binagärlik sungatyndaky ösümlik nagyşlarynyň esasylarynyň biri bolup, asudalygyň, parahatçylygyň, durnuklylygyň nyşany hökmünde suratlandyrylypdyr.

Arheologiýa: döwlet maksatnamasy durmuşa geçirilýär

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň taryhynyň, arheologiýasynyň we etnologiýasynyň meselelerini täze esasda düýpli hem-de çuňňur öwrenmek maksady bilen wajyp guramaçylyk işleri amala aşyryldy. Bu babatda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň döredilmegi halkymyzyň köp müňýyllyk taryhyny arheologik nukdaýnazardan öwrenmek işiniň has-da ilerlemegine oňyn täsir etdi. Arheolog-alymlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredildi, ylmy-barlaglary geçirmäge ýöriteleşdirilen awtoulaglar, LEA-S500 köpugurly kiçi barlaghana, JPS we georadar enjamlar, meýdan şertlerinde işlenilende gerek bolýan gurallar bilen üpjün edildi. Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky giň gerimli başlangyçlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilip, halkymyzyň baý medeni mirasyny çuňňur öwrenmäge, gorap saklamaga we wagyz etmäge döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär. Gadymy ýadygärliklerimizde giňişleýin arheologik barlaglar geçirilip, taryhymyzyň heniz açylmadyk gatlaryny täze maglumatlar bilen doldurmak wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy»

Gowy adamlar ýatdan çykmaýarlar

Il-ýurduň abadançylygy we asudalygy ugrunda janlaryny aýaman göreşen ildeşlerimiziň, şeýle hem Aşgabat ýertitremesinde wepat bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamak milletimiziň kalbynyň arassalygyna, gowy adamlaryň bitiren ajaýyp işleriniň unudylmaýandygyna güwä geçýär. Hatyra güni mynasybetli mekdebimizde geçiren çärämizde hem 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda, Watan ugrundaky beýleki söweşlerde janlaryny gurban edenler, şeýle hem Aşgabat ýertitremesinde wepat bolanlar barada watançylyk söhbedi guraldy. Watany goramak ugrunda söweşlere gatnaşan ildeşlerimiziň edermenlikleri hakynda guralan söhbet ýaşlarda uly täsirleri galdyrdy. Watançylyk söhbedinde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň pederi Berdimuhamet Annaýewiň ömri we gahrymançylykly söweş ýoly hakynda hem gyzykly gürrüň edildi. Gahryman Arkadagymyzyň Berdimuhamet Annaýewiň ömür ýoly hakynda gürrüň berýän «Älem içre at gezer» atly kitabyndan parçalar okaldy. Şol parçalarda zähmetsöýer we işine jogapkärçilik bilen garaýan zehinli mugallymyň we gaýduwsyz esgeriň, halkyna gaýtalanmajak durmuş gözelligine aýawly çemeleşmegi ündeýän, Aşgabat ýertitremesinde wepat bolan Berdimuhamet Annaýewiň keşbi dikeldildi. Güýçli şahsyýet hökmünde onuň bilim we terbiýe bermegiň usullaryny kämilleşdirmek boýunça galdyran maslahatlarynyň häzirki wagtda Watana we il-gününe hyzmat etmekde bahasyna ýetip bolmajak g

Or­ta asyr­laryň küýze önümleri

Türk­men top­ra­gy­nyň ta­ry­hy ha­ky­da­sy en­çe­me müň­ýyl­lyk­la­ry içi­ne al­ýan ar­heo­lo­gik ýa­dy­gär­lik­le­ri öz goý­nun­da sak­la­ýar. Türk­me­nis­tan­ly we da­şa­ry ýurt­ly ta­ny­mal alym­lar, ar­heo­log­lar şol ta­ry­hy ha­ky­da­nyň syr­la­ry­ny aç­mak üçin ýur­du­my­zyň çä­gin­de ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­ni alyp bar­ýar­lar. Şeý­le ta­ry­hy tapyn­dy­la­ryň esas­y­la­ry­nyň bi­ri-de, köp san­ly ýa­dy­gär­lik­ler­den ýü­ze çy­ka­ryl­ýan küý­ze­gär­çi­lik önüm­le­ri­niň ga­lyn­dy­la­ry bo­lup dur­ýar. Şol önüm­le­riň ön­dü­ri­li­şi­niň iň naý­ba­şy döw­ri bol­sa or­ta asyr­la­ra ga­bat gel­ýär.

Üzüm — taryhy çeşmelerde

Türkmeniň sahawatly topragynda ösüp ýetişýän dürli ir-iýmişler pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda ykbalyny ene topraga baglap, dürli miweleri ýetişdirendigine şaýatlyk edýär. Geçen asyryň başlarynda, ýagny 1904-nji ýylda amerikan alymy R.Pampelliniň, 1926-njy ýylda dünýä medeni ösümlikleriniň gelip çykyşyny öwrenen akademik N.I.Wawilowyň, meşhur alymlar W.W.Bartoldyň, S.P.Tolstowyň, W.I.Sarianidiniň, M.Ý.Massonyň we beýlekileriň ylmy-barlag işlerinde, şeýle-de orta asyr grek, arap-pars, türk taryhçylarynyň ýazgylarynda türkmen topragynyň dünýä ekerançylygynyň iň gadymy ojaklarynyň biridigi nygtalýar. Taryhy maglumatlara görä, Türkmenistanyň 7-8 müňýyllyk ekerançylyk taryhyny özünde jemleýän Goňurdepe, Damdamçeşme, Jebel, Uzboý, Was, Pessejikdepe, Jeýtun, Göksüýri, Artyk, Altyndepe, Namazgadepe, Änew ýaly gadymy ýerlerinde dürli ekinler bilen bir hatarda datly üzümiň dürli görnüşleri hem ýetişdirilipdir. Şunuň bilen baglylykda, türkmeniň sahawatly topragynda ýetişýän üzümler hakynda taryhy ýazgylarda getirilýän maglumatlaryň käbirine garap geçeliň.

Mekdep lybasynyň taryhy

Eziz çagalar, ine-de, siziň arzyly ak mekdebe gatnamaly döwrüňiz hem ýetip geldi. Oňa ilkinji gezek gadam basjak körpeje bolsun, uly synp bolsun, tapawudy ýok, olar her ýyl täze okuw ýylyna täze okuw esbaplaryny alyp, ak mekdebiň gapysyndan ätlärler. Gadyrly çagalar, eýsem, siz okuw lybasynyň nädip dörändigini bilýärsiňizmi?

Nalaç baba hakda oýlanyp...

Kalby keramatdan, sahawatdan doly pirleriň mekany bolan türkmen topragyna her demde tagzym etseňem az ýaly duýulýar. Şunuň ýaly misilsiz gudraty duýup, zyýarata meýillenmek her kişiniň süňňüne ýeňillik, kalbyna päklik aralaşdyryp, il –günüňe mähremlik nazary bilen garamaga yhlasyňy artdyrýar. Nalaç baba taryhy ýadygärlikler toplumyna gelen pursadymyz, nurly Günüň tylla öwüşginli çyrazy lemmer–lemmer bulutlaryň aňyrsynda gizlendi. Çigrek howa zyýaratçylaryň janyna hoş ýakýardy. Altyn güýzüň ynsan kalbyny, duýgularyny gozgalaňa salýan pursady bu ýerde baky düýnän nijeme ynsanlar hakynda oýa batýarsyň.

Pyragynyň hormat goýan ussady

Belli bolşy ýaly, musulman dünýäsiniň belli şahsyýetleriniň biri Ymam Ryzanyň manyly ömrüniň bir bölegi gadymy Merwde geçipdir. Ymam Ryzanyň doly ady Aly ibn Musa Kazymdyr. Ol musulman halklarynyň belent hezzet-hormaty, beýikligiň alamaty hasap edilýän on iki ymamyň sekizinjisidir. Onuň künýesi Abulhasan, Ryza bolsa lakamydyr. Ol 148-nji hijri ýylynyň zilkagda aýynyň on birine (765-nji ýylyň dekabr aýynyň ýigrimi sekizine) Medinede dünýä inipdir. Halyf Mamun öz dogany Emin aradan çykandan soň, Marydan Arabystana hat ugradyp, hezreti Ryzanyň Medineden Horasana gelmegini soraýar. Haçan-da, Ymam Ryza Mara gelende, halyf Mamun öz gyzy Ummy-Habybany oňa nikalap berýär we ony orunbasary hem-de mirasdüşeri edip belleýär. Aradan birnäçe wagt geçenden soň, Ymam Ryza 203-nji hijri ýylynyň sapar aýynyň ahyrynda (818-nji ýylyň sentýabr aýynyň başynda) aradan çykýar. Ol Eýranyň häzirki Maşat şäherinde jaýlanýar. Şonuň üçin Maşat şäheri mukaddes hasaplanýar we her ýylda müňlerçe adam Ymam Ryzanyň gubruna zyýarat edýär. Ymam Ryza elli bäş ýyl ýaşapdyr. Ol ömrüniň ýigrimi ýylyny ruhy halypa bolup geçiripdir.

Ta­ry­hy gym­mat­lyk­lar hem-de ede­bi mi­ra­sy­myz

Türk­men mil­li me­de­ni­ýe­ti­miz göz­ba­şy­ny ta­ry­hyň çuň­ňur kök­le­rin­den alyp gaýd­ýar. Mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ze, ede­bi mi­ra­sy­my­za we ta­ry­hyň kök­le­ri­ne ara­laş­dy­gyň­ça, ol özü­niň syr­ly dün­ýä­si­ne ça­gyr­ýar. Ar­heo­log­la­ryň, et­nog­raf­la­ryň, di­ni öw­re­ni­ji­dir ta­ryh­çy­la­ryň, fi­lo­log­la­ryň göz­leg­le­ri türk­men me­de­ni­ýe­ti­ni öw­ren­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň yla­hy ze­hi­ni siň­di­ri­lip, dür­li öwüş­gin­ler bi­len to­ýun­dan ýa­sa­lyp bi­şi­ri­len dür­li şe­kil­ler, bü­rünç­dir kü­müş­den ýa­sa­lan mö­hür­ler, tu­mar­lar, daş­dan ýo­nu­lyp ýa­sa­lan tä­sin ta­pyn­dy­lar ru­hy me­de­ni­ýe­tiň ösü­şin­dä­ki aja­ýyp­lyk­la­ry şöh­le­len­dir­ýär. Ga­dy­my dö­wür­de se­net­çi us­sa­lar da­şy, me­ta­ly, küm­şi, al­ty­ny iş­läp be­jer­me­giň teh­no­lo­gi­ýa­syn­dan go­wy baş çy­ka­ryp, öz hü­nä­ri­ni ne­sil­le­re ge­çi­rip­dir­ler. «Şä­girt ha­ly­pa­dan oz­dur­ma­sa, hü­när ýi­ter» diý­li­şi ýa­ly, wag­tyň geç­me­gi bi­len us­sa­lar ýa­san önüm­le­ri­niň daş­ky gör­nü­şi­ni halk ara­syn­da aý­dyl­ýan ro­wa­ýat­la­ry, gys­ga he­ka­ýat­la­ry çe­per keşp dö­ret­mek ar­ka­ly be­ýan edip­dir­ler. Şeý­le­lik­de, se­net­çi­lik bi­len bir­lik­de, ha­ky­ky sun­gat ese­ri dö­räp­dir, kä­mil­le­şip­dir. Bu bol­sa ola­ryň dö­re­den eser­le­ri­niň sun­gat we mad­dy gym­mat­ly­gy­ny su­but ed­ýär. Bi­ziň döw­rü­miz­de olar yl­my gym­ma

Gadymy suw desgalary

Ençeme wakalaryň şaýady bolan belent başly, kert-kert gaýaly Balkan daglarynyň goýny durşy bilen taryh. Geçmişi öwrenijileriň kesgitlemegine görä, adamzat döräli bäri ýaşaýşyň mekany hasaplanan bu daglaryň degresindäki Jebel gowagy, Dam-dam çeşmesi, Gaýly gowagy ýaly taryhy ýerler özüniň has gadymylygy bilen taryhçylaryň, arheologlaryň, ýer-ýurtlary öwreniji alymlaryň ünsüni özüne çekip gelipdir. Jebel, Gaýly gowaklaryndan ilkidurmuş adamlarynyň iş gurallarynyň, ýaraglarynyň galyndylarynyň tapylyp, alymlar tarapyndan öwrenilmegi bu topragyň ýaşaýşyň ilki dörän ýerleriniň biridigine şaýatlyk edip, mähriban Watanymyza, mukaddes topragymyza bolan buýsanjy artdyrýar. Balkan daglarynda 1949-1950-nji ýyllarda ylmy işleri geçiren rus alymy, arheolog A.Okladnikow Jebel gowagynda mezolit (orta daş asyry) eýýamynyň gatlaklaryndan başga-da, neolit (täze daş asyry) eýýamyna, bürünç asyryna, şeýle-de mikrolit eýýamyna degişli keramiki önümleriň we süňkden ýasalan birnäçe tapyndylaryň ýüze çykarylandygyny belläp geçýär. Fransuz taryhçysy Seržan Bernar bolsa bu gowakdan tapylan daşdan sünnälenen iş we aw gurallary, aw awlamak üçin naýzanyň ujuna dakmaga niýetlenen ujy ýiteldilen daşlar, şol döwürde bezeg şaý-sepleri hökmünde ulanylan, bir tarapy endigan deşilip, ýüpe düzülen balykgulaklar ýaly tapyndylaryň biziň eýýamymyzdan 10 müň — 85 müň ýyl ozalky paleolit (gadymy daş asyry)

Köneürgenjim — dünýä genjim

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli topary taryhy we medeni ýadygärliklerimizi dikeltmek, olary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň mady däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek babatda degişli wagyz-nesihat çäreleri geçirmegini dowam edýär. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty 8 — 10-njy sentýabrda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň hem-de TMÝG-niň Merkezi Geňeşi, TKA-nyň Milli merkezi we Daşoguz welaýat häkimligi bilen bilelikde «Köneürgenç — türkmen taryhynyň ajaýyp dürdänesi» diýen at bilen maslahat geçirdi. Maslahat welaýatymyzyň çäklerinde ýerleşen taryhy ýadygärlikleriň täze tapgyryny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky mümkinçilikleri öwrenmäge bagyşlandy. Şeýle hem maslahatyň myhmanlary gadymy Gürgenjiň taryhy we medeni döwlet goraghanasynyň ýadygärlikler toplumyna zyýarat etdiler.

Hasaplaýjy enjamyň döreýşi

Kalkulýator ady bilen tanalýan elektron hasaplaýjy enjam «calculo» — hasaplaýaryn hem-de «calculus» — daşjagazlar diýen latyn sözlerinden gelip çykandyr. Ol, ilkinji nobatda, hasaplama amallaryny ýerine ýetirmek, galyberse-de, algebra formulalary bilen işlemek üçin niýetlenendir. Hasaplaýjy enjamyň dürli görnüşleri bolup, olardan, esasan, adaty buhgalterçilik, inženerçilik hem-de maliýe maksatlary üçin niýetlenen kalkulýatorlar giňden ulanylýar. Bulardan başga-da, häzirki wagtda programmirleme we grafiki kalkulýatorlar işjeň ulanylýar.

Syýagalamyň taryhyndan

Gündelik durmuşymyza berk ornaşan zatlaryň biri bolan syýagalam mekdep okuwçylarynyň hem hemişelik ýan esbabydyr. Gadyrly çagalar! Täze okuw ýylynyň başlanan gününde syýagalamyň taryhy bilen tanyşmak siziň üçin hem gyzykly bolsa gerek. Syýa bilen ýazmak öz gözbaşyny has gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Alymlar tarapyndan biziň eýýamymyzdan öňki 2500-nji ýyllarda hem gadymy Müsürde we Hytaýda syýanyň ulanylandygy anyklanyldy. 1888-nji ýylda amerikaly deňizçi Jon Loud ilkinji syýagalamy oýlap tapyjy hökmünde patent alýar. Ýöne ol häzirki kämil görnüşine 1935-nji ýylda Ladislao Biro we onuň dogany tarapyndan getirilýär. Doganlar Birolar ilkinji syýagalamy fabriginiň hem düýbüni tutujylardyr. Argentinada köpçülikleýin önümçiligi ýola goýlan syýagalamlar Milton Reýnolds tarapyndan Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna hem eksport haryt hökmünde ýaýradylýar. 1940-njy ýyllarda eýýäm dünýäniň köp ýurtlarynda onuň önümçiligi ýola goýulýar.

Jogapsyz söýginiň şaýady

Türkmen topragyndaky taryhy ýadygärliklere syýahat edeniňde, göýä gürrüňçil gojanyň gyzykly söhbedini diňlän ýaly bolýarsyň. Sebäbi bu topragyň üstündäki gadymy ýadygärlikleriň her biriniň gyzykly taryhynyň bolşy ýaly, olar hakda halk arasynda döredilen rowaýatlaram kalbyňda täsin duýgulary döredýär. Taryh mugallymy hökmünde okuwçylarymyzy Ahal welaýatynyň çägindäki, şonuň ýaly-da ýurdumyzyň çar künjegindäki gadymyýetiň şaýady bolan ýadygärlikler bilen tanyşdyryp durýarys. Şeýle täsin ýerlere baý topraklaryň biri-de ýurdumyzyň demirgazygynda ýerleşýän Daşoguz welaýatydyr. Köneürgenç topragynyň gadymyýetiň sesi siňen kümmetleri ir wagtlardan bäri taryhçylaryň ünsüni çekip gelýär. Köneürgenç ýadygärlikleriniň göwheri saýylan Törebeg hanymyň kümmetiniň özboluşlylygyna haýran galmazlyk mümkin däl. Bu aramgähiň haçan we kim tarapyndan gurlandygy barada dürli pikirler öňe sürülýär. Halk arasynda ýaşap gelýän rowaýatlarda bu ymaratyň gurluşygy Horezmiň hökümdary Gutlug Temiriň aýaly Törebeg hanymyň ady bilen baglanyşdyrylýar. Törebeg hanymyň dogruçyllygy, rehimdarlygy, şäher binagärligine üns berendigi bütin Horezmde belli bolupdyr. Esasan-da, onuň zenanlaryň hemaýatkäri bolandygy hakda dürli rowaýatlarda aýdylýar. Hut şonuň üçin-de Törebeg hanymyň kümmeti asyrlaryň dowamynda alys-alys ýurtlardan hem zenanlaryň gelip zyýarat edýän ýeri hökmünde belli bolupdyr. Häli-häzire çe

Täsin ykbally türkmen zenany

Hiç kimiňkä meňzemeýän üýtgeşik ykbally türkmen zenany Tatýana Mihaýlowna (Artykgül) Tekinskaýanyň ömri we bitiren işleri hakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy Täşli Hydyrowyň, filosofiýa ylymlarynyň doktory Nedir Kulyýewiň we käbir beýleki alymlarymyzyň dürli ýyllarda geçiren derňewlerinde, şeýle-de gündelik metbugatyň sahypalarynda okyjylara ýetirilen birnäçe makalalarda gymmatly maglumatlar bar. Ata Atajanowyň 1987-nji ýylda neşir edilen «Teke gyzy Tatýana» romanynyň baş gahrymany hökmünde çeper keşbiniň döredilmegi bilen, onuň taryhy şahsyýeti halk köpçüligine has-da mälim boldy. Biz hem öňräkden bäri bu ajaýyp zenanyň täsin ykbaly bilen ýörite gyzyklanyp, «Eýsem, ol hakda ilkinji gezek haçan we kim ýazdyka? Onuň çagalyk döwründe düşürilen suratlary saklanyp galmadymyka?» diýen ýaly soraglary öz öňümizde goýduk hem-de bäş-alty ýylyň dowamynda olara jogap gözledik. Geçiren gözleglerimiziň ilkinji netijesi hökmünde Artykgül Tekinskaýa bilen ýakyn aragatnaşykda bolan we A. Atajanowyň agzalan romanynda çeper keşbi döredilen taryhy şahsyýetleriň käbiri barada rus dilinde ýazan makalamyz Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan Respublikasynyň paýtagty Ufa şäherinde 2019-njy ýylda neşir edilen iki tomluk «Ýewraziýanyň musulman halklarynyň ruhy dünýäsi» («Духовный мир мусульманских народов Евразии») atly kitaba girizilip, okyjylaryň dykgatyna ýetirildi. Ynha, bi

Paryzdepäniň gymmatly tapyndylary

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, onuň günorta sebiti hem gadymy arheologik ýadygärliklere baýdyr. Şolaryň biri hem Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän, Köpetdagy etekläp oturan gadymy we orta asyr Paryzdepe arheologiýa ýadygärligidir. Paryzdepäniň umumy meýdany 4 gektara barabar bolup, ilkinji gezek professor W.N.Pilipko tarapyndan onuň kartografiýasy düzülýär. Professor W.N.Pilipko Sankt-Peterburgda geçirilen ylmy maslahatda hem Paryzdepeden tapylan bürünç döwrüniň ahyry we irki demir asyrynyň başlaryna degişli tapyndylar barada çykyş edýär. Ol çykyşynda geljekde Paryzdepäniň has giňişleýin öwrenilmegi üçin arheologiýa barlag işleriniň geçirilmelidigine ünsi çekýär.

Pyragynyň huzurynda

Bu gün ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabadyň ajaýyp keşbi gözelligiň kämil nusgasyna öwrüldi. Merjen şäherimiz öz çägini yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýän ak mermere beslenen belent binalaryň, täze seýilgäh zolaklarynyň hasabyna ýylsaýyn giňeldýär. Häzirki wagtda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy hem paýtagtymyzyň günorta künjegine özboluşly görk berýär. Gojaman Köpetdagyň gerişlerine ýakynlaşdygyňça, Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy üçin ajaýyp dag belentliginiň saýlanyp alynmagynyň sebäbine has-da oňat göz ýetirýärsiň. Elbetde, arassa howa, reňbe-reň gözellikler ünsüňi bada-bat özüne çekýär, bu ýerde şahyryň beýikligini mynasyp şöhlelendirýän äpet heýkel bilen bir bitewüligi döredip biljek ýeke-täk tebigylyk — belent dag gerişleri bar. Täze döredilýän seýilgähiň merkezinde oturdylan beýik akyldaryň heýkeli halkymyzyň çeper söze, söz ussatlaryna goýýan belent sylag-hormatynyň görkezijisi bolup şöhlelenýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň aprel aýynda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça iş saparynyň çäginde bu toplumda alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen ýakyndan tanyşdy. Şonda Arkadagly Serdarymyz medeni-seýilgäh toplumda täzeçil tehnologiýalary ulanmagyň möhümdigini belläp, häzirki zaman yşyklandyryş enjamlaryny ulanmak arkaly Pyragynyň tutuş adamzat jemgyýetine belli bolan şygyrlarynyň ganatly set

Biziň taryhymyz

Asyrlaryň şaýady Welaýatymyzyň çäginde örän ir döwürlerden bäri taryhyň şaýady bolup gelýän ýadygärlikler we desgalar köp. Şolaryň biri hem Murgap derýasynyň ýokary akymynda ýerleşýän Soltanbent suw desgasydyr. Bu desga Murgap derýasynyň ugrunda gurlan ilkinji desgalaryň biri hasap edilýär.