"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Geçmişi şöhratly şäher

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Türkmenistanyň çäginden gadymy döwürlerde, şeýle hem orta asyrlarda-da, Amulyň, Merwiň, Sarahsyň, Abiwerdiň, Nusaýyň, Dehistanyň üsti bilen Hytaýdan Ýakyn Gündogara çenli, Köneürgenjiň üsti bilen Orta Gündogar ýurtlaryndan Russiýa çenli, Zemmden Hindistana çenli möhüm söwda ýollary geçipdir» diýip belleýşi ýaly, Watanymyzyň çäginde gadymy we orta asyrlarda gülläp ösen şäherleriň onlarçasy bolupdyr. Bu ýerde ady agzalýan Zemm Lebap welaýatynyň gündogarynda, Amyderýanyň çep kenarynda ýerleşýän Kerki şäheriniň öňki adydyr. Ol Türkmenistanda gadymy şäherleriň biri hasaplanylýar. Bu ýer Amyderýadan geçmek üçin iň bir amatly geçelgeleriň biri bolup, derýanyň hanasynyň dar ýeridir. Taryhda saklanyp galan ýazgylara görä, ol geçmişde «Şähri-Haňka, Anka, Zingar, Zernigär, Zemm, Kerkuh, Kerki» ýaly atlary bilen bellidir. Kerki şäheriniň atlarynyň köp bolşy ýaly, onuň taryhy-da öz gözbaşyny juda irki döwürlerden alyp gaýdýar. Arheolog W.I.Pilipko «Demirgazyk-günbatar Baktriýanyň oturymly ilaty» kitabynda: «Beg galasynyň günorta-gündogar tarapynda gazylan çukurdan çykan tapyndylar esasynda şäheriň taryhy 2500 ýyldan az däl» diýip ýazýar.

Gadymy medeniýetiň mekany

31-nji oktýabrda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mejlisler zaly köp adamly boldy. Ol gün bu ýerde Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň guramagynda ady agzalan institutyň mugallymlarynyň, talyplarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda görnükli alym Nadežda Dubowa «Türkmenistan: Goňurdepe — Marguş ýurdunyň paýtagt şäheri» atly sapak gurady. Alymyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň häzirki ýerleşýän ýerinde Murgabyň akymynda bürünç eýýamynyň suwarymly medeniýetiniň Margiana ady bilen ýa-da Marguş medeniýetiniň dörändigi barada örän baý maglumatlar getirildi. Bu medeniýeti taryhy jähetden açmakda Wiktor Iwanowiç Sarianidi köp ýyllaryň dowamynda gazuw-agtaryş işlerini geçirdi. Häzirki günde şol işleriň netijeleri, jemleri boýunça W.I. Sarianidi we onuň kärdeşleri VII jiltlik kitaplary we makalalary çap etdi. Ol işleriň mazmunynda Merkezi Aziýanyň ýüregi giň sährada selçeň ýerleşýän oturymly ýerleriň bolandygyny, şol sähralyklarda tutuş ýurduň dörändigini aýan etdiler.

Poç­ta­nyň­ ta­ry­hyn­dan

Bi­ziň dur­mu­şy­myz poç­ta ara­gat­na­şy­gy bi­len berk bag­ly­dyr. Biz bir ýe­re hat-ha­bar ýa-da ban­de­rol iber­mek­çi bo­la­ny­myz­da poç­ta ara­gat­na­şy­gy­nyň hyzmatlaryndan peýdalanmaly bol­ýa­rys. Poç­ta hyz­mat­la­ry bu ugur­da bi­ziň mö­hü­mi­mi­zi bi­tir­mek­de yg­ty­bar­ly mer­kez bo­lup dur­ýar. Poç­ta­nyň dö­re­ýşi­niň täsin ta­ry­hy bar. Poçtanyň taryhy hat ýazuwynyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hat ýazuwynyň döremegi bilen, habar hat görnüşinde ýetirilip ugralypdyr. Mu­nuň özi bolsa poçta aragatnaşygynyň düýbüniň tutulmagyna getiripdir. Aragatnaşyk gullugynyň düzgünleşdirilen ilkinji edaralary diýseň ir, antik döwründe peýda bolupdyr. Ilkinji gezek poçta habary 5 müň ýyl töweregi mundan ozal Mesopotamiýada ýüze çykypdyr. Mü­sür­de hem poçta ara­gat­na­şy­gy ir­ki dö­wür­de baş­la­nyp­dyr. Ol ýer­de hat-pet gat­nad­ýan kep­de­ri­ler peý­da­la­ny­lyp­dyr. Soň­ra has möhüm habarlary ýetirmek üçin gadym döwürde atly, düýeli çaparlar ibe­rilipdir.

Taryhy tapyndylar

Ertir ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy belleniler. Haly, bedew at, şaý-seplerimiz ýaly gymmatlyklarymyza uly sarpa goýýan halkymyzyň alabaýlara bolan hormaty hem belentdir. Baýramçylygyň golaýlap gelýän günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda resmi saparda bolan Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine Alabaý atly türkmen alabaýyny sowgat bermegi ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Türkmen alabaýynyň zandynda bar ukyplary halkymyzyň pähim-paýhas baýlygyna öwrülip, iňňän irki döwürlerden bäri ýaşaýar. Türkmen alabaý itleri özboluşly milli medeniýetimiziň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Alabaý güýçli, ýanbermezek hem-de wepalydyr. Alymlaryň biriniň sözlerine mysal hökmünde salgylanmak isleýärin. Ol: «Men alabaýyň bedewimiz bilen deňeçerräk, hatda ondan hem öňräk dörändigine ynanýaryn. Sebäbi adam onsuz ýaşap bilmez diýipdi» diýen sözler bar. Türkmen alabaýynyň müňýyllyklara uzap gidýän taryhy bar. Ony ýurdumyzdaky taryhy ýadygärliklerde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan tapyndylar hem, ýazuw ýadygärlikleri hem doly subut edýär.

Gadymy Änew medeniýeti

Özüniň milli medeni, edebi we taryhy gymmatlyklary bilen umumadamzat medeniýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň geçmiş taryhyny dikeltmek we dünýä ýaýmak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Belent maksatlara beslenen bu ugurlary has-da ýaýbaňlandyryp, medeni ýadygärliklerimizi, edebi gymmatlyklarymyzy ylmy esasda öwrenmek «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda has-da giň gerime eýe bolýar. Ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda gojaman taryhda maddy we medeni gymmatlyklaryň beýik nusgalaryny döredip, gadymy türkmen topragynyň şan-şöhratynyň dünýä ýaýylmagynda ägirt uly işleri alyp barypdyrlar. Bu gün bolsa şol medeni we taryhy gymmatlyklar bagtyýarlyk döwrüniň çogly Güneşiniň astynda nur saçyp, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özünde jemleýär.

Ta­ry­hyň gat­la­ry­ny açyp...

Yh­las­ly zäh­met, ir­gin­siz göz­leg­ler ada­my kä­mil­li­ge ýe­tir­ýär. Za­mi­ra Us­ma­no­wa türk­men ar­heo­lo­gi­ýa­sy­na we ta­ry­hy­na uly go­şant go­şan gör­nük­li alym­dyr. Ol özü­niň uzak wag­tyň do­wa­myn­da top­lan mag­lu­mat­la­ry­nyň esa­syn­da Mer­wiň ýa­şy­nyň 2700 ýyl bo­lan­dy­gy­ny il­kin­ji bo­lup kes­git­le­me­gi ba­şar­dy. Bu se­nä­niň yl­my esas­lan­dyr­ma­sy­ny bol­sa 1992-nji ýyl­da Lon­don­da çap edi­len «Ga­dy­my Mer­wiň tä­ze mag­lu­mat­la­ry» at­ly ma­ka­la­syn­da be­ýan et­di. Za­mi­ra Us­ma­no­wa 1932-nji ýyl­da Sa­mar­kant­da gul­luk­çy maş­ga­la­syn­da dün­ýä inip­dir. Onuň ça­ga­lyk, okuw­çy ýyl­la­ry Türk­me­nis­tan­da geç­ýär. Ka­ka­sy Ys­ma­ýyl Us­ma­now ho­wa men­zi­li­niň ýol­baş­çy­la­ry üçin okuw kur­su­ny gu­ta­ran­dan soň, 1932-nji ýyl­da Ker­ki şä­he­ri­ne ho­wa men­zi­li­ni gur­mak üçin ibe­ri­lip­dir. Soň­ra ony Dört­gü­le, Çim­ba­ýa, Ür­gen­je, Türk­me­na­ba­da, Da­şo­gu­za hem ibe­rip­dir­ler.

Boldumsazyň taryhy

Türkmeniň asyrlara uzaýan gadymy we wakalara baý taryhynda entek açylmadyk sahypalar kän. Şol sahypalaryň biri hem welaýatymyzyň Boldumsaz etrabynyň Medeniýet geňeşliginde ýerleşýän Boldumsaz galasydyr. Boldumsaz — b.e. I-XII-XVIII asyrlary bilen senelenýän gadymy gala. Ýadygärlik Daşoguz — Boldumsaz awtomobil ýolunyň 27-nji kilometrinde, Boldumsaz şäherçesiniň 12 kilometr gündogar tarapynda ýerleşýär. Gala dörtgyraň görnüşde bolup, diwarlary çig kerpiçden örülen. Belli bir beýikliginden ýokarsynda pagsanyň yzlary görnüp dur. Ýadygärlik gurluşykda berkligi bilen tapawutlanan ak toýundan galdyrylan gala diwarlaryna çalym edýär. Boldumsaz galasynyň gündogar-demirgazyk burçunda diňiň yzy aýyl-saýyl bilnip dur, bu hem, elbetde, galanyň berkitme galasy bolandygyna şaýatlyk edýär. Diýmek, Boldumsaz galasy berkitme hökmünde ulanylyp, galanyň töwereginde rysgal-bereketli durmuş gaýnap joşandyr diýip çaklamak bolar.

Türkmen kepderisi

Adamzadyň aňynyň, akyl-paýhasynyň ösüşiniň dowamynda döreden maddy hem ruhy gymmatlyklary örän kän. Türkmen halky hem uzak taryhy döwrüň dowamynda ajaýyp maddy we ruhy gymmatlyklary döredip, dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan halklardandyr. Türkmen halkynyň paýhasly wekilleri tarapyndan döredilip, inçe sungat derejesine ýetirilen maddy gymmatlyklar medeni mirasyň özenini düzýän baýlyklardyr. Ökde seýisleriň seýisläp kemala getiren «adam ýaly syzýan» gamyşgulak bedewlerem, ynsanyň wepadar dosty alabaý item, awçylaryň kömekçisi bolan elguşlaram, aw tazylaram... garaz, sanasaň sogaby kän. Halallyk zandyna guýlan halkymyz bu gymmatlyklary gözüniň görejine deňäp, aýap saklap, kämilleşdirip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne hem ýetiripdir. Türkmen halky öz döreden gymmatlyklarynyň ählisini uzak wagtlaryň dowamynda timarlap, sünnäläp, has kämil derejelere ýetirmegiň hötdesinden gelipdir. Türkmen bedewleri, alabaý itleri ýaly, türkmen kepderileri hem döredilen gymmatlyklaryň naýbaşylaryndan biridir. Kepderiler parahatçylygyň, asudalygyň jarçysydyr, simwolydyr. Uzak asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip, eldekileşdirilip gelnen türkmen kepderileri bu gymmatlyklaryň arasynda göreni özüne bendi edip goýýan, täsin sungat derejesine ýetirilen maddy baýlykdyr.

Gadymy sekizburç şekilli kirlik

Türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan gymmatlyklary, ene-mamalarymyzyň elinden çykan sungat derejelerine ýetirilen el işleri, egin-eşikleri, esasan-da, çaga eşikleriniň hakyky nusgalary taryhy we ülkäni öwreniş muzeýlerinde saklanylýar. Türkmen halkymyzyň çagalaryna niýetlän eşikleri sanardan köpdür. Şeýle çaga eşikleriniň biri-de ene-mamalarymyzyň elinden sünnälenip edilen çagalara niýetlenen kirlikdir.  Olar, esasan-da, Oguz han atamyzdan gelýän sekizburç şekil bilen baglanyşdyrylyp, çagalara niýetlenip tikilipdir. Ata-babalarymyz ir döwürlerde sekiz sany burçy agzybirligiň, bereketliligiň, rysgal-döwletiň hem-de goragyň nyşany hökmünde kabul edipdirler. Eli çeper zenanlarymyz olary ussatlyk bilen ýerine ýetiripdirler. El keşdeleri bilen bezelen kirlik elde dokalan matalaryň böleklerinden gurnalyp tikilýär. Olar, esasan, burçlaýyn eplenen dörtburç mata bolup, her tarapyna üçburç şekilli bir gulak tikilýär. Egniniň üstünden boýunýaka oýulyp, iki egniniň üstünden çäk goýulýar. Kirlik işliklenýär we ýakasyna jähek salynýar, gyralaryna bolsa seçek tutulýar. Kirligiň ýüzi tutuşlaýyn ýa-da gyralary keşdelenýär. Kirligiň esasy bezegi nagyş bolansoň, oňa köp şaý dakylmaýar. Onuň ýüzüne «toýnuk», «guşgözi», «ömür daragty», «gülýaýdy» ýaly nagyşlar salynýar. Kirlik köýnegiň ýa-da kürtäniň üstünden öňlük hökmünde geýlipdir. Köplenç, onuň öňi we yzy tegelek ownuk ç

Orta asyrlarda basma keramikanyň ösmegi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir welaýatynda ata-babalarymyzyň dünýä medeniýetine goşan taryhy gymmatlyklaryny ylmy taýdan öwrenip, halkymyza ýetirmekde uly ähmiýete eýe bolan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ajaýyp muzeýler bar. Şeýle muzeýleriň biri Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýidir. Bu ýerde halkymyzyň bäş müňýyllyk taryhyna degişli taryhy gymmatlyklar saklanýar.  Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine bezeg berýän orta asyrlara degişli keramiki önümlerde ylmyň ösmegi bilen, adamlaryň tebigatyň ähli gözelliklerini miwe we gök salar ýaly mejimelere, küýzejiklere çekendiklerini görmek bolýar. Bu taryhy gymmatlyklar orta asyrlarda ýaşan adamlaryň basma keramiki önümlerine has uly üns berendigine şaýatlyk edýär.  Şeýle-de olary synlap, orta asyrlarda suratkeşleriň köp bolandygyna, olaryň haýwan şekillerine üns berendigine, adamlaryň tebigat bilen arabaglanyşygynyň has baýlaşandygyna göz ýetirmek bolýar. Syrçalanan mejimäniň içine çekilen guşuň suraty, keramiki küýzejikleriň ýüzündäki basma keramiki nagyşlar orta asyrda ylym-bilimiň has ösendigini aňladýar. Haýwanlaryň suraty çekilen gap-gaçlardan başga-da, misden we bürünçden ýasalan dürli guşlaryň şekili ata-babalarymyzyň öz döwründe taryhy gymmatlyklary sungat derejesine ýetirendigine,  syrçanyň, aýnalaryň ýüze çykmagy bolsa olaryň  öz durmu

Bu biziň öz taryhymyz

Mamunyň akademiýasy Taryhy çeşmeleriň şaýatlyk etmegine görä, IX — XIII asyrlar Gündogar medeniýetiniň has ýokary göterilen döwri bolupdyr. Meşhur arapşynas A. Mesiň (1869 — 1917 ý.ý.) “Musulman dünýäsiniň gündogar bölegi alymlar üçin behişdi ýer» bolupdyr diýip, gymmatly maglumat bermegi munuň aýdyň subutnamasydyr. IX-XIII asyrlaryň dowamynda türkmenleriň Horezmşalar, Gaznalylar, Seljuklar we Köneürgenç döwletleri gülläp ösüpdir. Bu döwletler tarapyndan Gündogaryň galkynyşynyň emele gelmegi üçin zerur bolan syýasy, ykdysady, ylmy we medeni şertler döräpdir. Şoňa görä-de, bu döwürlerde türkmen döwletleriniň höküm süren ýerlerindäki döwrüň iň ýokary ylym-bilim ojaklary bolan metjitleriň, medreseleriň, hanakalaryň we kitaphanalaryň şöhraty bütin dünýä belli bolupdyr.

Eşretli guýy

Il-halkyň bähbidi üçin amal edilen her bir işiň ýyldan ýyllara aşyp, halk hakydasynda ömürlik ýaşaýandygyny wagt bize görkezip gelýär. Ir döwürlerde gadymy Merwi etekläp oturan Gaýypöküz obasynda guýy gazmak zerurlygy ýüze çykypdyr. Oba adamlary öz aralarynda «Guýy gazmak halal iş. Ony eli haýyrly adama gazdyrmaly. Çünki onuň eşretinden ynsan-u-haýwan peýdalanmaly» diýşipdirler.

Soltan Mahmyt Gaznaly Türkmen

Ömür beýanyVI.Soňy. Başlangyjy žurnalymyzyň geçen sanlarynda. Gazna köşgüniň kätibi Abdyljepbar Utby öýle namazyndan soň soltanyň huzuryna barmak çakylygyny alan badyna bu duşuşyk şahyr Abulkasym Ferdöwsi hem onuň döredýän eseri bilen baglydyr diýip çaklady. Hakykatda welin, bütinleý başga mesele hökümdary biynjalyk edýär eken.

Kö­ne­ür­gen­jiň genç­li ýa­dy­gär­lik­le­ri

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hal­ky­my­zyň ta­ry­hy­ny öw­ren­mek­de uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Şun­da Kö­ne­ür­genç şä­he­ri­niň ta­ry­hy-da wa­jyp äh­mi­ýe­te eýe­dir. Kö­ne­ür­genç şä­he­ri Türk­me­nis­ta­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da, Amy­der­ýa­nyň kö­ne ha­na­sy­nyň çep ke­na­ryn­da ýer­leş­ýän iri ar­heo­lo­gik top­lum bol­mak bi­len, ol köp san­ly ýa­dy­gär­lik­le­ri özün­de jem­le­ýär. Bir­ma­hal­lar bu ýer­de gör­nük­li alym­lar, akyl­dar­lar ýa­şap, be­ýik eser­le­ri dö­re­dip­dir­ler. Kö­ne­ür­genç­de türk­men­ler di­ňe bir baý halk dö­re­di­ji­li­gi­ni eme­le ge­tir­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, se­net­çi­lik sun­ga­ty­nyň dür­li ugur­la­ry­ny-da dö­re­dip­dir­ler. Kö­ne­ür­genç­de mu­kad­des ýer­le­riň en­çe­me­si, şol san­da «Üç ýüz alt­myş» ady bi­len meş­hur bo­lan ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my-da ýer­leş­ýär. Nej­med­din Kub­ra­nyň küm­me­ti hem şol mu­kad­des­lik­le­riň bi­ri­dir. Bu ýer­de ýer­leş­ýän ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­ler dün­ýä ja­han­keş­de­le­ri­niň­dir sy­ýa­hat­çy­la­ry­nyň, hat­da Azi­ýa­nyň iň alys ýurt­la­ryn­dan gel­ýän zy­ýa­rat­çy­la­ryň hem ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Geç­miş­de şöh­rat ga­za­nan bu ga­dy­my şä­her bi­na­gär us­sa­la­ryň, nak­gaş­la­ryň we be­zeg­çi­le­riň dö­re­den bi­na­gär­lik mer­jen­le­rin­den yba­rat­dyr. Şol tä­sin yma­rat­lar dö­re­me­zin­den has öň, ga­dy­my ýur­duň bi­

Gadymy tapyndylar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda halkymyzyň bäş müň ýyllyk taryhynyň dowamynda döreden gymmatlyklaryny gorap saklamak, öwrenmek we wagyz etmek işleri mynasyp dowam etdirilýär. Bu asylly işe ýurdumyzyň welaýat merkezlerindäki muzeýler hem goşant goşýarlar. Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde taryhy-medeni goraghanalardan tapylan eksponatlary ylmy taýdan öwrenmek, rejelemek hem-de halkymyza ýetirmek üçin ähli şertler döredilendir. Häzirki wagtda Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde dürli döwürlere degişli bolan taryhy tapyndylaryň ençemesi saklanylýar. Olaryň biri-de gelin-gyzlarymyzyň has gadymky döwre degişli bolan pil süňkünden ýasalan şirmaýy daragydyr. Pil süňkünden ýasalan daraklar türkmen topragynyň üstünden geçen gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň halklaryň özara söwda, medeni we dostluk gatnaşyklaryna ýetiren täsirine şaýatlyk edýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly iki jiltli kitabynyň mazmunynda giňişleýin gürrüň berilýär.

ÝUNESKO-nyň täze kluby açyldy

5-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO-nyň kluby dabaraly ýagdaýda açyldy. Dabara ÝUNESKO-nyň  işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hereket edýän «Parahatçylygyň dilleri» atly  ÝUNESKO klubynyň  agzalary we institutyň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdy. Açylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, ÝUNESKO-nyň klubunyň döredilmegi ýaşlaryň arasynda döredijilik we gözleg işleriniň ösdürilmegine, ýurduň medeni gymmatlyklary, däp-dessurlary barada bilimleri çuňlaşdyrmaga ýardam eder. Dabara bilen utgaşdyrylyp geçirilen maslahatyň barşynda ÝUNESKO-nyň alyp barýan işleri bilen bagly resminamalardyr maglumatlar bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem täze açylan klubyň iş meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Orta asyr binagärliginde syrça bezegleri

Günorta Türkmenistanyň orta asyr binagärlik ýadygärlikleri Gündogar halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary görkezýän aýdyň subutnamadyr. Orta asyrlarda yslam binagärlik sungatynyň çeperçilik ýörelgesinde has kämil eserler döredilipdir. Ägirt uly desgalaryň gurluşygynda ussalar binalary kämil derejä ýetiripdirler. Bezeliş ýörelgesi näçe kaşaň, çeper bolsa-da, ol bezegler ymaratyň gurluşynyň ýönekeýligini we syrdamlygyny gazanmak üçin ulanylypdyr. Şol döwrüň binagärlik ýadygärliklerinde duş gelýän epigrafik, geometrik nagyşlar bilen sazlaşykda çigildem we beýleki gülleriň çeper nagyşlary sungatyň kämil derejä ýetendiginiň subutnamasydyr. Orta asyr arhitektura ýadygärliklerinde duş gelýän çigildem şekilleri döwrüň binagärlik sungatyndaky ösümlik nagyşlarynyň esasylarynyň biri bolup, asudalygyň, parahatçylygyň, durnuklylygyň nyşany hökmünde suratlandyrylypdyr.

Arheologiýa: döwlet maksatnamasy durmuşa geçirilýär

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň taryhynyň, arheologiýasynyň we etnologiýasynyň meselelerini täze esasda düýpli hem-de çuňňur öwrenmek maksady bilen wajyp guramaçylyk işleri amala aşyryldy. Bu babatda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň döredilmegi halkymyzyň köp müňýyllyk taryhyny arheologik nukdaýnazardan öwrenmek işiniň has-da ilerlemegine oňyn täsir etdi. Arheolog-alymlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredildi, ylmy-barlaglary geçirmäge ýöriteleşdirilen awtoulaglar, LEA-S500 köpugurly kiçi barlaghana, JPS we georadar enjamlar, meýdan şertlerinde işlenilende gerek bolýan gurallar bilen üpjün edildi. Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky giň gerimli başlangyçlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilip, halkymyzyň baý medeni mirasyny çuňňur öwrenmäge, gorap saklamaga we wagyz etmäge döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär. Gadymy ýadygärliklerimizde giňişleýin arheologik barlaglar geçirilip, taryhymyzyň heniz açylmadyk gatlaryny täze maglumatlar bilen doldurmak wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy»

Gowy adamlar ýatdan çykmaýarlar

Il-ýurduň abadançylygy we asudalygy ugrunda janlaryny aýaman göreşen ildeşlerimiziň, şeýle hem Aşgabat ýertitremesinde wepat bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamak milletimiziň kalbynyň arassalygyna, gowy adamlaryň bitiren ajaýyp işleriniň unudylmaýandygyna güwä geçýär. Hatyra güni mynasybetli mekdebimizde geçiren çärämizde hem 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda, Watan ugrundaky beýleki söweşlerde janlaryny gurban edenler, şeýle hem Aşgabat ýertitremesinde wepat bolanlar barada watançylyk söhbedi guraldy. Watany goramak ugrunda söweşlere gatnaşan ildeşlerimiziň edermenlikleri hakynda guralan söhbet ýaşlarda uly täsirleri galdyrdy. Watançylyk söhbedinde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň pederi Berdimuhamet Annaýewiň ömri we gahrymançylykly söweş ýoly hakynda hem gyzykly gürrüň edildi. Gahryman Arkadagymyzyň Berdimuhamet Annaýewiň ömür ýoly hakynda gürrüň berýän «Älem içre at gezer» atly kitabyndan parçalar okaldy. Şol parçalarda zähmetsöýer we işine jogapkärçilik bilen garaýan zehinli mugallymyň we gaýduwsyz esgeriň, halkyna gaýtalanmajak durmuş gözelligine aýawly çemeleşmegi ündeýän, Aşgabat ýertitremesinde wepat bolan Berdimuhamet Annaýewiň keşbi dikeldildi. Güýçli şahsyýet hökmünde onuň bilim we terbiýe bermegiň usullaryny kämilleşdirmek boýunça galdyran maslahatlarynyň häzirki wagtda Watana we il-gününe hyzmat etmekde bahasyna ýetip bolmajak g

Or­ta asyr­laryň küýze önümleri

Türk­men top­ra­gy­nyň ta­ry­hy ha­ky­da­sy en­çe­me müň­ýyl­lyk­la­ry içi­ne al­ýan ar­heo­lo­gik ýa­dy­gär­lik­le­ri öz goý­nun­da sak­la­ýar. Türk­me­nis­tan­ly we da­şa­ry ýurt­ly ta­ny­mal alym­lar, ar­heo­log­lar şol ta­ry­hy ha­ky­da­nyň syr­la­ry­ny aç­mak üçin ýur­du­my­zyň çä­gin­de ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­ni alyp bar­ýar­lar. Şeý­le ta­ry­hy tapyn­dy­la­ryň esas­y­la­ry­nyň bi­ri-de, köp san­ly ýa­dy­gär­lik­ler­den ýü­ze çy­ka­ryl­ýan küý­ze­gär­çi­lik önüm­le­ri­niň ga­lyn­dy­la­ry bo­lup dur­ýar. Şol önüm­le­riň ön­dü­ri­li­şi­niň iň naý­ba­şy döw­ri bol­sa or­ta asyr­la­ra ga­bat gel­ýär.