"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Bedenterbiýe we sport

Ýa­kyn­da 2011-2012-nji ýyl­lar­da dog­lan tür­gen­le­riň ara­syn­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň 5-nji sport mek­de­biniň grek-rim gö­re­şi bo­ýun­ça açyk bi­rin­ji­li­gi ge­çi­ril­di. Paý­tag­ty­myz­da­ky 79-njy or­ta mek­de­pde ýaý­baň­lan­dy­ry­lan bu ýa­ryş­a Da­şo­guz, Ahal, Bal­kan, Ma­ry we­la­ýat­la­ry­nyň hem-de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň sport mek­dep­le­rin­den 100-den gow­rak tür­gen gat­naş­dy. 5-nji sport mek­de­bi­niň tä­lim­çi­le­ri A.Gel­di­ýe­wiň, M.Sol­ta­no­wyň şägirtleri 11 ag­ram de­re­je­sinde çy­kyş edip, baý­rak­ly orun­la­ry eýe­le­me­gi ba­şar­dy­lar. Olar­dan S.Şi­row (22 kg), A.Ko­rog­ly­ýew (23 kg), B.A­ta­ýew (25 kg), G.Gur­ban­mu­ham­me­dow (26 kg), I.Kö­şe­kow (29 kg), D.An­na­my­ra­dow (32 kg), A. Be­gi­mow (35 kg), A.Ýu­su­pow (42 kg), K.Na­za­row (50+kg) da­gy­nyň ady­ny ag­za­mak bo­lar. To­par­la­ýyn gör­nüş­de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň 5-nji sport mek­de­bi 1-nji or­ny eýe­le­di. Ýa­ryş­da ýe­ňiş ga­za­nan tür­gen­le­re mek­de­biň taý­ýar­lan me­del­la­ry hem-de Hor­mat hat­la­ry gow­şu­ryl­dy. Ata­jan ÖWEZ­NE­PE­SOW,

Türkmenistanyň çempionaty

ýurdumyzyň iň güýçli basketbol toparlaryny saýlady Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 4-nji sport mekdebinde 2006-njy ýylda doglan hem-de şondan kiçi ýaşly ýetginjekleriň gatnaşmagynda basketbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Turuwbaşdan çekeleşikli geçen ýaryşa paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň toparlary gatnaşdylar. Dartgynly duşuşyklar oglanlaryň hem-de gyzlaryň toparlarynyň arasynda ýurdumyzyň çempionlaryny kesgitledi.

Uniwersiadanyň futbol ýaryşy

«Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly Uniwersiadanyň çekeleşikli bäsleşikleri Täze ýyl baýramynyň bosagasyndaky günleriň şowhunyny goşalandyrýar. Bu ýaryşyň çägindäki futbol bäsleşigi hem ajaýyp sport baýramçylygyny emele getirdi. Uniwersiadanyň futbol ýaryşynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň toparlarynyň 16-sy ýeňiş ugrunda göreşdiler. Ýaryş toparçalardaky duşuşyklardan başlandy. «A» hem-de «B» toparçalarda dowam eden göreş ýaryşyň ýarymfinalçylaryny aýdyňlaşdyrdy. Şeýlelikde, «A» toparçadan Türkmen döwlet maliýe institutynyň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň toparlary ýarymfinalda çykyş etmäge hukuk gazandy. «B» toparçadan ýarymfinala çykan toparlaryň biri Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bolsa, beýlekisi Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň ýygyndysy boldy.

Ösüşlerimiziň şuglasy

Gysga wagtda, ýokary hil derejesinde bina edilen Arkadag şäheri milli binagärligimiziň ýeten derejesiniň, ykdysadyýetimiziň ösüşiniň görkezijisidir. «Akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda, ylmyň iň soňky gazananlary, iň kämil enjamlardyr ösen tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap binalary, ýüzlerçe ýaşaýyş jaýlaryny öz içine alýan döwrebap şäheriň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi «asyryň gurluşygy» hökmünde taryha girer. Şeýle ajaýyp şähere bu taryhy taslamanyň binýadyny goýan Gahryman Arkadagymyzyň adynyň dakylmagy bolsa tüýs ýerine düşen çözgüt bolup, agzybir, merdana halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy.

Pälwanlar – göreş düşekçesinde

Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde erkin göreş boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Çekeleşikli geçen ýaryş agram derejeleriniň birnäçesi boýunça ýurdumyzyň iň güýçli türgenlerini jemledi. Ýaryşa Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň hem-de ýurdumyzyň olimpiýa ätiýaçlygyny taýýarlaýan mekdepleriniň ýygyndy toparlary gatnaşdy. Umumy hasap boýunça Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebi birinji orny eýeledi. Mekdebiň ýygyndysyny ýaryşa ussat tälimçi Berdi Atabaýew taýýarlady. Birinjilikde onuň şägirtlerinden 48 kg-de ýaryşan Allanur Aganyýazow kümüş medal gazansa, Myratgeldi Gulmämmedow bürünç medala eýe boldy. 55 kg-de Dinyslam Döwletmyradow hem-de Yhlas Guwanjow üçünji ýeri eýelese, 60 kg-de Watan Annaorazow, 65 kg-de Alp Arslan Begenjow altyn medal gazandylar. 65 kg-de Arslan Mämişow ikinji, Bekjan Ruslanow üçünji boldy. 71 kg-de Ýunusmuhammet Hallyýew çempion bolsa, Şahan Alymowyň netijesi ikinji orun bilen bellenildi. 80 kg-de Döwletgeldi Myradow, 110 kg-de bolsa Şageldi Nuryýew ýeňşe ýetdi. Şeýlelikde, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň türgenleri toparlaýyn ýeňşi hem elden bermediler.

Ýerine düşen yhlas

Ýetişdiren şägirtleriniň üstünliklerine guwanmak her bir tälimçi üçin uly bagtdyr. Şeýle arzyly käriň eýesi hökmünde ussatlyga ýetip, milli sportumyzyň abraýyny goraýan ýaşlary ýetişdirýän halypa tälimçileriň biri-de Nurgeldi Hallaňowdyr. Nurgeldi Hallaňow 1967-nji ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Bamy obasynda dünýä inýär. Ol ýaşlykdan türkmen milli göreşi boýunça ýurt derejesinde geçirilen ýaryşlarda ençeme gezek baýrakly orunlary eýelemegi başarýar. Il arasynda Myrat Hallaň ady bilen tanalan pälwanyň türkmen milli göreşine bolan höwesi ýaşlykdan başlaýar. Ol çagalyk döwründe obalarynda bolýan toýlarda göreş tutýan pälwanlary uly höwes bilen synlap, olaryň ýerine ýetirýän emellerini yzygiderli gaýtalap, ýaşlykdan göreş bilen gyzyklanyp başlaýar. Deň-duş oglanlaryndan erjelligi we güýji bilen tapawutlanan Nurgeldi obalarynda tutulýan toýlarda göreş tutmaga höwesek bolupdyr. Şeýdip, ol ilki Bamy obasynda, soňabaka bolsa goňşy obalarda tutulýan toýlarda özüni görkezip, abraýly pälwanlaryň hataryna goşulyp başlaýar.

«Olimpiň» taryhy

mekdebiň 60 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan dabarada giňişleýin şöhlelendi Tamamlanyp barýan ýyl Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Olimp» orta sport mekdebiniň esaslandyrylmagyna 60 ýyl doldy. Şu ajaýyp waka mynasybetli guralan dabara mekdebiň tälimçi-mugallymlarydyr okuwçylary gatnaşdylar.

Sport hem-de dil öwrenmek

Sport bilen yzygiderli meşgullanmak daşary ýurt dilini ýeňil hem çalt öwrenmäge ýardam edýär. Bu ilkinji nobatda jogapkärçilik duýgusy bilen baglanyşyklydyr. Okuwda hem, sportda hem mugallymlardyr tälimçiler bizi diňe gerekli ugra gönükdirýärler. Emma islendik işde-de kämillige ýetmek diňe özümize baglydyr. Türgenleşikler bilen meşgullanylanda olaryň dessin netije bermeýändigine we köp yhlas etmelidigine göz ýetirip, yzygiderli meşgullanmagy endik edinýäris. Dil öwrenmekde-de oňyn netije gazanmak üçin şeýle endik zerur. Sagdyn bolmak üçin gündelik bary-ýogy 20 minut töweregi türgenleşmek ýeterlik bolsa, daşary ýurt dilini öwrenmek üçinem şonçarak wagt gerek. Esasy zat – üznüksizlik.

Agyrlygy galdyrmagyň ussatlary

Türkmenistanyň çempionlygy ugrunda göreşdiler Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda — 26—29-njy dekabr aralygynda geçirilen agyr atletika boýunça Türkmenistanyň çempionaty sportuň şu görnüşinden iň güýçli türgenlerimizi saýlady.

Tamamlanan möwsümiň ökdeleri

Ýakynda ýurdumyzda 2022-nji ýylyň futbol möwsüminiň jemi jemlenildi. Möwsümiň iň soňky duşuşygy «Nusaý» stadionynda geçirilip, onda ýurdumyzyň Naýbaşy Kubogyny eýelemek ugrundaky oýunda «Altyn Asyr» bilen «Şagadam» toparlary duşuşdylar. Bu duşuşykda «Altyn Asyr» garşydaşyndan 3:1 hasabynda üstün çykyp, taryhynda sekizinji gezek arzyly Kuboga mynasyp boldy.

Ýeňijiler kesgitlenildi

Tennis boýunça ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky bäsleşige 12 ýaşdan uly bolan erkekler hem-de gyzlar gatnaşdylar. Geçirilen bäsleşige reýting boýunça ilkinji sekizlige girýän (erkekleriň hem-de gyzlaryň arasynda) tennisçileriň 16-synyň gatnaşandygyny bellemek gerek. Erkekleriň arasynda geçirilen bäsleşikde Atly Gurbanow baş baýraga mynasyp boldy. Bu tennisçi aýgytlaýjy duşuşykda Ýuriý Rogusskiden üstün çykmagy başardy. Hajymyrat Çaryýew hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmagyň hötdesinden geldi. Zenanlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde Ilim Guseýnowa taý tapylmady. Ikinji, üçünji orunlary degişlilikde Rožan Karajaýewa bilen Merýem Muhammedowa eýelediler.

Ilkinji açyşlar

Sagdyn nesilleriň kemala getirilmegi ýurdumyzda möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenilip, bedenterbiýe we sport hereketi giňden ýaýbaňlandyrylýar. Welosiped sporty hem ynsan üçin örän peýdaly bolup, bu görnüş bilen meşgullanýan ildeşlerimiziň hatary barha artýar. Ilkinji welosipede meňzeş ulagy 1790-njy ýyllarda fransiýaly Komt de Siwrak işläp taýýarlapdyr. Ol bu ulaga «seleripede» diýip at beripdir. Bu söz tizlik diýen manyny aňladýar. Agaçdan ýasalyp, pedaly bolmadyk ulag ilkibaşda aýagyňy ýere basmak arkaly herekete getirilipdir. Häzirkä meňzeş welosipedi bolsa 1817-nji ýylda germaniýaly Baron Karl fon Drez oýlap tapýar. Ol öz ulagyna «laufmaşin» (ylgaw maşyny) diýen ady berýär. Bu ulagyň demirden tigirleri we durzujy ulgamy bolupdyr. Emma pedallarynyň ýoklugy sebäpli ony sürmek aňsat bolmandyr. Şol döwürlerde bu ulaga ony oýlap tapanyň ady bilen baglanyşdyryp, «drezin» diýipdirler. Soňlugy bilen demir ýoluň üstünde ýöreýän pedally ulaglara hem drezin diýlip başlanýar.

Janköýerleriň söýgüli oýny

Gadymy döwürlerde hem meşhur küştçüleriň dörän mekany hökmünde tanalan ýurdumyzda geçen asyryň başlary küşt oýnunyň köpçülikleýin häsiýete eýe bolan döwri hasaplanylýar. Şol ýyllar şol wagtky Aşgabat raýonynyň «Zähmet» kolhozynda 14 küştçiniň gatnaşmagynda çempionat geçirilip, ol uly gyzyklanma döredipdir. Deňeşdirme hökmünde aýdanymyzda, şol wagtlar Angliýada 150-ä golaý adamyň gatnaşmagynda Nottingem halkara küşt ýaryşynyň açylyşy bolup, ilkinji güni oňa 60-a golaý adam, üçünji güni bary-ýogy

Taryhda şu gün

Bu duşuşyklaryň ilkinji 12 döwi şol ýylyň 8-nji oktýabry bilen 7-nji noýabry aralygynda geçirilip, deňlikde tamamlanypdy. 24-nji noýabrda Lion şäherinde badalgasyny alan duşuşyklaryň ikinji tapgyrynyň 16-njy, 18-nji hem-de 20-nji döwlerinde Kasparow garşydaşyndan üstün çykdy. Çempion bolmak üçin 12 utugyň ýetikdigi bilen baglylykda Kasparow çempionlygy 22-nji tapgyrda gazandy.

Ýokiç we Donçiçiň taryhy statistikalary

Amerikanyň Milli basketbol ligasy NBA-da Gündogar Ýewropanyň iki super ýyldyzy – Nikola Ýokiç bilen Luka Donçiçiň şemaly belentden öwüsýär. Her duşuşygynda «double- double » ýa-da «triple-double » edýän ýyldyzlar şu hepdäniň dowamynda duşuşyklarynda görkezen statistikalary bilen NBAnyň taryhyna atlaryny altyn harplar bilen ýazdyrdylar. «Denwer Naggetsiň » öz meýdançasynda «Finiks Sansy » 2 owertaýmyň netijesinde 128:125 hasap bilen ýeňmegi başardy. Duşuşykda ýeňiş gazanan toparyň serbiýaly ýyldyzy, NBA-da 2 ýyl bassyr adaty möwsümiň iň gymmatly oýunçysy saýlanan Nikola Ýokiç 41 utuk, 15 ribaund, 15 asist görkezijiler bilen «triple- double » etmegi başardy. Bu görkezijiler bilen ol NBA-nyň taryhynda Oskar Robertson (1961- nji we 1962-nji ýyllarda 2 gezek) hem-de Jeýms Hardenden (2016-njy ýylda) soň 1 oýunda azyndan 40 utuk, 15 ribaund, 15 asist eden 3-nji basketbolçy boldy. Ýokiçden soň sloweniýaly Luka Donçiç hem NBA-nyň taryhyna girmegi başardy. 23 ýaşyndaky ýyldyz oýunçy topary «Dallas Maweriksiň » öz meýdançasynda «Nýu Ýork Niksi » owertaýmyň netijesinde 126:121 hasap bilen ýeňen duşuşygynda geçirilen utuklaryň deň ýaryna golaýyny öz adyna ýazdyrypdy. Ol 60 utuk 21 ribaund hem-de 10 asistlik görkeziji bilen NBA-da ozal görlüp- eşidilmedik «triple- double » netije görkezdi. Ol NBA-da 60 utuk, 20 ribaund hem-de 10 asist eden ilkinji basketbolçy boldy. LeBron Braýantyň rekord y

Katar 2022 Dünýä Kubogynyň iň owadan goly saýlandy

Katar 2022 Dünýä Kubogynyň iň owadan goly saýlandy. FIFA tarapyndan berlen maglumatda Braziliýanyň ýygyndysynyň ýyldyz hüjümçisi Rişarlisonyň ýarym üstaşyr şekilde Serbiýanyň ýygyndysynyň derwezesinden geçiren ajaýyp goly çempionatyň iň owadan goly diýlip saýlandy. Ol bu goly duşuşygyň 73-nji minutynda Winisius Junioryň pasyndan soň geçiripdi. Ses berlişige Rişarlisonyň golundan başga- da arabystanly Salem Al-Dowsariniň Argentinanyň ýygyndysynyň derwezesinden geçiren goly, niderland hüjümçi Kodi Gakponyň (Niderlandlar – Senegal), argentinaly Enzo Fernandesiň (Argentina – Meksika), kamerunly Wensan Abubakaryň (Kamerun – Braziliýa), meksikaly Luis Çawesiň jerime urgusyndan geçiren goly (Meksika – Saud Arabystany), fransiýaly Kilian Mbappeniň (Fransiýa – Polşa), koreýaly Paýk Syn Honuň (Braziliýa – G. Koreýa) hem-de braziliýaly Neýmaryň (Braziliýa – Horwatiýa) gollary- da dalaşgär görkezilipdi.

Naýbaşy Kubok 8-nji gezek «Altyn asyrda »

Futbol boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşykda «Altyn asyr» ýeňiş gazandy. 2021-nji ýylyň çempiony «Altyn asyr» bilen 2021-nji ýylyň Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi «Şagadamyň » arasyndaky duşuşyk diýseň çekeleşikli geçip, ol paýtagtymyzdaky «Nusaý » stadionynda oýnaldy. Duşuşykda «Altyn asyr» topary 3-1 hasabynda ýeňiş gazanyp, 8-nji gezek Naýbaşy Kuboga mynasyp boldy. Oýnuň 3-nji minutynda Kerim Hojaberdiýew «Şagadamy » 1-0 öňe saýlady. 32-nji minutda eminiň bellän penalti urgusyny dürs uran Myrat Annaýew hasaby deňledi. 67-nji minutda Yhlas Toýjanow, 76-njy minutda- da Altymyrat Annadurdyýew «Altyn asyra » ýeňiş getiren gollary geçirmegi başardylar. Şeýlelikde, «Altyn asyr» topary bassyr 8-nji gezek Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogyny asmana göterdi. «Şagadam » topary bolsa 3-nji gezek Naýbaşy Kubogy duşuşygynda ýeňlişe sezewar boldy. Ýylyň tapawutlananlar y Şeýle- de, milli çempionatda ýylyň ökdeleri saýlanyp, «Köpetdagyň » oýunçysy Begenç Akmämmedow möwsümiň iň ökde futbolçysy diýlip yglan edildi. «Ahalyň » baş tälimçisi Mergen Orazow iň ökde tälimçi, bu toparyň derwezeçisi Resul Çaryýew bolsa iň ökde derwezeçi diýlip saýlanyldy. Garşydaşlarynyň derwezesinden netijeli urgularyň 27-sini geçiren Didar Durdyýew («Ahal») iň köp gol geçiren oýunçylaryň arasynda öňe saýlandy. «Feýr-pleý» baýragyna «Merw» topary mynasyp boldy. Gatnaşan duşuşyklaryny ynamly geçiren Re

Aşgabadyň çempionaty geçirildi

Golaýda ýeňil atletika boýunça paýtagtymyzyň çempionaty guraldy. 60, 400, 800, 1500 metr aralyklara ylgamak, ýadro iteklemek, uzaklygyna hem-de beýikligine bökmek boýunça bäsleşikler Olimpiýa şäherçesiniň Ýeňil atletika toplumynda geçirildi. Çempionata türgenleriň 150-den gowragy gatnaşdy. 60 metre ylgamakda pellehana hemmelerden öň gelen Alişer Sadullaýew, 400 metre ylgaw bäsleşiginde Abdyrahman Nurgeldiýew paýtagtymyzyň çempionlary boldular. 800 metrlik menzili Atajan Bagyýew birinji geçmegi başardy. 1500 metre ylgamakda iň gowy netijäni Perhat Annagylyjow görkezdi.

Ýeňişleriň ýyly

Täze ýyl gijesinde birek-birege we özümiz üçin gowudan-gowy arzuwlary etsek hem ýylyň bize nähili gowulyklary sowgat taýýarlaýandygyny hiç birimiz bilmeýäris. 2022-nji ýylyň başynda ulus-ilimiz bilen birlikde welaýatymyzyň türgenleriniň köpsanlysy ýylyň sport üstünliklerine beslenmegini arzuw edipdiler. Gazanylan üstünlikler bolsa garaşylanyndan hem zyýada boldy. Maýsa PARDAÝEWA, dzýu-do boýunça Aziýanyň çempiony:

Üstünligiň aýdyň beýany

Eş­ret­li dur­mu­şyň, bag­ty­ýar za­ma­na­nyň köň­le eçil­ýän eg­sil­mez ru­hy joş­gu­ny­ny her bir gü­nü­miz­de gör­mek bol­ýar. Mu­nuň özi hal­ky­my­zy dö­re­di­ji­lik­li iş­le­mä­ge, Wa­ta­ny­my­zyň ösüş­le­ri­ne go­şant goş­ma­ga ruh­lan­dyr­ýar. Şo­nuň üçin-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň sa­ýa­syn­da şu ýy­ly­myz ýo­ka­ry zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne, oňyn ne­ti­je­le­re bes­len­di. Biz mu­ňa «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­lyn­da ga­za­ny­lan ösüş­le­riň my­sa­lyn­da aý­dyň göz ýe­tir­ýä­ris. Ta­mam­la­nyp bar­ýan 2022-nji ýyl ýur­du­my­zyň ösü­şi­niň üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýän wa­ka­la­ra baý bol­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ösü­şi­ni has-da pug­ta­lan­dyr­mak­, ylym-bi­li­mi ös­dür­mek­ babatda mö­hüm we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek­de uly iş­ler al­nyp ba­ryl­dy. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zyň se­na­ga­tyn­da, bi­lim­dir sag­lyk ul­gam­la­ryn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­riň «sa­na­saň so­ga­by bar». Ylym-bi­lim ul­gam­la­ryn­da ýe­til­ýän sep­git­ler Di­ýa­ry­my­zy ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne çy­kar­mak bi­len, hal­ky­my­zyň dur­mu­şy­ny-da ös­dür­ýär. Bi­li­miň hi­li dün­ýä de­re­je­si­ne ýe­ti­ril­ýär, san­ly bi­lim ul­ga­my ös­dü­ril­ýär. Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ýaş nes­le be­ril­ýän bi­li­mi dün­ýä de­re­