Harby türgenleriň üstünlikleri
Ýurdumyzda sporta berilýän üns barha ýokarlanýar. Ýakynda ýurdumyzyň Karate-do federasiýasynyň guramagynda geçirilen Türkmenistanyň çempionaty hem munuň aýdyň mysalydyr. Bu çempionata maýor Myrat Annagurbanowyň serkerdelik edýän harby bölüminiň we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby gullukçylary işjeň gatnaşyp, ýokary netijeler görkezdiler. Bäsleşikde borçnama boýunça harby gullugyň starşinalary Annageldi Rahymowyň, Maksat Ödäýewiň, kapitan Mülkaman Sahadowyň, uly leýtenant Daňatar Azadowyň we leýtenant Güýç Gökowyň taýýarlan türgenlerinden esgerler Sanjar Kamilow 1-nji, Döwletgeldi Hotjyýew 2-nji, borçnama boýunça harby gullugyň seržanty Şatlyk Tekäýew, harby talyplar Daýanç Keletliýew, Arslan Babanazarow we Şatlyk Esenow dagy baýrakly 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňiji bolan türgenlere Türkmenistanyň Karate-do federasiýasy tarapyndan diplomlar, medallar we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle-de çempionatda, harby talyp Abdylla Nurgylyjow Kata görnüşi boýunça 3-nji orny eýelemegi başardy, esger Röwşen Ataýew bolsa göreldeli çykyş edip, «Ýeňşe bolan höwesi üçin» diýen nyşan we medal bilen sylaglandy.