"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Bedenterbiýe we biz

Bagtyýarlygyň hem sagdynlygyň gözbaşy bolan sport ynsan durmuşynda wajyp orny eýeleýär. Sport bilen meşgullanmak hemmeler üçin zerur. Emma sport bilen meşgullanmak üçin öz mümkinçilikleriňe, ukyp-başarnyklaryňa dogry baha bermegi hem unutmaly däl. Sebäbi aşa agyr türgenleşikler gerekli netijäni almaga kömek etmän hem biler. Sportda-da, islendik işde bolşy ýaly, üstünlik gazanmak üçin sabyr-kanagat hem-de zähmetsöýerlik gerek. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanylanda, ilki bilen, ýaş aýratynlygyny göz öňünde tutmak maksadalaýyk bolar. Kiçi ýaşly çagalara, ýetginjeklere we gartaşan adamlara aşa agyr türgenleşikler maslahat berilmeýär. Orta ýaşly erkekler we zenanlar üçinem türgenleşikleriň belli bir topary bilen meşgullanmak peýdalydyr. Şeýle hem türgenleşikler diňe yzygiderli geçirilen ýagdaýynda islenilýän netijäni gazanyp bolýandygyny ýatdan çykarmaly däl.

Paýtagtyň birinjiligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde gözel Diýarymyzda ýaş nesle sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmakda ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Şeýle-de, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary ýokary guramaçylykly geçirmek üçin döwrebap sport desgalarydyr toplumlary hereket edýär. Golaýda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň ýurdumyzyň Kikboksing federasiýasy bilen bilelikde guramagynda geçirilen kikboksing boýunça paýtagtymyzyň açyk çempionaty hem şeýle şert-mümkinçilikleriň beýany boldy. Oňa paýtagtymyzdaky sport mekdeplerinde tälim alýan türgenleriň 200-den gowragy gatnaşyp, baş baýrak ugrunda özara güýç synanyşdylar. Ýaryş esasan hem kikboksingiň lou-kik usuly boýunça 2006-2007-nji, 2008-2009-njy, 2010-2011-nji, 2012-2013-nji hem-de 2014 – 2016-njy ýyllarda doglan türgenleriň arasynda guraldy.

Ýaş türgeniň ýürek sözi

Ýakynda Gruziýada ýaý atmak boýunça Ýewraziýanyň çempionaty geçirilip, bu bäsleşikde türkmen türgenleri 8 medal eýelemegi başardylar. Biz hem bu ýaryşda bürünç medal eýelän Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň binagärlik we dizaýn fakultetiniň binagärlik kafedrasynyň 1-nji ýyl talyby Köwser Abbasowa bilen söhbetdeş bolduk. Ol öz ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi: – Türkmenistan – sagdyn bedenli, sagdyn ruhly nesilleriň ýurdy. Munuň şeýledigini sport ulgamynda gazanylýan halkara ýeňişler hem aýdyňlygy bilen şöhlelendirýär. Türkmen Tuguny belentde parladyp, Döwlet senamyzy belentden ýaňlandyrýan türkmen türgenleriniň halkara sport üstünlikleriniň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň türkmen sportuny ösdürmek ugrundaky taýsyz aladalary ýatyr.

Düzzüm bäsleşigi

Türkmenistanyň Milli sport oýunlary merkezi tarapyndan guralan düzzüm ýaryşy «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyna bagyşlandy. Ýaryşa ikinji derejeden ýokary bolan düzzümçileriň 22-si gatnaşdy. Aýlaw usulynda guralan düzzüm ýaryşynda 9 oglan, 13 gyz ýeňiş üçin bäsleşdi. Bäsleşige gatnaşyjylaryň aglabasy Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň türgenleridir. Oglanlaryň ýaryşynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Arslan Orazgeldiýew ýeňiji boldy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Amanmyrat Çaryýew ikinji orny eýeledi. Paýtagtymyzdaky 130-njy orta mekdebiň okuwçysy Muhammet Rejepow öňdäki üçlügi jemledi.

Welaýatlardan habarlar

Bu gün eziz Diýarymyzda ynsan saglygyny goramak, sporty we bedenterbiýäni ösdürmek, ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegini gazanmak ugrunda durmuşa geçirilýän beýik işler diýseň ýokary baha eýedir. Şol ajaýyp ädimleriň netijesini wagyz etmek bolsa beýleki edara-kärhanalardyr guramalar bilen birlikde, sport ulgamynyň wekilleriniň hem paýyna düşýär. Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki sport mekdebi bu ugurda alyp barýan işleriniň yzygiderliligini üpjün edýär. Mekdebiň tälimçi-mugallymlary ýaşlar bilen guraýan maslahatlarynda zyýanly endiklerden daşda durmagyň, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagyň zerurlygy barada-da içgin düşündirýärler.

Meşhur küştçiniň ýatlamasy

Küşt Diýarymyzda sportuň ösen görnüşleriniň biri bolup, ol gadymy döwürlerden bäri halkymyzyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolup gelýär. Küşt oýnamak ýurdumyzda geçen asyryň başlarynda köpçülikleýin häsiýete eýe bolup, halkyň milli medeniýetiniň bir bölegine öwrülýär. Muňa aşakda gürrüň berjek wakamyzam bütin aýdyňlygy bilen güwä geçse gerek. XX asyryň ýigriminji ýyllarynda Russiýanyň Moskwa şäherinden meşhur küştçi A.Serebriýskiý Türkmenistana gelýär. Güneşli ülkämize bolan ýatdan çykmajak syýahaty barada soňra tanymal küştçi şeýle gürrüň beripdir: «Uly bazaryň bir çetinde üýşüp oturan bir topar adam meniň ünsümi özüne çekdi. Keçäniň üstünde bir-birine bakyp iki ýaşuly otyrdy. Olaryň daşyny garrylar bilen ýaşlar gurşap alypdyr, özleri-de, bir zatlary ara alyp maslahatlaşýardylar. Men olaryň ýanyna baryp, keçä nazar saldym. Onuň üstünde reňkli daşjagazlar bardy. Iki ýaşuly oýna gyzypdyr. Türkmenlerde daş bilen oýnalýan oýun köp, ýöne bu ýerdäki tomaşaçylaryň gyzyklanmasy maňa has täsin göründi. Daşjagazlaryň göçümi tanyş ýalydy. Üns berip seretsem, keçäniň ortasyna ak sapak bilen atanak üstüne atanak çekilipdir. Daşjagazlar özboluşly küşt tagtasynyň öýjüklerinde dur. Ilki şaşkadyr öýtdüm. Emma daşjagazlar 24-den köpdi. Küştmükä? Biraz durup, munuň hut şoldugyna göz ýetirdim. Mallaryň hemmesi meňzeş bolup, «tagtada» ak-gara öýler bolmasa-da, ýaşulular hakyky küşt oýnaýardy

Top torly halkada

«Aşgabat» köpugurly stadionynda basketbol boýunça Aşgabat şäheriniň hem-de «Olimp» orta sport mekdebiniň birinjiligi geçirildi. Ýaryş 2005—2008-nji ýyllarda doglan ýaşlardan düzülen toparlaryň altysynyň gatnaşmagynda geçdi.

Bedenterbiýe we sport

«Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII Uniwersiadanyň çäklerinde Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi bilen bilelikde guramagynda Balkanabat şäherindäki ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ýeňil atletika, düzzüm, şaşka, stol tennisi boýunça ýaryşlar geçirildi. Olaryň netijeleri boýunça Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň toparlary öňdäki orunlara mynasyp boldular. Ýakup AMANOW,

Talyplar göreş düşekçesinde

Şu günler talyp ýaşlaryň durmuşy gyzykly sport ýaryşlaryna beslenýär. «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly Uniwersiadanyň çäklerindäki ýaryşlaryň gyzykly pursatlary olara ýatdan çykmajak täsirleri bagyşlaýar. Golaýda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda geçirilen sambo ýaryşyny hem şeýle bäsleşikleriň biri hökmünde görkezmek bolar. Ýokary okuw mekdepleriň 17-sini jemlän ýaryş agramlaryň ýedisi boýunça guraldy. Şunlukda, toparlaýyn hasapda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplaryndan düzülen ýygyndy ýeňiji boldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary ikinji orna mynasyp boldular. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti üçünji orna eýe çykdy.

Zenan eminler

Katarda gyzgalaňly dowam edýän futbol baýramçylygynda dünýä çempionatlarynyň taryhynda ilkinji gezek zenan eminlere oýunlara baş eminlik etmek ynanyldy. Halkara Futbol federasiýasynyň çempionatyň duşuşyklaryna bellän baş eminleriniň hatarynda zenanlaryň üçüsi bar: Stefani Frappar (Fransiýa), Salima Mukansanga (Ruanda) we Ýosimi Ýamasita (Ýaponiýa).

Futbol täzelikleri

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 22-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Balkanabat şäherinde ýerli «Nebitçi» bilen duşuşan ýaryş tertibiniň öňbaşçysy «Ahal» topary 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Bu ýeňşinden soň utugyny 60-a ýetiren «Ahal» birinji orny eýelemegini dowam edýär. 10 utugy bolan «Nebitçi» 8-nji orunda ornaşdy. Ýaryş tertibinde ikinji orny eýeleýän paýtagtymyzyň «Altyn Asyry» hem bu tapgyryň duşuşygyny ýeňiş bilen tamamlady. Paýtagtymyzyň topary myhmançylykda «Energetigi» 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, 49 utuk toplady. Ýedinji orny eýeleýän «Energetigiň» 15 utugynyň bardygyny bellemek gerek.

Katar – 2022: gyzykly maglumatlar

Katarda gyzgalaňly dowam edýän dünýä çempionaty futboluň muşdaklaryna ýatdan çykmajak pursatlary bagyş edýär. Geliň, şu ýerde futbol baýramçylygynyň gahrymanlary barada gyzykly maglumatlar bilen tanşalyň. Niderlandlaryň ýygyndysynyň derwezeçisi Andris Noppert dünýä çempionatynda çykyş edýän iň uzyn boýly futbolçydyr. Onuň boýy 2 metr 3 santimetre barabar. Boýy 1 metr 58 santimetr bolan marokkoly goragçy Ilýas Şair bolsa ýaryşyň iň kelte oýunçysydyr.

Sport. Sport. Sport.

Çekeleşikli geçdi Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde taýsyz tagallalar edilýär. Şol tagallalardan ugur alnyp, golaýda Mary şäheriniň 6-njy sport mekdebinde welaýatymyzyň başlangyç we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.

Ta­ryh­da şu gün

«Sewilýada» çykyş edýän Ýago Aspas duşuşygyň 58-nji, 60-njy hem-de 62-nji minutlarynda tapawutlanyp bu ugurda mundan öňki goýlan rekordy täzelemegi başardy. Bu duşuşyk 5:1 hasabynda «Sewilýanyň» peýdasyna tamamlandy. Ý.Aspasyň «Liwerpulyň» taryhy oýunçysy Robbi Fauleriň 1994-nji ýylda goýan mundan öňki rekordyny 33 sekunda çenli täzeländigini bellemek gerek.

Spartakiadanyň welaýat tapgyry geçirildi

Golaýda orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII spartakiadanyň çäklerinde sportuň ýeňil atletika, kiçi futbol, tennis görnüşleri boýunça welaýat tapgyry geçirildi. Ony welaýat häkimligi, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, TMÝG-niň welaýat geňeşi, TKA-nyň welaýat birleşmesi, TDP-niň welaýat komiteti hem-de welaýat Baş bilim müdirligi bilelikde  gurady. Ýeňil atletika boýunça ýaryş Daşoguz şäherindäki «Garaşsyzlyk» sport desgasynda geçirildi. Oňa Akdepe, Boldumsaz, Şabat, Saparmyrat Türkmenbaşy, Görogly, Köneürgenç etraplaryndan hem-de  Daşoguz şäherinden toparlar gatnaşdylar. Ýaryşda türgenlerimiz uzynlyga bökmek, oglanlar 100 metr, gyzlar 60 metr aralyga ylgamak hem-de oglanlar estafetanyň 4x100 metr aralyga, gyzlar bolsa 4x60 metr aralyga ylgamak boýunça bäsleşdiler. Netijede, Şabat etrabynyň topary iň köp utuk toplap birinji,  Görogly etrabynyň topary ikinji, Daşoguz  şäheriniň topary üçünji orunlary eýelemegi başardylar. Kiçi futbol boýunça oglanlaryň arasyndaky ýaryşlar Daşoguz şäherindäki 1-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň sport meýdançasynda geçirildi. Bu ýaryşa 9 topar gatnaşdy. Gyzykly we çekeleşikli geçen oýunlarda garşydaşlarynyň ählisinden üstün çykan Daşoguz şäheriniň topary

Buzda typmak

Buzda figuralaýyn typmak aýratyn sport görnüşi hökmünde 1860-njy ýyldan bäri bellidir. Bu sport görnüşiniň birnäçe ugurlary bar: ýekelikde, toparlaýyn sinhroniki typmak, sport tanslary, iki bolup figuralaýyn typmak. Buzda figuralaýyn typmak sportuň örän owadan görnüşidir. Sportuň bu görnüşi diňe bir türgenler üçin däl, eýsem, boş wagtlaryny netijeli geçirmäge ýykgyn edýänler üçin hem örän peýdalydyr. Hakykatdan-da, buzda figuralaýyn typmak işjeň dynç alşyň owadan bir görnüşidir. Psiholog lukmanlar durmuşyň dartgynly döwürlerinde, göwnüňe tukatlyk aralaşanda, ukynyň bozulmalarynda konkide typmagy maslahat berýärler. Owadan sazlary diňläp konkide typmak, beden hereketiniň sazlaşykly çeýeligini, owadanlygyny, kalbyň nuranalygyny gazanmaga kömek berýär.

Karate we saglyk

Karate bilen meşgullanmagyň saglyga oňyn täsiri irki döwürlerden bäri mälimdir. XIX asyrda Okinawa adasynda geçirilen lukmançylyk barlagynyň netijesi karate bilen meşgullanýan mekdep okuwçylarynyň beýleki deň-duşlaryndan beden taýýarlygy, synalarynyň sazlaşykly ösüşi, umumy saglygy babatda görnetin tapawutlanýandygyny ýüze çykarypdyr. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda Birmingem uniwersitetinde şeýle barlaglaryň biri geçirilipdir. Oňa sportuň 30 görnüşi boýunça 100 rekordçy türgen gatnaşypdyr. Olaryň tizligi, çydamlylygy, güýji we çalasynlygy, deri asty ýag gatlagy babatda geçirilen barlaglar boýunça gimnastikaçylar birinji, baletçiler ikinji, karate bilen meşgullanýanlar üçünji orna mynasyp bolupdyrlar. Bu barlagyň maksady sportuň beden kämilligi, saglyk üçin has oňyn, ähmiýetli görnüşini kesgitlemek eken.

Finalçylar belli boldy

Ýurdumyzyň kubogyny eýelemek ugrunda 31-nji gezek geçirilýän ýaryşyň finalçylary belli boldy. Ýarym finalyň merkezi duşuşygynda bu kubogyň bäş gezek eýesi bolan «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Altyn asyr» topary bilen «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» topary duşuşdy. Ilkinji duşuşygy myhmançylykda geçirip, 1:2 hasabynda ýeňiş gazanan «Ahal» toparyny jogap duşuşygynda deňlik hem kanagatlandyrýardy. Bu hut şeýle-de boldy. Duşuşykda, oýnuň çekeleşikli bolandygyna garamazdan, hiç hili «gol» sesi çykmady. Hasap — 0:0.

Iň çalasyn küştçüler saýlanyldy

Aşgabatdaky Ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde erkekleriň we zenanlaryň arasynda küşti çalt (rapid) hem-de çalasyn (blis) oýnamak boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Küştüň bu görnüşleri (rapid we blis) boýunça Türkmenistanyň çempionaty resmi ýagdaýda ilkinji gezek geçirildi. Ýaryşa erkek küştçüleriň 50-si we zenanlaryň 22-si gatnaşdy. Blis boýunça duşuşyklar bary-ýogy 3 minut dowam edýär, her bir göçüm üçin hem oýunça 2 sekunt wagt berilýär. Şunda erkekleriň arasynda geçirilen ýaryşlarda halkara derejeli sport ussady Ýusup Atabaýew (FIDE-niň blis-reýtingi: 2454) bilen grossmeýster Maksat Atabaýewe (reýting: 2457) taý tapylmady. Ýusup Atabaýew mümkin bolan 21 utugyň 20-sini gazanyp bilen bolsa, Maksat Atabaýew ondan bary-ýogy ýarym utuk yza galdy. Üçünji orny bolsa FIDE-niň ussady Azat Nurmämmedow (reýting: 2282) eýeledi.

Katarda futbol baýramçylygy dowam edýär

Ka­tar­da do­wam ed­ýän 22-nji Dün­ýä Ku­bo­gyn­da to­par­ça­lar­da­ky du­şu­şyk­lar şu gi­je ta­mam­la­nar. Er­tir­den baş­la­p bolsa ýa­ry­şyň dart­gy­ny, çe­ke­le­şi­gi has-da güý­jäp, utu­lan-çyk­dy tap­gy­ry­na ba­dal­ga ber­ler. ÇEMPIONATY Utuk­syz ta­mam­lan il­kin­ji ýer eýe­le­ri