D witaminiň peýdasy
Adam saglygy gymmatly baýlykdyr. Adamyň sagdyn, ruhubelent bolmagy, şadyýan ýaşamagy üçin elmydama onuň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi, witaminlere baý önümleri gündelik durmuşda yzygiderli peýdalanmagy zerurdyr. Çünki witaminler adam synalarynyň işini kadaly ýerine ýetirmeginde wajyp orny eýeleýär. Olar madda çalşyk hadysalaryny sazlamakdan başgada, birnäçe biohimiki täsirleşmeleriň amala aşmagyny üpjün edýän fermentleriň hem möhüm bölegi bolup durýar. Adam bedeninde şeýle wajyp biohimiki ähmiýete eýe bolan witaminleriň biride D witaminidir. Ol witaminleriň ýagda ereýän toparyna degişlidir.