Il saglygy – ýurt baýlygy

2 Dekabr 2022
73

Halkyň saglygy ýurduň abadançylygynyň iň möhüm görkezijileriniň biri hasaplanýar. Sagdyn adam jemgyýetiň gymmatly baýlygydyr. Şol sebäpden hem, döwletimizde ynsan saglygyna berilýän üns dünýä nusgalykdyr. Çünki ýurdumyzda adam saglygy ähli zatdan ileri tutulýar.

Ilatyň saglygyny goramak döwletiň köp jähtli işi bolup, diňe bir keselleriň öňüni almak we bejermek boýunça çäreleriň geçirilmegi bilen çäklenmeýär. Ol ilatyň durmuş goraglylygyny, sagdyn durmuşy ornaşdyrmagy, sportuň köpçülikleýin häsiýetini gazanmagy, ösüp gelýän ýaş nesliň beden taýdan taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmagy hem öz içine alýar.

Güljahan ÝALKAPOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar