Antibiotikleri haçan kabul etmeli?

2 Dekabr 2022
414

Antibiotikler ýeke öýjükli mikroorganizmlere degişli bolan bakteriýalara garşy güýçli täsire eýe bolan derman serişdeleridir. Bu topara girýän dermanlar öz öýjüklerinde ýaşap, köpelmäge ukyply bolan bakteriýalary öýjükleri bilen bilelikde ýok edýärler.

Antibiotikler diňe bir bakteriýalara däl, eýsem, ýönekeýjelere we beýleki kesel dörediji mikroorganizmlere, çiş öýjüklerine garşy hem täsir edýärler. Olar dürli gaýnaglamaly hadysalarda, ýokanç we iriňli kesellerde, zäherlenmede kesel alamatlaryny çalt aýyrmaga, gysga wagtda näsagyň saglygyny dikeltmäge kömek edýär. Munuň özi antibiotikleri hirurgiýada, dem alyş ulgamynyň, boýnuň, döşüň, içki agzalaryň, peşew-jyns ýollarynyň, deriniň, nemli bardalaryň, damarlaryň gaýnaglamasynda we iriňli kesellerinde (tonzillit, öýken sowuklama, plewrit, mastit, piýelonefrit, furunkulýoz) üstünlikli ulanmaga mümkinçilik berýär.

Maýsa ÝALKAPOWA,
Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Milli AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň lukmany.
Beýleki habarlar