Dişleriň sagdynlygy

2 Dekabr 2022
230

Dişleriň sagdynlygy, olaryň hatarlarynyň gönüligi ynsanyň görküne görk goşýar. Şeýle-de dişleriň sagdynlygy umumy bedeniň saglygy üçin örän möhümdir. Şol sebäpli çagalykdan başlap, yzygiderli dişleriň saglygy barada aladalanmak gerekdir.

Lukmançylykda ortodont lukmany, esasan-da, dişleriň ýokarky we aşaky hatarlarynyň biri-birine sazlaşykly durmagyna, olaryň hatarlarynyň gönüligine zeper ýetirýän hadysalary aradan aýyrmak boýunça bejergi işlerini alyp barýar. Aýratyn-da, dişleriň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek üçin çagalykdan ortodont lukmanyna ýüz tutmaly.

Ilmyrat SARYÝEW,
Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Stomatologiýa merkeziniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar