Gastrit — aşgazan-içege ulgamynyň köp ýaýran keseli bolup, ol, aýratyn-da, mekdep ýaşly çagalarda ýygy duş gelýär. Kesel aşgazanyň nemli bardasynda gaýnaglama ojagynyň ýüze çykýandygy bilen häsiýetlendirilýär. Onuň döremegine içki we daşky täsirleriň sebäp bolup bilýändigini bellemek gerek.
Kesel alamatlary ýiti hem-de dowamly görnüşde ýüze çykyp bilýär. Gastrit keseli wagtynda bejerilmese, ol dowamly häsiýete geçýär.