Saglyk barada gyzykly maglumatlar

2 Dekabr 2022
342

Öz saglygy barada talabalaýyk alada etmegi her bir adamyň durmuşyň ähli ugurlarynda uly üstünlikleri gazanmagyna, gabat gelýän meseleleri netijeli çözmäge hem-de kynçylyklary ýeňip geçmäge mümkinçilik döredýär. Dünýä tejribesinde saglygy goramaga degişli peýdaly endikleri özüne gündelik düzgün-kada edýän adamlaryň köpdügine göz ýetirýärsiň. Geliň, saglyk üçin peýdaly bolan käbir durmuş endikleri bilen tanşalyň.

Dünýäde sagdyn adamlaryň köp ýaşaýan ýeri Ýaponiýanyň Okinawa adasy hasaplanylýar. Bu ýerde resmi taýdan bellige alnan 450-den gowrak uzak ýaşly adamlar ýaşaýar. Olaryň her biri 100 ýaşdan geçen.

Taýýarlan Jennet TOÝMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň kliniki ordinatory.
Beýleki habarlar