Oňurga üçin bejeriş maşklary

2 Dekabr 2022
250

Skolioz süňk-myşsa ulgamynyň keseli bolup, oňurga sütüniniň saga ýa-da çepe gyşarmagy bilen häsiýetlendirilýär. oňurga sütüniniň gyşarmagy dogabitdi, metaboliki bozulmalarda ýa-da şikesden soň döräp bilýär. Bu ýagdaý, köplenç, ýetginjeklik döwründe ýüze çykýar. oňurga sütüniniň gowşak gyşarmasynda dowamly fiziki ýüklenmeden ýa-da pyýada ýörelenden soň arkada, aýaklarda agyrylar döreýär, hat-da bedende guruşmalar ýüze çykýar, hereket çäklenýär. Bejeriş bedenterbiýesi islendik derejeli oňurga sütüniniň gyşarmasynyň toplumlaýyn bejergisinde esasy bejergi bolup durýar. oňurga sütüniniň gyşarmasynyň başlangyç döwründe yzygiderli bejeriş maşklary ýerine ýetirilende bu nogsanlygyň öňüni alyp bolýar. Hünärmenler tarapyndan teklip edilen bejeriş bedenterbiýesini oňurga sütüniniň gyşarmasynyň islendik derejesinde lukman bilen maslahatlaşyp ýerine ýetirmelidir.

Oňurga sütüniniň saga ýa-da çepe gyşarmasynda ýerine ýetirilýän maşklar toplumy

Aýgözel ORAZMUHAMMEDOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň mediki-biologik üpjünçiligi kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar