Geçmişi şöhratly şäher

8 Noýabr 2022
230

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Türkmenistanyň çäginden gadymy döwürlerde, şeýle hem orta asyrlarda-da, Amulyň, Merwiň, Sarahsyň, Abiwerdiň, Nusaýyň, Dehistanyň üsti bilen Hytaýdan Ýakyn Gündogara çenli, Köneürgenjiň üsti bilen Orta Gündogar ýurtlaryndan Russiýa çenli, Zemmden Hindistana çenli möhüm söwda ýollary geçipdir» diýip belleýşi ýaly, Watanymyzyň çäginde gadymy we orta asyrlarda gülläp ösen şäherleriň onlarçasy bolupdyr. Bu ýerde ady agzalýan Zemm Lebap welaýatynyň gündogarynda, Amyderýanyň çep kenarynda ýerleşýän Kerki şäheriniň öňki adydyr. Ol Türkmenistanda gadymy şäherleriň biri hasaplanylýar. Bu ýer Amyderýadan geçmek üçin iň bir amatly geçelgeleriň biri bolup, derýanyň hanasynyň dar ýeridir. Taryhda saklanyp galan ýazgylara görä, ol geçmişde «Şähri-Haňka, Anka, Zingar, Zernigär, Zemm, Kerkuh, Kerki» ýaly atlary bilen bellidir.

Kerki şäheriniň atlarynyň köp bolşy ýaly, onuň taryhy-da öz gözbaşyny juda irki döwürlerden alyp gaýdýar. Arheolog W.I.Pilipko «Demirgazyk-günbatar Baktriýanyň oturymly ilaty» kitabynda: «Beg galasynyň günorta-gündogar tarapynda gazylan çukurdan çykan tapyndylar esasynda şäheriň taryhy 2500 ýyldan az däl» diýip ýazýar.

Ogulbibi ROZYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň talyby.
Beýleki habarlar