Gadymy Änew medeniýeti

26 Oktýabr 2022
305

Özüniň milli medeni, edebi we taryhy gymmatlyklary bilen umumadamzat medeniýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň geçmiş taryhyny dikeltmek we dünýä ýaýmak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Belent maksatlara beslenen bu ugurlary has-da ýaýbaňlandyryp, medeni ýadygärliklerimizi, edebi gymmatlyklarymyzy ylmy esasda öwrenmek «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda has-da giň gerime eýe bolýar.

Ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda gojaman taryhda maddy we medeni gymmatlyklaryň beýik nusgalaryny döredip, gadymy türkmen topragynyň şan-şöhratynyň dünýä ýaýylmagynda ägirt uly işleri alyp barypdyrlar. Bu gün bolsa şol medeni we taryhy gymmatlyklar bagtyýarlyk döwrüniň çogly Güneşiniň astynda nur saçyp, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özünde jemleýär.

Begençmuhammet DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň diller kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar