"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum-zurnaly@online.tm

Habarlar

Mäne babadan pata alan seljuklar

Türkmen halkynyň gojaman taryhy asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp, dünýä taryhynda öçmejek yz galdyrdy. Halkyň hakydasynda ebedi saklanan beýik şahsyýetler, parasatly akyldarlar we nusgawy şahyrlar milli buýsanjymyza öwrüldiler. Orta Gündogaryň taryhynda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýet, keramatly pir Abusagyt Abylhaýyr Mäne baba, onuň ak pata beren meşhur seljuk serdarlary Çagry begiň we Togrul begiň Daňdanakan (Dendenakan) söweşine çenli ömür ýolunyň taryhyny özünde jemleýän, senenamalarda ebedi saklanyp galan wakalary ýatlamagy maksat edindik. Bu taryhy döwür türkmen halkynyň gojaman taryhynyň bir ülşi bolup, ynsan hakydasynda öçmejek yz galdyrdy. Oguzlaryň gynyk ilinden gaýdýan seljuklar nesilşalygy, Mawerannahryň we Horasanyň syýasy durmuşynda uly orun tutýar. Seljuklar X asyryň başlarynda Syrderýanyň orta we aşak akymlarynda döräp, ýer-ýurt tutunýarlar. Seljuklar öz nesilşalygyny, gözbaşyny oguz taýpa birleşigine we urug toparyna baştutanlyk eden Dukagyň ogly Seljukdan alyp gaýdýar.

Milli oýunlar — terbiýeçilik mekdebi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nesil terbiýesi hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýokary ahlak düşünjeli we sagdyn ruhly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde mynasyp işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda iň kämil tehniki serişdeler bilen üpjün edilen çagalar baglarynyň, umumy bilim berýän we ýöriteleşdirilen mekdepleriň, ýokary okuw mekdepleriniň ençemesiniň gurulmagy, öňden hereket edýänleriniň bolsa döwrebaplaşdyrylmagy nesil terbiýesine ýurt derejesinde nähili uly ähmiýet berilýändiginiň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda türkmeniň inim-çykymy, dowamata öwrülen kada-düzgünleri baradaky ajaýyp ýörelgeleri giňden beýan edilýär. Kitapda türkmençilikde 7 zady ýüze sylmagyň parz hasap edilýändigi barada hem örän gyzykly maglumatlar berilýär. Alym Arkadagymyzyň jaýdar belleýşi ýaly her bir türkmen maşgalasynda çaga dünýä inende ony ýüze sylyp, mähir bilen gurşap alýarlar. Ol çaganyň ulalyp, ilhalar, edep-terbiýesi ýetik, zähmetsöýer adam bolup ýetişmegi üçin çagalygyndan alada edilýär. Çünki, çaga her öýüň şatlygy, guwanjy, geljegi, maşgalanyň dowamaty.

Nalaç baba ýadygärlikler toplumy

Üstýurt gyrynyň uzyn dilkaw şekilli bir çüňki ýurdumyzyň demirgazyk çäginde ýarym aýlaw şekilli uzap gidýär. Şol dilkaw şekilli gyryň içki bölegine Aýböwür diýilse, günorta gündogara uzap gutarýan bölegine Nalajyň gyry diýilýär. Şol ýerde Nalaç baba ady bilen gadymy gonamçylyk hem-de ýadygärlikler toplumy ýerleşýär. Ýeri gelende, Üstýurt gyrynyň Aýböwüriň daşyndan aýlanýan böleginde, düzlük bilen gyryň sepleşýän ýerinde gurlan Döwkesen, Şamahy galalary bilen Nalaç baba ýadygärlikler toplumyndaky köp sanly meňzeşlikler şeýle synlanyňda hem bildirýär. Oňa Bötendagdaky Ybraýym Edhem ýadygärlikler toplumyny hem degişli etmek mümkin. Nalajyň gyrynyň gündogar eňňidindäki Şirwan galasy ýokarda sanalan galalardan diwarynyň pagsadan galdyrylanlygy bilen tapawutlanýar. Bulara Döwkeseniň golaýynda düzlükde gurlan Akgalany, Bötendagyň etegindäki Adak galasyny hem goşmak bolar. Bötendagda Adak ady bilen iki sany gala bolup, onuň Tüni derýanyň köne hanasynyň gündogar tarapyndakysy abat diýen ýaly saklanyp galypdyr. Bötendagyň etegindäkisi bolsa ýumrulyp, haraba öwrülipdir. Bu galalar baradaky käbir maglumatlar orta asyr çeşmelerinde duşýan hem bolsa, olar barada ylmy jähetden çemeleşilen maglumatlar geçen asyryň başyndan başlanýar. Rus alymy S. P. Tolstow 1936-njy ýylda uçardan alnan suratlar esasynda bu galalaryň köpüsi baradaky maglumatlary ilkinji ylmy dolanyşyga girizýär. Öňki çeşmelerde

Ýiti respirator ýokanç keselinden goranyň!

Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda ynsan saglygyny hemme zatdan ileri tutmak, raýatlary ýokanç, beýleki dürli kesellerden goramak, olaryň ýüze çykmagynyň, ýaýramagynyň öňüni almak, halkymyzy sagdyn durmuşda ýaşatmak boýunça geçirilýän işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ajaýyp beýanyny tapýar. Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde howanyň çyglylygy we sowuklygy sebäpli ýüze çykyp biläýjek ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin her bir adam şahsy arassaçylyk talaplaryny berk berjaý etmeli, ellerini arassa saklamaly, sabyn bilen ýygy-ýygydan ýuwmaly we zyýansyzlandyryjy serişdelerini ulanmaly. Burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmaly. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini elmydama berk berjaý etmeklik islendik ýokanç keselleriň öňüni almak üçin möhümdir. Şahsy arassaçylyk kadalarynyň pugta berjaý edilmegi keselden goranmaga oňat kömek edýär. Munuň üçin zerur bolmasa, adamlaryň köp üýşýän ýerine barmakdan saklanmaly.

Göwünleri galkyndyrýan dostluk festiwaly

Daşoguz welaýatynda geçirilýän Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň ikinji gününde irden welaýat kitaphanasynda iki ýurduň ýazyjy-şahyrlarynyň arasynda döredijilik duşuşygy boldy. Bu duşuşyk goňşy iki ýurduň ýazyjy-şahyrlarynyň özara pikir alyşmasyna öwrüldi, okalan goşgularda dostlugyň, watançylygyň tarypy ýetirildi. Şeýle-de Daşoguz welaýatynyň S. A. Nyýazow adyndaky etrabynyň «Altyn ýol» geňeşliginiň Delewar oba medeniýet öýünde iki goňşy ýurduň kino sungaty işgärleriniň döredijilik duşuşygy geçirildi. Görkezilen türkmen we özbek kinofilmleri tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Iki günläp dowam edýän dostluk festiwalynyň dabaraly ýapylyşynyň bolmagy meýilleşdirilýär.

Dostluk festiwaly

Şu gün Daşoguz şäherinde Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Irden Daşoguz şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada milli däp-dessurymyza laýyklykda myhmanlar duz-çörek we aýdym-sazly çykyşlar bilen garşylandy. Soňra festiwala gatnaşyjylar «Türkmeniň ak öýi» binasynyň foýesinde guralan iki ýurduň amaly-haşam we zergärçilik sungatynyň sergisine aýlanyp gördüler. Soňra Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň dostluk festiwalyna gatnaşyjylara Gutlaglary ýokary ruhubelentlik bilen garşy alyndy. Soňra iki goňşy ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki dostluk konserti tomaşaçylaryň göwünlerini galkyndyrdy. Festiwal öz işini dowam etdirýär.

Dostlugy berkidýän halkara festiwaly

Şu gün gadymy Lebap topragynda «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly öz işini dowam etdirdi. Günüň birinji ýarymynda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde guralan sergä tomaşa edildi. Daşary ýurtly myhmanlar sergide görkezýän işleri barada täsirli gürrüň berdiler. Olar özleriniň milli lybaslarynyň, senetçilik we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergä gatnaşanlarda galdyrýan ýakymly täsirlerine buýsanýandyklaryny aýtdylar. Olar türkmen kärdeşleriniň sergä hödürlän işleriniň özlerinde uly gyzyklanma döredýändigini aýratyn nygtadylar.

Halkara festiwal dowam edýär

Şu gün «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly öz işini dowam etdirýär. Oňa gatnaşyjylar Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine baryp, ýörite guralan sergä tomaşa etdiler. Sergide türkmen halkynyň hem-de dünýä halklarynyň birnäçesiniň senetçiligi, amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi. Senetçiligiň görnüşleri bolan küýzegärçilik, dutar ýasamak, agaç ussaçylygy, binagärlik, zergärçilik bilen bagly gymmatly maglumatlary özünde jemleýän eksponatlar halklaryň arasyndaly medeni gatnaşyklaryň taryhy kökleriniň gadymdan gaýdýandygyny aýdyň görkezýär.

Dostlygy berkidýän milli miras

Şu gün Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň açylyş dabarasy boldy. Şäherdäki «Türkmeniň Ak öýi» binasynda geçirilen bu dabaranyň başynda  hormatly Prezidentimiziň festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Bu dabara daşary ýurtlaryň birnäçesinde wekiller gatnaşýarlar. Festiwalyň açylyş dabarasynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa edildi. Myhmanlar we festiwala gatnaşýan ildeşlerimiz  «Türkmeniň Ak öýi» binasynda gurnalan ýörite sergä tomaşa etdiler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Habarlar

1-nji awgust. Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Hazar deňziniň kenarynda täze döwrebap «Rowaç» kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu toplum «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň dynç alyş-şypahana düzüminiň üstüni ýetirdi. 4-nji awgust. Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ogly Kerimguly bilen ir säher Hazaryň kenaryna çykyp, birsellem gezelenç etdi hem-de welosipedli ýörişi amala aşyrdy, şeýle hem sport maşklaryny ýerine ýetirdi.

Ýa­zan şyg­ryň öz ýü­re­giň nag­şy­dyr

Ömür bar, ömür. Mana-mazmuna ýugranyňda sany sanalmaýar. Onuň gysgalygynyň, uzynlygynyň menzili ölçege gelenok. Zehine ýan beren şahyr ýaşaýar, ýaşaram. Şoňa berk ynanýaň. Goşgy — meniň ömrümiň manysy. Ömrümi şygra bagyşladym. Ýeke oturan pursadymam, göýä ymmat meň ýanymda ýaly, hiç haçan ýüregim gysmady. Şonuň üçinem ömrümiň şygyrsyz pursadyny tapyp bolmaz. Ömrüm — şygyr.

Şygryýet bossany

Halkyň Arkadagly zamanasynda Agzybirlik Tugy pasyrdap erkin,Synlap ganyp bilmen Watanmyň görkün,Munda öz bagtyny görüp dur her kim,Halkyň Arkadagly zamanasynda.

Şygryýet bossany

Watanym Barlygyňda bagtyýar men,Seždegähim, togabym sen,Ölmez-ýitmez dowamym sen,Ajap döwrana ýetenim,Türkmenistandyr Watanym.

Şygryýet bossany

Arkadagly Serdar bilen Arkadagyň eden işi görelde,Arkadagyň aýdan sözi ýörelge,Watanyň bagtyny her kes görende,Bilýär ýeňişlere soňsuz rowan bar,Arkadagly Serdar bilen dowam bar!

Şygryýet bossany

Watanym bar Aňrym Adam ata, aslym Oguz han,Ata Watan, Türkmenistan Garaşsyz.Başymyň täjidir hemem şöhrat-şan,Ata Watan, Türkmenistan Garaşsyz.

Şygryýet bossany

Watan Perzendiň men, sende tapdym kemaly,Sensiň seždegähim, ynanjym Watan!Her dem sypalaýar bagtyň şemaly,Goýny rahat, arka daýanjym Watan!

Şygryýet bossany

Bagtly zamana Günlere gülleýşin goşup gelendir,Halkyň Arkadagly zamanasynda.Ulus-il Watana gujak gerendir,Halkyň Arkadagly zamanasynda.

Şygryýet bossany

Ýadygärlik Irden ýaňlananda dutar owazy,|Ýatladar halkyma gyş güni ýazy,Bu gün seýran etdik ak şäherime,Guwanyp şäheriň ak säherine.

Şa serpaýlaryňyz gutly bolsun!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň altyn güýzünde bellenilip geçilen Baş baýramymyz bolan Garaşsyzlygyň 31 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda ildeşlerimiziň ençemesi döwlet sylaglaryna mynasyp boldy. «Işleseň il tanar» diýlişi ýaly, biziň Watanymyzda halal zähmet çekeniň gadyry bilinýär. Halal zähmet çekip, ýyllaryň dowamynda işdeşlerine, şägirtlerine görelde bolup gelýän raýatlarymyzyň Watan öňündäki hyzmatlaryna ýokary baha berilmegi «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarymyzyň durmuşda amal bolýandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär.

Ýaşlary galkyndyran döredijilik bäsleşigi

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli bu şanly toýuň öňüsyrasynda «Garagum» žurnalynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan eden «Bagtyýarlyk döwri — ylham çeşmesi» atly bäsleşiginiň jemi jemlendi. Oňa ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň talyplary, dürli pudakda zähmet çekýän ýaş hünärmenler gatnaşdylar. Edebi döredijilikde zehinli ýaşlaryň öňe saýlanmagy bilen olaryň geljekde täze-täze eserleri döredip, milli edebiýatymyzyň hazynasyny baýlaşdyrmaklaryna giň ýol açylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýaşlaryna ýüzlenip, şeýle diýýär: «Asyrdan--asyra, nesilden-nesle geçirilip, kämil derejä ýetirilen milli ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirip, watansöýüjilikde, tämiz ahlaklylykda, beden we ruhy taýdan sagdynlykda ýokary derejelere ýetmelisiňiz. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe okamak, öwrenmek, döredijilikli, yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini öňküden-¬de belende götermelisiňiz». Şulardan görnüşi ýaly, ýaşlaryň okuwa, öwrenýän hünärine, zähmet çekýän işine döredijilikli çemeleşmekleri olary üstünliklere eltýär. Beýik döwrümizden ylham alyp, çeper döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar bolsa ajaýyp zamananyň belent sesine mynasyp