Göwünleri galkyndyrýan dostluk festiwaly

17 Noýabr 2022
553

Daşoguz welaýatynda geçirilýän Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň ikinji gününde irden welaýat kitaphanasynda iki ýurduň ýazyjy-şahyrlarynyň arasynda döredijilik duşuşygy boldy. Bu duşuşyk goňşy iki ýurduň ýazyjy-şahyrlarynyň özara pikir alyşmasyna öwrüldi, okalan goşgularda dostlugyň, watançylygyň tarypy ýetirildi.

Şeýle-de Daşoguz welaýatynyň S. A. Nyýazow adyndaky etrabynyň «Altyn ýol» geňeşliginiň Delewar oba medeniýet öýünde iki goňşy ýurduň kino sungaty işgärleriniň döredijilik duşuşygy geçirildi. Görkezilen türkmen we özbek kinofilmleri tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Iki günläp dowam edýän dostluk festiwalynyň dabaraly ýapylyşynyň bolmagy meýilleşdirilýär.

Döwletgeldi Annamyradow,
«Garagum».
Beýleki habarlar