Dostlugy berkidýän halkara festiwaly

14 Oktýabr 2022
321

Şu gün gadymy Lebap topragynda «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly öz işini dowam etdirdi. Günüň birinji ýarymynda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde guralan sergä tomaşa edildi.

Daşary ýurtly myhmanlar sergide görkezýän işleri barada täsirli gürrüň berdiler. Olar özleriniň milli lybaslarynyň, senetçilik we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergä gatnaşanlarda galdyrýan ýakymly täsirlerine buýsanýandyklaryny aýtdylar. Olar türkmen kärdeşleriniň sergä hödürlän işleriniň özlerinde uly gyzyklanma döredýändigini aýratyn nygtadylar.

Nurtäç Annamuhammedowa,
«Garagum».
Beýleki habarlar