Halkara festiwal dowam edýär

13 Oktýabr 2022
286

Şu gün «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly öz işini dowam etdirýär. Oňa gatnaşyjylar Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine baryp, ýörite guralan sergä tomaşa etdiler.

Sergide türkmen halkynyň hem-de dünýä halklarynyň birnäçesiniň senetçiligi, amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi. Senetçiligiň görnüşleri bolan küýzegärçilik, dutar ýasamak, agaç ussaçylygy, binagärlik, zergärçilik bilen bagly gymmatly maglumatlary özünde jemleýän eksponatlar halklaryň arasyndaly medeni gatnaşyklaryň taryhy kökleriniň gadymdan gaýdýandygyny aýdyň görkezýär.

Nurtaç Annamuhammedowa,
«Garagum».
Beýleki habarlar