1-nji awgust. Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Hazar deňziniň kenarynda täze döwrebap «Rowaç» kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu toplum «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň dynç alyş-şypahana düzüminiň üstüni ýetirdi.
4-nji awgust. Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ogly Kerimguly bilen ir säher Hazaryň kenaryna çykyp, birsellem gezelenç etdi hem-de welosipedli ýörişi amala aşyrdy, şeýle hem sport maşklaryny ýerine ýetirdi.