Ömür bar, ömür. Mana-mazmuna ýugranyňda sany sanalmaýar. Onuň gysgalygynyň, uzynlygynyň menzili ölçege gelenok. Zehine ýan beren şahyr ýaşaýar, ýaşaram. Şoňa berk ynanýaň.
Goşgy — meniň ömrümiň manysy. Ömrümi şygra bagyşladym. Ýeke oturan pursadymam, göýä ymmat meň ýanymda ýaly, hiç haçan ýüregim gysmady. Şonuň üçinem ömrümiň şygyrsyz pursadyny tapyp bolmaz. Ömrüm — şygyr.