Şa serpaýlaryňyz gutly bolsun!

11 Oktýabr 2022
369

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň altyn güýzünde bellenilip geçilen Baş baýramymyz bolan Garaşsyzlygyň 31 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda ildeşlerimiziň ençemesi döwlet sylaglaryna mynasyp boldy. «Işleseň il tanar» diýlişi ýaly, biziň Watanymyzda halal zähmet çekeniň gadyry bilinýär.

Halal zähmet çekip, ýyllaryň dowamynda işdeşlerine, şägirtlerine görelde bolup gelýän raýatlarymyzyň Watan öňündäki hyzmatlaryna ýokary baha berilmegi «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarymyzyň durmuşda amal bolýandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär.

«Ga­ra­gum».
Beýleki habarlar