Ýaşlary galkyndyran döredijilik bäsleşigi

11 Oktýabr 2022
260

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli bu şanly toýuň öňüsyrasynda «Garagum» žurnalynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan eden «Bagtyýarlyk döwri — ylham çeşmesi» atly bäsleşiginiň jemi jemlendi. Oňa ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň talyplary, dürli pudakda zähmet çekýän ýaş hünärmenler gatnaşdylar.

Edebi döredijilikde zehinli ýaşlaryň öňe saýlanmagy bilen olaryň geljekde täze-täze eserleri döredip, milli edebiýatymyzyň hazynasyny baýlaşdyrmaklaryna giň ýol açylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýaşlaryna ýüzlenip, şeýle diýýär: «Asyrdan--asyra, nesilden-nesle geçirilip, kämil derejä ýetirilen milli ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirip, watansöýüjilikde, tämiz ahlaklylykda, beden we ruhy taýdan sagdynlykda ýokary derejelere ýetmelisiňiz. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe okamak, öwrenmek, döredijilikli, yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini öňküden-¬de belende götermelisiňiz». Şulardan görnüşi ýaly, ýaşlaryň okuwa, öwrenýän hünärine, zähmet çekýän işine döredijilikli çemeleşmekleri olary üstünliklere eltýär. Beýik döwrümizden ylham alyp, çeper döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar bolsa ajaýyp zamananyň belent sesine mynasyp ses goşýan nesilleriň hatarynda tanalýarlar.

«Garagum».
Beýleki habarlar