Garagum

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum-zurnaly@online.tm

Habarlar

Habarlar

1-nji fewral. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, geçiriljek ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy hem-de welaýatlaryň ýolbaşçylarynyň alnyp barlan işler baradaky hasabatlary diňlenildi. Şol gün. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň barşy bilen tanyşdy. Milli Liderimiz harby gullukçylar üçin lybaslaryň nusgalaryny gözden geçirip, olar babatda birnäçe bellikleri aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, döwrebap harby lybaslaryň ýokary hilli, degişli aýratynlyklary bolan matalardan taýýarlanylmalydyr hem-de bildirilýän talaplara, şol sanda howa şertlerine doly kybap gelmelidir. Bu olaryň niýetlenen maksadyny, gelşikliligini nazara almak bilen, harby egin-eşikleriň amatlylygyna degişlidir.

Şygryýet bossany

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany Uýýas Arkadagyň paýhas-pendine,Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.Eçilýär rysgalyn oba-kendine,Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

Şygryýet bossany

Arkadagly watanda Nesibäm bu, beýik Taňryň peşgeşi,Goýnuňda doguldym, gördüm eşreti,Hut sensiň kalbymyň ylham çeşmesi,Bagtyýar biz Arkadagly Watanda.

Mukaddes garaşsyzlyk: döwür we biz

Her bir adamyň özygtyýarly, garaşsyz döwletli bolmagyň bütin duýgy-düşünjeleriniň, kalbynyň, aňynyň içinden geçip, göwnühoşlugyň üýtgeşik ahwallary bilen gurşap almasyny başyndan geçirmegi häli-şindi duşup duran pursat däldir, elbetde. Döwletiň döremegine, düýbüniň tutulmagyna, ähli ugurlar boýunça gurluşyna şaýat bolmak, bu mukaddes hadysalary gözüň bilen görmek, oňa gatnaşmak her bir nesle miýesser edip duran waka däl ahyry. Häzirki ýaşlar geçmişde beýik döwletleri guran, şadöwletleri dolandyran milletiň nesilleridigi baradaky düşünjeler, berkarar döwletiň raýatydygy baradaky buýsançly duýgular bilen kemala gelýärler. Ýurdumyzyň ýeriň emeli hemrasynyň Arşa çykarylmagy we onuň öz hünärmenlerimiz tarapyndan dolandyrylmagy ýaşlar üçin adaty ýagdaý. Olar ösen döwletde kemala gelýän nesiller. Dünýä bilen aýakdaş gidýän ýurduň raýatlary.

Hasyl bolan arzuwlar

Eziz Diýarymyz bedew bady bilen öňe barýar. Ozalky ýyllarda bolşy ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem döwletimiziň ähli pudaklarynda guwandyryjy üstünlikleriň gazanyljakdygy şübhesizdir. Hormatly Prezidentimiz: «Türkmen döwletliliginiň goşa ganaty bolan Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk ata Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan uly güýçdür» diýýär. Şu ýyl Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolanyna 30 ýyl dolýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän mukaddes düşünjedir. Bu söz özünde ägirt uly many-mazmuny jemlemek bilen, merdana ata-babalarymyzdan bize miras galan eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine düýpli düşünmäge mümkinçilik berýär. Şu ýyl 30-njy gezek belleniljek mukaddes Garaşsyzlyk baýramy ata-babalarymyzyň wesýet eden ynsanperwer ýörelgeleriniň doly durmuşa geçirilýändiginiň, özygtyýarly döwlet, abraýly jemgyýet hakynda asyrlarboýy edip gelen arzuwlarynyň hasyl bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Eziz Watanymyzyň iň täze taryhy, biziň üstünliklerimiziň hem-de ösüşlerimiziň ählisi beýik Garaşsyzlykdan gözbaş alýar.

«Älem içre at gezer» — nusgalyk eser

Hormatly Prezidentimiziň ygtybarly maglumatlara baý eserleri edebiýatyň ösüşinde kämillige ýetdi. Ýokary çeperçilik usulynda döredilen eserler kemala geliş we ösüş ýolunda ençeme edebi däpleriň özara gatnaşygynyň baý tejribesini görkezdi. Hormatly Prezidentimiz türkmen edebiýatynyň has irki önümleri bolan halk döredijiligini öz eserlerine siňdirdi. Ol eserlerde uzak asyrlaryň dowamynda halkyň ýürek urgusyndan wysal tapan edebi miras sütün-binýat hyzmatyny ýerine ýetirdi. Halkyň köňül joşgunyny, kalp aýdymyny özüne siňdiren milli we medeni miras ol eserlerde şöhlelendi. Halk döredijilik eserleriniň şahyrana žanrlaryna mahsus bolan özboluşly aýratynlyklar, olaryň ruhundaky janlylyk, joşgunlylyk ýaly häsiýetler eserleriň içki özenini düzdi. Dürli döwürleriň watansöýüjilik ýörelgesini nusga edinen taryhy şahsyýetleriň halkyň arasynda ýaşaýandygyny ebedileşdirdi. Edebiýatyň ösüşindäki şol kanunalaýyk hadysasy edebi döredijilikde täze žanr, görnüş aýratynlyklarynyň emele gelmegine getirdi. Şol edebi usullar, aýratynlyklar eserlerde bitewi hadysa, ýol-ýörelgä öwrüldi. Şol täzeçillik diňe alym Arkadagymyzyň eser ýazmakdaky çemeleşmesi bilen häsiýetli bolman, onuň pikir-mazmun, çeper keşp döretmek, taryhy şahsyýetleri ebedileşdirmek babatynda-da türkmen edebiýatyny täze basgançaga çykardy. Hakykaty töwerekleýin suratlandyrmaga laýyk gelýän täze ýordumyň, çeperçilik gurluşyň, täze mazm

Gözelligiň, agzybirligiň dabaralanmagy

Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileý toýunyň bellenilýän, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda eşretli durmuşyň hözirini görýän halkymyzyň her bir güni şowhunly, şatlykly toýlara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda milli däp-dessurlarymyzy täzeden dikeltmäge, baýramçylyklarymyzy dabaraly bellemäge giň mümkinçilik döredildi. Türkmeniň dabaraly bellenilýän baýramçylyklarynyň esasylarynyň biri hem Milli bahar baýramydyr. Bu baýram dünýäniň ençeme halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň kalbynda we hakydasynda ençeme asyrlar bäri ýaşap gelýän iň gadymy baýramlaryň biridir. 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Owganystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň hyzmatdaşlygy we teklip etmegi netijesinde bolsa 2010-njy ýylyň fewral aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny Halkara Nowruz güni diýip yglan etmek barada ýörite Kararnama kabul edildi.

Türkmenistan — ýunesko: sazlaşykly hyzmatdaşlygyň hukuk esaslary

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýeti ösdürmek, medeni mirasymyzy gorap saklamak hem-de milli gymmatlyklarymyzy dikeltmek boýunça ummasyz köp işleri durmuşa geçirýär. Mälim bolşy ýaly, her bir halkyň milli medeniýeti, däp-dessurlary, özboluşly geçmiş taryhy bar. Her bir millet öz ruhy-medeni gymmatlyklary bilen öňe çykýar. Türkmen halky özüniň köpasyrlyk taryhynyň dowamynda adamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna öz mynasyp goşandyny goşupdyr. Medeni mirasy goramagyň, nesilden-nesle geçirmegiň mazmuny we maksady asyrlaryň dowamynda kemala gelen we dünýäniň, adamzadyň medeni ösüşine goşant goşan ata-babalarymyzyň döreden paýhasly ýörelgelerinden ugur almakdyr. Biziň ýurdumyz bu günki gün birnäçe halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Türkmenistan BMG-niň möhüm konwensiýalarynyň birnäçesine goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny hemişe görkezýär.

Enäniň we çaganyň saglygyny goramak ulgamynda ýetilen sepgitler

Ilatyň saglygyny goramak hem-de pugtalandyrmak, keselleriň öňüni almak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan syýasatyň esasy maksady bolup durýar. Döwletimiziň syýasatynda raýatlaryň saglygy we abadançylygy ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlendi. Milli Lidermiziň daşary ýurtlar bilen parahatçylyk, birek-birege düşünişmek, dostluk ýörelgelerini rowaçlandyrmak ugrundaky öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasdaky hyzmatdaşlygy ýola goýmakda ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda, ilkinji nobatda bolsa, ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny berkitmekde saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport ulgamynyň ileri tutulýan orny kesgitlendi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde bu ulgamlarda düýpli özgertmeleri geçirmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyryldy. Saglygy goraýyş ulgamynda maksatnamalaýyn özgertmeler netijesinde döwrebap lukmançylyk merkezlerini gurmak, ýokary tehnologiki enjamlary satyn almak, netijeli sanly lukmançylyga geçmek boýunça göz öňünde tutulan taslamalar durmuşa geçirildi. Lukmanlaryň hünärlerini kämilleşdirmek we olary maksatlaýyn taýýarlamak, ýokary hilli derman, öňüni alyş sanjymlary, sarp ediş serişdeleri bilen üpjünçiligini kämilleşdirmek we beýlekiler boýu

Sanly ulgam — ösüşleriň ygtybarly binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiz çalt depginler bilen ösýär. Watanymyz dünýä döwletleriniň arasynda ösýän ýurtlaryň hatarynda tanalýar. Milli Liderimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda şeýle setirler bar: «Halkymyzyň dostluk, goňşuçylyk, myhmansöýerlik, sahawatlylyk däpleri Garaşsyz Watanymyzyň ösüşleriniň mazmunyny baýlaşdyrdy». Ýurdumyzda dost-doganlyk, goňşuçylyk gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berilmegi, Watanymyzyň sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde giňden tanalmagy ykdysady ösüşlerimiziň hem barha ilerlemegine getirýär. Çünki durmuşdaky bu baglanyşyk ykdysadyýetiňem, syýasatyňam, medeniýetiňem özara baglanyşygynyň mäkämdigini görkezýär. Ösüşlerden ösüşlere barýan Watanymyzda munuň özi möhüm ähmiýete eýedir.

Şygryýet bossany

Watan Ähli zady ýerbe-ýer — Sahawatly, seýranly,Ata-baba mekanym —                                      imanymdyr bu Watan.Siňe baksam ýatladyp dur käbäm bilen kyblamy,Ata Watan, ene toprak diýýänimdir bu Watan.

Şygryýet bossany

Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde Arkadag paýhasy dünýä ýaýyldyGaraşsyzlyk ýyllarynyň içinde.Taryh altyn harplar bilen ýazyldyGaraşsyzlyk ýyllarynyň içinde.

Şygryýet bossany

Ýitmek üçin gelinmeýär Men bir yşkymyň ýesiri, hiç kimsäge ýok gargyşym,Artyk şatlyk, gussamam ýok, goşgulam ýalňyz syrdaşym,Eser ýazýas, ýöne welin, goly galamly gardaşym,Şygryýetiň dünýäsine gitmek üçin gelinmeýär.

Şygryýet bossany

Bagtymyzyň binýady Arzuwydyr atalaryň ezeli,Garaşsyzlyk bagtymyzyň binýady.Ýaşyl Baýdagymyz parlar ebedi,Mähriban halkymyň şany-şöhraty,Garaşsyzlyk bagtymyzyň binýady.

Şygryýet bossany

Syrdaşym Mende bir owadan şeýle ýürek bar, Yhlas bilen, jepa bilen taplanan,Yşkdan ýaralanan ýarpy ýüregim, Keç ykbalyň täleýinden saplanan.

Şygryýet bossany

Ýollarymyň çyragy Ýer ýüzüni haýran eden, özüň bütin jahanyň,Ýüreklere soltan bolan, sen, tagty Süleýmanyň,Ýalňyzym, ýeke-tägim, sen meniň hany-manym,Synan süňňi seýiklejek, seýigimsiň, Watanym!

Şygryýet bossany

Parahatlygyň watany Behişdi Diýara eýleýäs seýran,Dünýäniň halklary galýarlar haýran.Eşretli erteler, sowulmaz döwran,Meniň ýurdum parahatlyk Watany.

Şygryýet bossany

Watan waspy«Watan näme?» diýip, sorag beripdim,Bäş ýaşlyja çaga wagtym, eneme.Gysym gumy sessiz berip elime,Diýdi:— Balam, bu mukaddes topragyň,Birje gysym altyn gumundan başlap,Dag-düzi, deresi, sährasy bilen,Çeşmedir çaýlary, derýasy bilen,Baglary, ýap-ýaşyl dünýäsi bilen,Gözelligi, çemenzarlygy bilen,Giňligi, käte-de darlygy bilen,Hemme zatda üstün — zorlugy bilen,Ähli ezizligi — barlygy bilen,Seň kalbyňa siňen söýgüdir — Watan!Waspy soňlanmajak duýgudyr — Watan!Watan seniň önüp-ösen mekanyň,Watan namys-aryň, mertebäň, balam!Watan bu parahat örýän ojagyň,Iň ynamdar Arkadagyňdyr, balam! ...Şonda enem janyň didelerinde,Mukaddes Watana söýgini gördüm,Aýalarma gysyp, mele topragyn,Watanma kalbymyň törüni berdim.Ýyllar ätlense-de, ýyllaň üstünden,Hergiz Watan hakda oýlanan wagtym,Käbämiň şol aýdan sözlerin ýatlap,Begenýän, Watanda tapanma bagtym.Gözlermiň göreji, başymyň täji,Bilimiň kuwwaty, bilegmiň güýji,Sünnäläp waspyna süýjüden süýji,Sözler saýlap, wasp edemde ýazlaryn,Men ýene ýatlaýan eziz käbämiň,Şonda, Watan hakda aýdan sözlerin.

Şygryýet bossany

Watana söýgi Asmanyň asuda, ýollaryň aýdyň,Seni her demimde hossarym saýdym,Synla, ýüregimiň dürüni ýaýdym,Saňa aşyklygmyň mahabatynda.

Şygryýet bossany

Buýsançnama Gülleri hem göwünleri,Açýan sähraň howasyndan,Dem alýan bagtly milletiň,Edýän alkyş dogasyndan.