«Merkezi aziýa — Hytaý»: hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi
Türkmenistan döwletimiz Hytaý Halk Respublikasy bilen ikitaraply hem-de köptaraply esasda alyp barýan gatnaşyklaryny örän işjeň kämilleşdirýär. 2023-nji ýylyň 18-19-njy maýynda hormatly Prezidentimiziň HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmagy sözümiziň aýdyň subutnamasydyr. «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammiti köptaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmakda möhüm orun eýeleýär. Ýurtlaryň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyndan bäri geçen 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu ugurdaky özara hereketlerde anyk netijeler gazanyldy. Maglumatlara salgylansak, diňe 2022-nji ýylda Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberi 70 milliard amerikan dollaryna deň boldy. 2023-nji ýylyň mart aýyndaky ýagdaýa görä, Hytaýyň bu sebitiň ýurtlaryna goýan göni maýa goýumlarynyň möçberi 15 milliard amerikan dollaryndan geçdi.