"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@online.tm

Habarlar

Gibrid we onlaýn görnüşinde halkara maslahaty geçirildi

Düýn Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky medeniýet köşgünde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Ahal welaýat häkimliginiň bilelikde guramaklarynda «Türkmenistan-ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly şygar astynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Türkmen keşdeçilik sungaty – umumyadamzat mirasy» atly halkara maslahaty gibrid we onlaýn görnüşinde geçirildi. Bu maslahatyň dowamynda türkmen alym zenanlary bilen birlikde Özbegistan, Gazagystan, Gyzgyzystan, Täjigistan ýaly goňşy ýurtlardan keşdeçilik sungatyna ömrüni bagş eden alym zenanlar çykyş etdiler. Olaryň çykyşlarynda keşdeçilik sungatynyň orta asyrlara degişli bolan edebi çeşmelere, şol döwürlerde Merkezi Aziýa syýahat eden rus we ýewropaly jahankeşdeleriň, täjirleriň, ilçileriň, harbylaryň taryhy maglumatlaryna salgylanylmagy bu sungatyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip, müdimiligiň möhüri basylan el hünäri zenanlarymyzyň buýsanjy, abraý-mertebesidiginiň ýene bir gezek subut etdi.

Aşgabat — döredijiligiň şäheri

Düýn Paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda «Dizaýn — 2022» atly Aşgabat forumy we «Araçäksiz dizaýn» atly halkara sergisi açyldy. Ak mermerli paýtagtymyz kämil şähergurluşyk-binagärlik keşbi bilen görenleri haýrana goýýan ençeme binasy binagärligiň naýbaşy eseri hökmünde Ginnesiň Bütin dünýä rekordlar kitabyna girizildi. Ýurdumyzda binagärlik sungatyny ösdürmekde «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär.

Halkara maslahatynyň bölümçesi geçirildi

2022-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty hem-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleri tarapyndan geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahatyň «Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda lukmançylyk, bilim we sport başlangyçlarynyň dabaralanmagy» atly bölümçesi geçirildi. Oňa daşary ýurtly diplomatik gulluklaryň Türkmenistandaky wekilleri, dürli halkara guramalaryň wekilleri, ýurdumyzyň ministrliklerinden hem-de pudaklaýyn edaralaryndan wekiller, şeýle-de ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar. Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ynsan saglygy bahasyz baýlyk hasaplanylýar. Ýurdumyzda 10-njy oktýabrda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işine başlady. Bu sergä halkara guramalaryň hem-de daşary ýurtlaryň derman serişdelerini we lukmançylyk maksatly önümleri öndürmäge, lukmançylyk, sport enjamlaryny, bilim tehnologiýalaryny işläp taýýarlamaga ýöriteleşen kompaniýalaryň birnäçesiniň wekilleri şeýle-de, utg

Türkmenistanda hatyra güni bellenildi

6-njy oktýabrda Hatyra gününde ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesiniň pidalaryny, şeýle-hem ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlaryny hasrat bilen hatyralanýar. «Halk pidasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresine, şehit bolan ata-babalarymyzyň hatyralap hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Arkadagly Serdarymyz Watanymyzyň erkinligi onuň bagtyýar geljegi üçin söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen «Milletiň ogullary», we «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül dessesini goýdy.

Bedew badyna serpaý

Türkmen toý toýlasa at çapdyryp, altyn gabak atdyryp, toýuny uludan toýlaýar. Gojaman Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli atçapyşyklaryň geçirilmegi bu toý däpleriniň asyrlar aşyp, biziň günlerimizde-de dowam etdirilip gelýändiginiň şaýady boldy. Dabara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy bu ýerde bolýan şanly wakalaryň ähmiýetini has­da artdyrdy. Behişdi bedewlerimiz köp asyrlaryň dowamynda sungat derejesine ýetirilen, milli we dünýä medeniýetiniň täsinligi bolmak bilen, häzirki wagtda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly hereketiniň nyşanyna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz ady rowaýata öwrülen behişdi bedewlere gadyr goýmak bilen, asylly maşgala däplerini dowam etdirip, milli seýisçilik sungatynyň ösdürilmegine, onuň dünýädäki abraýynyň belende galmagyna, atçylyk sportunyň höweslendirilmegine hem-de giňden wagyz edilmegine uly üns berýär.

Şan­haý hyz­mat­daş­lyk gu­ra­ma­sy­nyň sam­mi­ti: äh­lu­mu­my bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň, dur­nuk­ly ösü­şiň bäh­bi­di­ne ne­ti­je­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­da da­şa­ry ýurt­lar bi­len iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry alyp bar­ýar. Şo­nuň bi­len bag­la­ny­şyk­ly hor­mat­ly Pre­zi­dentimiz Ser­dar Berdimuhamedow 15-16-njy sent­ýabr­da Öz­be­gis­tan Respub­li­ka­syn­da ge­çi­ri­len Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň sam­mi­ti­niň hor­mat­ly myh­ma­ny bol­dy. Hä­zir­ki wagt­da bu gu­ra­ma he­mi­şe­lik esas­da he­re­ket ed­ýän hal­ka­ra hö­kü­me­ta­ra bi­le­le­şi­ge öw­rül­di. Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň bu ge­zek­ki ge­çen sam­mi­ti­niň öňü­sy­ra­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­ly­gy Si Szin­pin, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew, şeý­le-de, Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry Çžan Min bi­len iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ry ge­çir­me­gi deň­hu­kuk­ly­lyk, yna­nyş­mak hem-de öza­ra bäh­bit­li­lik esa­syn­da gu­ral­ýan kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek­de esa­sy orun eýe­le­di. Ta­rap­la­ryň äh­li­si Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz bi­len gat­na­şyk­la­ry­nyň gel­jek­de-de pug­ta­lan­dy­ryl­jak­dy­gy­na, şeý­le-de üs­tün­lik­li ös­dü­ril­jek

Ga­raş­syz­lyk — gu­wan­jy­myz!

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýunyň uludan belleniljek «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly, turuwbaşdan, il-ýurt ähmiýetli möhüm wakalara beslendi. Şolaryň iň wajyplarynyň biri hökmünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 11-nji fewralynda bolan mejlisini ýatlamak mümkin. Çünki şol gün Gahryman Arkadagymyz özi babatda ýönekeý bolmadyk netijä gelendigini, döwleti dolandyrmagy häzirki ösen döwrüň ruhy şertleri, ýokary talaplary esasynda kemala gelen ýaş ýolbaşçylara ynanjakdygyny, olaryň işine ýardam etmekde özüniň toplan uly durmuş we syýasy tejribesini gaýgyrmajakdygyny aýtdy. Gahryman Arkadagymyz şol mejlisde ählitaraplaýyn ylymly, kämil ýaşlaryň döwlet başyna geçmegi bilen täze bir döwrüň başlanýandygyny-da mälim edip, ol döwri «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýip atlandyrmagy teklip etdi. Bu teklip halk wekilleri tarapyndan-da, tutuş halkymyz tarapyndan-da gyzgyn goldaw tapdy.

Ýur­du­my­zyň ener­ge­ti­ka pu­da­gy­nyň kuw­wa­ty art­ýar

Giň göwrümli we aýdyň maksatly işleriň rowaçlanýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatly bölegi bolan energetika pudagy ösüşlere eýe bolýar. Bu pudak ýurdumyzyň öňdebaryjy pudaklarynyň biri bolmak bilen, Watanymyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda möhüm orny eýeleýär. Şoňa laýyklykda, bu pudakda alnyp barylýan işleri döwrebap we talabalaýyk kämilleşdirmek ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň iýul aýynyň 20-sine Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berilmegi bu pudagyň işiniň has-da ilerlemegine ýardam etdi. Dünýäniň bu ugurda iň kämil we öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyrylan täze desga milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de senagatlaşdyrmak babatda alnyp barylýan giň gerimli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Şundan mälim bolşy ýaly, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny, şol sanda energetika pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary giňişleýin peýdalanmak boýunça ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan halk bähbitli maksatnamalary durmuşa geçirmek ykdysady

Halk hä­ki­mi­ýet­li­li­gi­niň tä­ze nus­ga­sy

Döwletlilige tarap ymtylmak türkmen milletiniň aýratyn häsiýetleriniň biridir. Halkymyz ata-babalarymyzyň ýoly bilen ýöräp, halk häkimiýetliliginiň özboluşly nusgasyny saýlap aldy. Şol bir wagtda dünýä tejribesiniň gazananlaryny hem-de milli däpleri we aýratynlyklary özünde jemledi. Köp asyrlyk taryhynyň çeşmelerine we hukuk tejribelerine esaslanyp, türkmen halky adamzat paýhasynyň, şeýle hem dünýä siwilizasiýasynyň ösüşiniň ýoluny saýlap aldy, döwleti dolandyrmagyň syýasy-hukuk binýadyny döretdi, ony özüniň iň täze taryhynda kemala getirdi. Biz bu gün Esasy Kanunymyzyň kadalarynda türkmen halkynyň bäş müňýyllyk taryhyndan gözbaş alyp gaýdýan milli däp-dessurlaryny, adatlaryny we durmuş ýörelgelerini özünde jemleýän demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň häzirki zaman nusgasynyň öz beýanyny tapýandygynyň şaýady bolýarys. Türkmen halkynyň döwleti dolandyrmagyň asyrlaryň synagyndan geçen demokratik däplerinden, durmuş ýörelgelerinden gözbaş alýan, döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli kanun çykaryjy edarasynyň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen beýik başlangyçlary rowaçlyklara beslenýän Watanymyzyň kanunçylyk esaslaryny pugtalandyrmaga, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygynyň has ygtybarly bolmagyna uly ýardam eder.

Dost-do­gan­lyk ke­na­ry sen, Awa­za!

Ar­ka­da­gyň ba­gyş ede­ni hal­ky­na,Dost-do­gan­lyk ke­na­ry sen, Awa­za!Bes­le­nen­siň, al­tyn nu­ra, ýal­ky­ma, Dost-do­gan­lyk ke­na­ry sen, Awa­za! Ha­zar ge­ýi­nip­dir göm-gök beg­re­si,Ka­şaň-ka­şaň bi­na­ly­dyr deg­re­si.Ýa­ra­şyk­syň, bag­ty­ýar­lyk döw­re sen,Dost-do­gan­lyk ke­na­ry sen, Awa­za!

Berkarar sen, bagtyýar sen, Garaşsyz Türkmenistan!

Gujagynda sary güýzüň, has gözel görküň bu gün,Berkarar sen, bagtyýar sen, Garaşsyz Türkmenistan!Döwletlilik ýörelgämiz, eliňde erkiň bu gün,Berkarar sen, bagtyýar sen, Garaşsyz Türkmenistan! Doganlygy baýdak edip, öňe barýar Watanym,Yklym içre görkana sen, agzybirdir hataryň,Säher dogan her günüňe arzuwlarymy gataryn,Berkarar sen, bagtyýar sen, Garaşsyz Türkmenistan!

Garaşsyzlyk toýy

Ömrümiz bar ömürlerden zyýada,Döwrümiz bar döwürlerden ajaýyp.Watan eýe bolýar şöhrada, ada,Toýlar gelýär ykballara nur çaýyp. Garaşsyzlyk toýy — toýlaryň başy,Garaşsyzlyk toýy — toýy Zeminiň.Garaşsyzlyk — arzuwlaryň naýbaşy,Garaşsyzlyk — bagty gadymy iliň.

Mag­tym­gu­ly hak­da aý­dy­lan­lar­dan

(Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna) *Magtymguly — ynsan kalbynyň ruhy lukmanydyr. Onuň şygyrlary ynjan ýüreklere em, argyn bedenlere kuwwat sussupese ruhy ganatdyr.

«Ak al­tyn­ly» pel­ler­de

14-nji sent­ýabr­da Arkadag­ly Ser­da­ry­my­zyň ak pa­ta ber­me­gi bi­len, ga­dy­my Da­şo­guz top­ra­gyn­da pag­ta ýy­gy­my­na uly ru­hu­be­lent­lik bi­len ba­dal­ga alan daý­han­la­ry­my­zyň ýüz­le­rin­de şat­lyk ala­mat­la­ry duý­lup dur­dy. Ylaý­ta-da, ömür ker­we­ni­niň iň ag­ram­ly, has maz­mun­ly, dur­mu­şy tej­ri­be­ler­den do­ly 40 ýy­ly­ny daý­han­çy­lyk kes­bi­ne ba­gyş eden Sol­tan Ny­ýa­zow bi­len gu­ran söh­bet­deş­li­gi­miz bi­zi “ak al­tyn­ly” pel­le­riň my­myk pag­ta­la­ry­nyň ara­sy­na sa­ry alyp git­di. — «Ýy­kyl­saň ýe­re ýa­pyş» di­ýen pe­der­le­ri­miz müň ke­ren mam­la. 1982-nji ýyl. Me­ha­ni­za­tor bo­lup Är­sa­ry kol­ho­zyn­da zäh­met ýo­lu­na baş­laý­şym şu gün­kü­si ýa­ly ýa­dym­da. 1988-nji ýyl­da öz­baş­dak kä­ren­de­si­ne ýer alyp, işe gi­riş­dik. Şon­dan bä­ri ýy­lyň-ýy­ly­na go­wa­ça­dyr bug­daý ekip, Wa­tan har­ma­ny­na ujyp­syz­ja-da bol­sa öz go­şan­dy­my­zy go­şup ýö­ris — di­ýip, mys­sa ýyl­gy­ra­nyn­da ki­çi­gö­wün­li­li­giň yn­sa­ny nä de­re­je­de be­ze­ýän­di­gi­ne ýe­ne bir ýo­la ma­gat göz ýe­tir­dik.

Azyk bolçulygyna goşant

Ýurdumyzda halkymyz üçin amatly şertleriň döredilmegi, ýaşaýyş-durmuş ýagdaýlarynyň gowulandyrylmagy ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda hem-de sebitlerde durnukly ösüşiň saklanylmagy, içerki bazarlarymyzyň ösdürilmegi we eksporta bagly bolmagy azaltmagy dowam etmek ugrunda dürli wezipeler durmuşa geçirilýär. Şu nukdaýnazardan tejribeli bagbanlarymyz tarapyndan ýerlerde miweli agaçlaryň täze görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň ýaşaýjysy, bagban Ahmet Jumabaýewiň ekin meýdanyndaky ösdürip ýetişdirýän miweli baglarynyň bol hasyly göreldeli zähmetiniň netijesi hökmünde öňe çykýar. Ahmet aga Bäherden etrabynyň çägindäki 51 gektar ýerinde miweli agaçlaryň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirýär. Ekin meýdanynyň esasy bölegini alma, armyt, çereşniýa, ülje ýaly miweler tutup, bagban olardan bol hasyl almakda degişli çäreleri geçirip durýar. Ol häzirki wagtda mellek ýerinde bitginli hasyllygy bilen tapawutlanýan täze ýapon armydyny ösdürip ýetişdirdi. Bagban Ahmet aga bäş ýyl mundan ozal eken bu ýapon armydynyň nahalyny Türkiýe döwletinden getiripdir. Adyndan belli bolşy ýaly, armydyň bu görnüşi Ýaponiýa döwletinde

Türk­men spor­tu­nyň tä­ze be­lent­lik­le­ri

Sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmakda, ýaşlary zähmetsöýer, päk ahlakly watanysöýüji ynsanlar edip terbiýelemekde bedenterbiýäniň we sportuň ähmiýetiniň örän uludygyny hormatly Prezidentimiz ýygy-ýygydan belläp geçýär. Sport – saglyk. Saglyk ‒‒ adamyň ömrüniň bezegi, ýaş nesliň bagtly durmuşy. Şonuň üçin eziz Diýarymyzda ilatyň ähli gatlaklaryna bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak mümkinçiligini kepillendirýän «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hereket edýär. Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Bu ugurda milli Maksatnamalary özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýär, aýratyn hem, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly, halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri uly ähmiýet berip gelýän ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýär. Ýer ýüzüniň iri sport ýaryşlarynda Watanymyzyň sport abraýyny beýgeltjek ussat türgenleri, sportuň dürli ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamaga döwlet derejesinde berilýän üns-aladanyň esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany hökmünde dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar. Ýaş türgenler üçin döwlet derejesinde döredilýän ajaýyp şertleriň netijesine

«Sag­lyk — abat­lyk»

Saglyk — diňe bir synaň saglygy däl-de, ol ömrüň röwşenligi, durmuşyň deňagramlylygy, dünýäň dolulygy diýmekdir. Döwletliligiň sakasynyň, ilkinji nobatda, saglykdan gözbaş alyp gaýdýandygy barada näçe diýseň tymsallara duşmak bolýar. Ylaýta-da, hormatly Prezidentimiziň ählitaraplaýyn sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde öňe sürýän başlangyçlarynyň alnyp barylýan döwlet ähmiýetli işleriň bu günki gün şaýady bolýarys. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň dördünji bölüminiň «Saglyk-abatlyk» diýlip atlandyrylmagynyň aňyrsynda giden many ýatyr. Bu bölümiň: «Saglyk jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşleriniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýär. Adamlaryň durmuşy gönüden-göni olaryň saglygy bilen baglanyşyklydyr. Saglyk barada alada edilmeýän ýekeje döwlet hem bolan däldir. Saglyk baradaky alada ömrüň baradaky aladadyr. Türkmençilikde salamlaşylanda hem ilkinji nobatda saglyk-amanlyk soraşylýar» diýlen jümleler bilen başlanmagy hem ýöne ýere däldir. «Saglyk-abatlyk» bölüminde saglyk, onuň gymmaty, manyly durmuş geçirmekde esasy zerurlykdygy hakynda iňňän täsin rowaýatlaryň üsti bilen gürrüň berilmegi kitabyň mazmunyny artdyryp, çeper dilde akgynly okalmagyna getirýär. Eser aýry-aýry hünärde zähmet çekýän, dürli ýaşdaky okyjylaryň islendiginde çuňňur täsir galdyrýar. Bir adam hemişe: «Meniň Lukman Hekime işim düşmez» diýip ö

Pa­ra­hat­çy­ly­gyň, yna­nyş­ma­gyň we dost­lu­gyň ha­ty­ra­sy­na ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk

Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Häzirki zamanyň köki geçmişde, şahalary bolsa geljekdedir» diýlen jaýdar jümleler bar. Mundan görnüşi ýaly, köki geçmişden gaýdyp, şahalary geljege uzaýan şu döwrümiz beýik işleri we belent maksatlary bilen täze taryha ýazylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze taryhy beýik başlangyçlardyr asyrlara barabar işler bilen dabaralanýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan — parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer, hoşniýetli we dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne ynamly gadam basan ýurdumyz hormatly Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ösüşiň täze derejelerine galýar. Bu günki gün ata Watanymyz dünýä ýüzünde «Açyk gapylar» syýasatyny öňe sürýän, dostlukly ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi ileri tutýan, durnukly ösýän ýurt hökmünde uly abraýa eýedir.

Ga­raş­syz­lyk bag­ty­ny boý­lap

Her gün parahat asmanyň astynda parahat dem alyp, parahat ýaşaýandygyň hakyndaky hoşnutly duýgy kalbyňa dolanda Garaşsyzlyga bolan buýsanjyň ýene bir gez beýgelýär. Garaşsyz ýurtda ýaşamak bagty häzirki zaman nesliň nesibesinden çykmagy – ol diňe bir bagtly nesildigiňi aňlatman, eýsem ýurduň öňündäki borjuňy, Garaşsyzlygyň öňündäki jogapkärçiligiňi hem duýdurýar. Bu duýgy, aýratynam, Garaşsyzlykdan öňki döwürde ýaşap gören ýaşuly nesliň kalbynda has hem berk ornaýar. Öňki döwri gören nesiliň: «Garaşsyzlyk nesibeli ýaşlar, bu ajap döwrüň hözirini görüň, ýöne Garaşsyzlygyň beren bu eşretini gözüň göreji ýaly goramalysyňyz hem» diýýän sözleri dilinde sena etmegi hem şol sebäplidir. Ýürekden, dogrusy, kalbyň töründen çykýan bu sözler ruhubelentligiň hem alamatydyr. Çünki Garaşsyzlyk köňüllere ruhubelentlik bagyşlady. Köňüller joşup dur, ýürek hiňlenýär,Asuda asmanda, parahat ýurtda.Arkadagyň paýhaslary diňlenýärAsuda asmanda, parahat ýurtda.

Parahatlyk owazlarynyň ilçisi

Çagalykda gözüňde galan keşpler, gulagyňda ýaňlanan owazlar hemişelik galýan borly. Heniz mekdep ýaşyna ýeten oglankam, telewizorda berilýän «Köne güzer» atly aýdym-sazly gepleşigi üns berip diňleýärdim. Halypalaryň ussatlyk bilen ýerine ýetirýän aýdymlary çaga kalbymda medeniýete we sungata bolan höwesi artdyrdy. Türkmenistanyň halk artistleri Maýa Kulyýewa, Annagül Annagulyýewa, Medeniýet Şahberdiýewa, Aýdogdy Gurbanow, Ata Ilamanow, Atageldi Garýagdyýew ýaly ussatlaryň aýdymlary ýaňlananda, kalbym ganatlanardy. Şeýlelikde, çagalykda mazaly gulagymda ýaňlanan opera sungatynyň owazy bu syrly äleme bolan hyjuwymy has-da artdyrdy. Bu sungatyň «bilbili» bolan ussat halypa Medeniýet Şahberdiýewa aýdym aýdanda bolsa, onuň belent owazy göýä bagtyň mukamy bolup türkmen sährasyny doldurýan ýalydy. Men şonda mähriban käbämden Medeniýet Şahberdiýewanyň aýdan aýdymlary hakynda sorap başlapdym. Ejem: — Oglum, Medeniýet «Dünýäniň saýrak bilbili» adyna eýe bolan aýdymçy. Ol aýdym aýdanda, göýä erem bagynda şeýda bilbil nagma kakýan ýalydyr — diýerdi.