"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@online.tm

Habarlar

Bedew atlar taryhyň sahypalarynda

(Döwlet AKYÝEWIŇ çeken suraty) Syn-sy­ýak­ly be­dew at­lar dün­ýä­de iň bir ga­dy­my halk­la­ryň bi­ri bo­lan türk­men hal­ky­nyň dün­ýä me­de­ni gi­ňiş­li­gi­ne be­ren gym­mat­ly­gy­dyr. Adam­zat dur­mu­şy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi bolan be­dew at­lar ha­kyn­da­ky ga­dy­my ede­bi we yl­my mag­lu­mat­lar asyr­lar­dan aşyp, bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ge­lip ýe­tip­dir. Şeý­le ýaz­gy­lar çy­dam­ly­lyk­da, owa­dan­lyk­da özü­ni yk­rar et­di­ren be­dew at­la­ryň yn­sa­ny­ýet äh­li­ne he­mi­şe­lik hem­ra bo­lup ge­len­di­gi­ni gör­kez­ýär.

Hytaý dili boýunça olimpiada

Ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hytaý diline berilýän ünsi artdyrmak maksady bilen hytaý dili boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda olimpiada geçirildi. Sanly ulgamyň üsti bilen wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen bu olimpiada ýokary okuw mekdeplerinde hytaý dilinden bilim alýan talyplaryň 70-si gatnaşdy. Olimpiadada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hytaý dilinden bilim alýan talyplaryň 8-si, ýagny hytaý dili hünäriniň 4-nji ýyl talyby Mukaddes Almazowa, şol hünäriň 2-nji ýyl talyplary Aýlar Baýrammämmedowa, Selbi Orazjanowa we 3-nji ýyl talyplar Mähri Aşyrowa , Kyzlargül Rajapowa, Leýli Jafarowa, Şagül Nuryýewa, Bägül Atamyradowa dagy baýrakly orunlary eýelediler.

Belentden ýaňlandy dostluk owazy

Şu gün, 28-nji noýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly dabaraly ýagdaýda açyldy. Dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiziň festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň okalmagy oňa gatnaşyjylarda çäksiz buýsanç döretdi.

Diýarymda dostluk mukamy ýaňlanýar

Häzirki wagtda sebit derejesinde özara gatnaşygy ösdürmäge, ählumumy parahatçylygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy üpjün etmäge gönükdirilen işler, halkara sergiler, festiwallar döwletimizde giňden alnyp barylýar. Dostlukly ýurtlaryň medeniýeti, sungaty, däp-dessurlary bilen giňden tanyş bolmak, medeni gymmatlyklaryň arasyndaky umumylyklary ýüze çykarmak, milletler içre goňşuçylyk gatnaşyklaryny ýola goýmak ugrunda geçirilýän halkara çäreler döwletimiziň daşary syýasatynyň esasyny düzýär. Şonuň bilen baglanyşykly 23—25-nji noýabr aralygynda geçirilýän Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri dowam edýär.

Üns beriň, bäsleşik!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gözel künjekleriniň, tebigy we medeni ýadygärliklerimiziň tarypyny ýetirmek, ajaýyp syýahatçylyk zolaklaryny dünýä ýaýmak maksady bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de «Diýar» žurnalynyň bilelikde guramagynda «Diýarda» Diýaryň waspy» atly döredijilik bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY

«Hindi kinofilmleriniň muşdaklaryna» atly konsert geçirildi

Şenbe güni, 19-njy noýabrda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň estrada kafedrasynyň ýerine ýetirmeginde Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň döredilmeginiň 50 ýyllygy mynasybetli «Watan» kinokonsert merkezinde «Hindi kinofilmleriniň muşdaklaryna» atly konsert geçirildi. Aramyzda kiçilikden bäri hindi kinofilmleriniň aşygy bolmadyklarymyz, oňa tomaşa etmediklerimiz ýok bolsa gerek?!

Parahatçylyga uzaýan dostlukly ýollar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz durnukly ösüşiň bähbidine goňşy döwletler bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýär. Halkymyzyň milli mirasyny, şöhratly geçmişini asyrlara uzaýan dost-doganlyk, goňşuçylyk gatnaşyklary ruhy kämilligiň bir şerti bolan hoşniýetli ýörelgeleri düzýär. Türkmen we özbek halklarynyň milli medeniýetiniň, däpleriniň umumylygy müňýyllyklardan uzaýan halklaryň arasyndaky gatnaşyklary berkidýär.

Robot enjamlaryny taýýarlamak boýunça bäsleşik

Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda ylym-bilim, taslama, tehnika, robot enjamlary bilen baglanyşykly bäsleşikler geçirilýär. Şolaryň arasynda robot enjamlaryna gyzyklanma türkmen ýaşlarynyň arasynda, aýratyn hem, mekdep okuwçylarynyň arasynda barha giň gerime eýe bolýar.

Halkara ähmiýetli sergi

Häzirki wagtda ýurdumyzda ähli ulgamlarda halkara ölçeglere laýyk gelýän täze innowasion, sanly tehnologiýalary, maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri mynasyp dowam etdirilýär. Dünýä ýurtlary bilen maglumat-aragatnaşyklary alyp barmak, ýer ýüzüniň iň ösen habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen tejribe alyşmakda geçirilýän sergileriň, halkara ähmiýetli çäreleriň orny uludyr.

Sil suwuny sowujy möhüm desga

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günorta böleginde sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyny ulanmaga bermek dabarasy boldy. Türkmen halky köpasyrlyk taryhynyň dowamynda suwa tebigatyň bahasyna ýetip bolmajak peşgeşi hökmünde garap gelýär. Ägirt uly kärizleri, köp sanly beýleki suw ulgamlaryny gurup, ýaşaýyş çeşmesi bolan suwuň her damjasyny örän netijeli ulanmagy başaran ata babalarymyzyň ýeňil bolmadyk iş usullaryna, tärlerine bu günki gün hem eýerilýändigini döwrebap nusgada gurulýan desgalarda, toplumlarda görmek bolýar. Daş töweregi goramak, umuman, tebigata söýgi, ata Watana bolan söýgüden nyşandyr. Tebigat ýaşlara güýç-kuwwat, ýaşulularymyza hikmet berýär. Şu nukdaýnazardan daşky gurşawa aýawly çemeleşmek, tebigy serişdeleri netijeli we rejeli peýdalanmak häzirki wagtda ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň esasyny düzýär. Türkmenistan döwletimizde suw hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Diýarymyzyň ähli sebitlerinde täze gidrotehniki desgalar gurlup ulanmaga berilýär.

Parlament diplomatiýasynyň ösüşi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli hem-de döredijilikli daşary syýasaty barha rowaçlanýar. Munuň şeýledigine parlament diplomatiýasynyň ösüşinde hem aýdyň görmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasyna resmi sapar bilen barmagy, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugurlary durmuşa geçirmek bilen, parlament diplomatiýasynyň gurallaryndan netijeli peýdalanmagy hem uly ähmiýete eýedigini görkezdi. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň çakylygy boýunça amala aşyrylýan saparyň maksatnamasynyň çäklerinde Moskwada ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi meýilleşdirildi. Şol duşuşyklar parlamentara hyzmatdaşlygy, umuman, däp bolan dostlukly türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge ýardam berer.

Açyk meýdanda geçirilen okuw sapagy

Şu gün, 28-nji oktýabrda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda açyk asmanyň astynda «Organiki bakjaçylyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» atly okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyna ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan 500 sany hünärmen gatnaşdy. Bu ýerde alnyp barlan okuw sapagynda oba hojalyk işleri, bagçylyk, miweli baglardan üzümiň ýetişdirilişi, onuň dürli sortlary, üzümiň peýdasy, baglara ideg etmek barada giňişleýin söhbet edildi. Sebitiň täze merkeziniň töwereklerinde ösdürilýän ekerançylyk, bagçylyk bu ýerde ekologik abadançylygyň saklanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ýokary guramaçylykly geçen bu okuw sapagyny Türkmen oba hojalyk institutynyň ekerançylyk-ylmy önümçilik merkeziniň ylmy işgäri Myrat Paşşykow alyp bardy.

Döredijilik duşuşygy geçirildi

Şu gün, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň mejlisler jaýynda «Watan diňe halky bilen Watandyr» atly maslahat geçirildi. Maslahatda beýik ösüşlerimiziň dowamat dowamy Arkadagly Serdar bilen halkymyzyň ýeten täze sepgitleri, ylym-bilim ulgamynyň şöhratly menzilleri, hormatly Prezidentimiziň beýik tutumlary döredijilik işgärleriniň ylham çeşmesi, Watanymyzyň ekologiýa abadançylygy pugtalanýar, ýaşlary watançylyk, belent adamkärçilikli, ýokary hünärlilik derejesinde terbiýelemek ýaly çykyşlar öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzda alnyp barylýan syýasy-diplomatik işleriň, bedew batly döwletli tutumlarymyzyň şanyna geçirilen bu maslahatda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi Gözel Şagulyýewa, «Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory Kakamyrat Rejepow, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyr zenan Baýramsoltan Gurbanowa, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň baş redaktory Batyr Myradow, «Bereketli toprak» gazetiniň baş redaktory Azat Jepbarow, «Watan» gazetiniň baş redaktory Tawus Kakaýewa, Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginiň halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy Akmuhammet Jumagulyýew, «Edebiýat we sungat»gazetiniň bölüm müdiri Süleýman Ilamanow we beýleki myhmanlar özleriniň çykyşlaryny ýerine ýetirdiler.

«1000 söz» atly bäsleşigiň jemi jemlendi

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda durnukly gazanylýan ösüşler bagtyýarlygyň we abadançylygyň mekany hökmünde eziz Watanymyzy şan-şöhrata besleýär. 2022-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guran «1000 söz» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi.

Özbegistanyň Prezidentine Hormatly alymlyk at dakyldy

Häzirki  wagtda sebit derejesinde özara gatnaşygy ösdürmäge, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen işler, beýik başlangyçlar döwletimiz tarapyndan giňden alnyp barylýar. Şonuň bilen baglanyşykly häzir Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň biziň ýurdumyzda iki günlük resmi sapary dowam edip dur. Bu resmi saparyň esasynda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mundan-da beýläk ösdürilmegine giň mümkinçilikler ýola goýlar. Şeýle hem 21-nji oktýabrda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary hem-de mugallymlary bilen duşuşdy. Bu ýerde Özbegistan Respublikasynyň Liderine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Hormatly professory diýen at dakyldy. Bu Hormatly alymlyk adyň dakylmagyna bagyşlanyp, uniwersitetde dabara geçirildi. Geçirilen dabara hormatly myhman bilen birlikde, Özbegistan Respublikasyndan ýurdumyza gelen hökümet agzalary, ýurdumyzda hereket edýän diplomatik gulluklaryň wekilleri, ýokary okuw jaýlarynyň professor-mugallymlary, köpçülikleýin habar serişdeleriniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek, türkmen-özbek halklarynyň arasyndaky syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer baglanyşyklary pugtalandyrmak bilen bagly çykyşlar öz beýanyny tapdy.

«Daşkent» seýilgähi dabaraly ýagdaýda açyldy

Özbegistan Respublikasynyň ýurdumyza resmi saparynyň çäklerinde paýtagtymyzda geçirilen gepleşikler aýdyň geljege gönükdirilen hyzmatdaşlygyň ýokary derejede ösdürilmegine esasy badalga bolýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz durnukly ösüşiň bähbidine goňşy döwletler bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýär.

Mekanymyň melhemleriniň beýany

«Sag armyt sapagyndan düşmez» diýen könelerimiz ýaşaýşyň dowam etmegi üçin, ilkinji nobatda, saglygyň zerurdygyny bilipdirler. Şol sebäpdenem dürli usullar arkaly dörejek keselleriň, näsazlyklaryň öňüni almagy başarypdyrlar. Il içinde Lukman Hekim ady bilen tanalýan, ömrüniň köp bölegini dürli kesellere garşy däri-derman ýasamaga bagyşlan Abu aly Ibn Sina hem öz traktatlarynda adam saglygyny goramaga degişli birnäçe gymmatly maglumatlary bize miras galdyrypdyr. Häzirki zamanyň gözi bilen seredeniňde, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda ýetişýän dermanlyk ösümlikleriniň müňlerçe görnüşi, olaryň saglyga peýdasy barada tapylgysyz maglumatlary berýän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň özi hem adam bedenini taplamaga, näsazlyklaryň öňüni almaga we ömri uzaltmaga ýeterlikdir.

Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatynyň gurluşyk işleri bilen tanyşdy

Geçen şenbe güni Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki günlerde gurluşygy güýçli depginde dowam edýän Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşmak üçin bu ýere iş sapary geldi. Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Ahal welaýatynyň täze, döwrebap merkezi şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew täze edara ediş merkezinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen Gahryman Arkadagymyzy tanyşdyrdylar. Halk Maslahatynyň başlygy iş saparynyň dowamynda güýzki möwsüminde köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmaga görülýän taýýarlyk işleri, şeýle hem bu merkezde gurulmagy göz öňünde tutulýan binalaryň taslamalary we täze merkeziň ýollarynyň, meýdançalarynyň, köprüleriň gyralaryna oturdylmagy meýilleşdirilýän germewleriň görnüşleri bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynda döwlet saparynda boldy

14-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherine geçirilen ýokary derejeli duşuşyklaryň ikisine ýagny, GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine we «Merkezi Aziýa –Russiýa» sammitlerine gatnaşmak üçin iki günlük döwlet saparyny amala aşyrdy. Gazagystan Respublikasynyň Baştutanynyň başlyklygynda geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyga Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan Respublikasynyň premýer ministri Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Russiýa Federasiýasynyñ Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyñ Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniñ başlygy Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdy. GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi kongres merkezinde «Almata» zalynda geçirilip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew ýygnananlary mübärekläp, şu duşuşyga Türkmenistanyñ Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ilkinji gezek gatnaşýandygyny belläp, Arkalaşygyň ýurtlarynyň Liderleriniň adyndan döwlet Baştutanymyza jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi.

«Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň açylyşy

Düýn Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalynyň dabaraly açylyşy boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Halkara festiwala ýurdumyzyň Hökümet agzalary, medeniýet ulgamynyň, şäher hem-de welaýat häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, Gazagystandan, Özbegistandan, Eýrandan, Türkiýeden, Koreýa Respublikasyndan, Latwiýadan medeniýet ulgamynyň wekilleri, suratkeşleri, senetçileri we Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlar ýygnandylar.