"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@online.tm

Habarlar

Parahatçylyk we ynanyşmak — ählumumy abadançylygyň möhüm guraly

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— Biz Berkarar döwletimiziň bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, Ýer ýüzüniň ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürýäris, parahatçylyk we ynsanperwerlik syýasatyny alyp barýarys. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak maksady bilen öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary bütin dünýäde giňden goldanylýar hem-de ykrar edilýär. Munuň özi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmenistan — Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Owal-ahyr pederleriň ak arzuw bilen ýeteni,Döwlet gurup, şu toprakda ak öýleň düýbün tutany,Garaşsyzlyk şuglasyndan halkyň bagt daňy atany,Asmany päk, sähralary gül bürenen läle-reýhan, Türkmenistan —parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany. Sahawatly topragymyz Göroglynyň sežd edeni,Ýagşyzada, erenleriň gadam urup, keşt edeni,Baglarym bar bahar gelse, erem baga keşp edeni,Dag-u-düzler çar pasylda ýaşyl öwsen bagy-bossan, Türkmenistan —parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

Guwanmak bagty («Garaşsyzlygyň miweleri» atly makalalar toplumyndan)

Halkymyz bu gün ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny gadyrlap ýaşaýar. Sebäbi, ol halkyň alnyndan ak Gün bolup dogdy, oňa garaşsyz ýurtda ýaşamak bagtyny berdi. Şol bagty on iki süňňi bilen syzýan il-günüň eşretli ýaşamagy, ýurt bähbidine, nesilleriň hatyrasyna işlemegi we döretmegi üçin bolsa giň mümkinçilikler döredilendir. Gözbaşyny hormatly Prezidentimiziň aýdyň ýörelgelerinden alyp gaýdýan şol mümkinçiliklerden peýdalanýan her bir raýatyň gazanýan şahsy üstünligi ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine goşant bolýar. Bu bolsa köňüllerde hoşallyk döretmäge höwesi, işlemäge hyjuwy oýarýar. Olar bolsa gözbaşyny Garaşsyzlykdan alyp gaýdýar. Garaşsyzlyk Gündür! Ol milleti Gün kibi çoýýar, il-günüň, ýurduň ösüş ýoluna ýagty saçýar. Garaşsyzlyk Güneş bolup çoýýandyr,Köňül köşgüm bagy-bossan gülzarlyk.Ösüşleriň berk binýadyn goýýandyr,Tarypy bolar oň dessan ýazarlyk.

Parahat Watanyň owadan ýazy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne ýene-de toý bolup bahar-ýaz geldi. Göwünleri ganatlandyrýan, ene topraga bereket nuruny eçilýän, ýagyş-ýagmyrly bahar biziň ilimize ençeme milli baýramlarymyzy alyp gelýär. Desse-desse güllere, kalbymyzy joşdurýan duýgulara beslenip gelýän pasly, baharyň ilkinji aýyny halkymyz uludan bellenilip geçilýän Halkara zenanlar güni bilen garşy alýar. Şahyryň: Durna jümjümeli, älemgoşarly, Ülkäme toý bolup gelen ýazlarym. Edepli-ekramly, gunduz goşarly, Bäs edişdiň gyzlar bilen, ýazlarym!

Bereket bolçulygy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— Garaşsyz döwletimiziň her bir raýatyna, şol sanda türkmen daýhanyna işlemäge, döretmäge, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen eşretli durmuşda ýaşamaga ýurdumyzda ähli şertler döredilýär.\ Bedew batly ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyz Türkmenistan bu gün bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy hökmünde tanalýar. Munuň aňrysynda hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesi ýatandyr.

Bagy bossan diýarym

Halkymyzyň owalahyr aňynaganyna, ruhuna siňen mukaddes ýörelgesi şeýle: ýol, köpri guran, bag ekip ýetişdiren ýada jemagatyň haýyrlanýan haýsydyr bir desgasyny bina eden adamyň haýyrsogapdan ýüki ýetik bolup, ilgün şol ýagşy ynsanlary hemişe ýagşylykda ýatlaýar, olaryň atlary nesilleriň hakydasynda ebedilik orun alýar. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine we şu ýylyň birinji aýynyň netijelerine bagyşlanyp geçiren giňişleýin mejlisinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda 30 million düýp agaç nahalyny ekmek baradaky gol çeken Kararynyň örän möhüm ähmiýete eýedigi barada oýlananyňda, umumadamzat bähbitli şeýle sogaply, haýyr işleriň, belent tutumlaryň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzy müň mertebe alkyşlaýarsyň. Tebigata aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Milli hemde ählumumy möçberde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbidine ýurdumyzda şäherleriň we obalaryň töwereklerini, awtomobil hemde demir ýollarynyň ýakalaryny bagybossanlyga büremek meselelerini öz içine alýan Milli tokaý Maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz giň gerimli Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine Türkmenistanyň ähli ilatynyň gatnaşmagyna möhüm ähmiýet berýär. Munuň özi adamlaryň saglygyny goramak hemde doly derejeli ýaşaýşy hemde dynç alşy üçin amat

Ar­ka­dag­ly ak şä­he­ri­miz Aş­ga­bat

Be­dew bat­ly ösüş­le­re bes­len­ýän eziz Di­ýa­ry­myz­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şöh­rat­ly 30 ýyl­lyk hem-de ak şä­he­ri­miz Aş­ga­ba­dyň 140 ýyl­lyk baý­ra­my­na giň­den taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Bu şan­ly se­ne­le­re ga­bat­la­nyp, şu ýyl­da ýur­du­myz bo­ýun­ça 30 sa­ny iri önüm­çi­lik we dur­muş mak­sat­ly bi­na­lar­dyr des­ga­la­ryň ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi mer­mer paý­tag­ty­my­zyň we se­bit­le­ri­mi­ziň gö­zel­li­gi­ni has-da art­dy­rar. Täze taryhy eýýamda mermer paýtagtymyz, gözel Aşgabat biziň her birimiziň iň söýgüli şäherimize öwrülip, gün-günden gülläp ösýär. Dünýäniň çar künjeginden gelen syýahatçylaryň, ozaly bilen ýurdumyzda bolýan bedew batly ösüş-özgerişlere, hususan-da, baş şäherimiz Aşgabatda gurlan binalara, şeýle hem giň gerimde alnyp barylýan gurluşyk işlerine, şol sanda bagtyýar halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesine haýran galýandyklaryny bellemek ýakymlydyr. Onsoň milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan kemal tapan beýik işlerden we ösüş-özgerişlerden gülleýän, gül açýan, ata Watanymyz Türkmenistanyň mermer paýtagtynyň — aşyklar şäheri gözel Aşgabadymyzyň älem içre meşhurdygyna buýsanjyň goşalanýar.

Yn­san kal­by­nyň öç­me­jek çy­ra­gy

Söz sungatynyň deňsiz-taýsyz zergäri, ruhy seždegähimiz Magtymguly Pyragy barada gürrüň edilende näme üçindir ilki bilen Welmyrat aga meniň ýadyma düşýär. Welmyrat aganyň kimdigini bolsa eždatlarymyzyň mähir-yhlasy siňen keremli topragymyza göbek gany daman ynsana ýanjamagyň hajaty ýok. Hawa, «Nan atly, il pyýada» diýilýän galagoply we gowgaly döwürde ata-babalarymyzyň synmaz ruhuny baýdak edip, güzeran aýlamak üçin ýola çykan bu göwnaçyk, sada ýaşulyny kim tanamaýar? Bar mydary, gözüni dikip duran ýeke guba düýesini Magtymgulynyň kitabyna çalşyp oturyberen bu sähraýy ýaşula «Edeniň bar bol-a, Welmyrat aga, aklyňa ne döw çaldy!» diýip seňrigini ýygryp biljek adamy bu garagöz ilden tapjak gümanyň ýokdur. Gaýta oňa her kesiň gözi gidýändir, onuň kibi Hakdan ýalkawly Magtymgulyly millete dahyllydygy üçin ykbalyndan müňde bir razydyr. Ýogsa näme, ol tüýs türkmeniň edäýjek, ýöne her kesiň (belki-de, hiç kişiň) başaryp bilmejek işini bitirip, nesilleriň hakydasynda özüne heýkel dikdi ahyry. Sag bol, Welmyrat aga! Türkmeniň Magtymgula bolan ylahy söýgüsiniň, hikmetli hormat-sarpasynyň düýpsüz ummandygyny sen sadadan beýiklik bilen Aý dogan ýaly aýdyň äşgär etdiň. Goý, hemmeler bilsin! Magtymguly Pyragynyň goşgularyny türkmen rysgaldanam ýokarda goýýandyr. Onsoň biziň halkymyzyň neneň ruhy baý bolmasyn?!

Aras­sa ho­wa — sag­dyn jem­gy­ýet

Daşky gurşawy goramak babatda umumadamzat bähbitli içeri we daşary syýasaty alyp barýan Garaşsyz Türkmenistanda az galyndyly hem-de galyndysyz tehnologiýalary döretmek we olary önümçilige giňden ornaşdyrmak daşky gurşawy goramagyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu iş diňe bir tehnologiýany düzmek we ony önümçilige hödürlemek bilen çäklenmän, birnäçe guramaçylyk häsiýetli meseleleriň hem çözülmegini talap edýär (kärhananyň çig mal we energiýa üpjünçiligi, ýeterlik ölçeg dolandyryş enjamlarynyň bolmagy we başgalar). Şonda, — täze, ozal düzülmedik az galyndyly we galyndysyz tehnologiýalary işläp düzmek;

Deň­hu­kuk­ly­lyk — de­mok­ra­ti­ýa­nyň mö­hüm şer­ti

Ata-babalarymyzyň belent ynsanperwerlik mirasy, däp-dessurlary, türkmen halkynyň belent ruhy sütünleri demokratiýany, kanunyň hökmürowanlygyny, şahsyýetiň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny berkitmegiň binýadyny emele getirýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetiň özeni, esasy daýanjy hökmünde maşgala uly orun degişli bolup durýar. Şol mukaddes ojagyň mährem ýüregi, çagalaryň baş terbiýeçileri bolsa zenanlarymyzdyr. Islendik döwletde her bir maşgalanyň abadançylygy we jemgyýetiň ösmegi, sagdyn jemgyýetde kämil şahsyýetleriň kemala gelmegi üçin zenanlaryň hukuklarynyň goralmagy, olaryň deňhukuklylygynyň üpjün edilmegi möhümdir. Aýallaryň hukuklarynyň deňligi BMG-niň esas goýujy ýörelgeleriniň biri bolup durýar. BMG-niň Tertipnamasynyň girişinde ynsan şahsyýetiniň mertebesine we gymmatlygyna hem-de aýallaryň we erkekleriň deňhukuklylygyna öz ynamyny tassyklamagyň onuň esasy maksatlarynyň biri bolup durýandygy kesgitlenendir.

Ugur tyg­şyt­ly­ly­ga ta­rap

Häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny ösdürmekde, durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde, raýatlaryň ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmakda oňyn işler alnyp barylýar. Hususan-da, oba we şäher ýerlerini elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek hem-de energiýanyň dürli görnüşlerinden aýawly we netijeli peýdalanmagy ýola goýmak babatda birnäçe işler durmuşa geçirilýär, degişli döwlet Maksatnamalary kabul edilýär. Ýurdumyz tebigy gazyň, ýangyjyň gorlaryna, şeýle hem ýel we Gün energiýa çeşmelerine baýdyr. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen 2018-nji ýylyň 21-nji fewralynda «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy» kabul edildi. Şeýle hem bu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Şol meýilnamada ýyladyş we gyzgyn suw üpjünçilik ulgamlary üçin kadalaşdyrmagyň intellektual ulgamlaryny, gurluşlary we enjamlary ornaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak ýaly işler göz öňünde tutulandyr.

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Milli ykdysadyýetimiziň innowasiýa ugruny ösdürmekde, täze pudaklary döretmekde, içerki zerurlyklary kanagatlandyrmak üçin daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan bäsleşlige ukyply dürli önümleriň özümizde öndürilýän möçberlerini artdyrmakda hem-de eksport ugurly önümleri öndürmekde himiýa senagatyna uly ähmiýetli orun degişlidir. Bu ugurda alnyp barylýan syýasat tebigy baýlyklarymyzyň rejeli hem-de netijeli peýdalanylmagyna gönükdirilendir. Strategik taýdan möhüm ähmiýetli bu wezipeler, diňe bir çig maly çykarmagy däl, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islege eýe bolan ýokary hilli dürli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýän ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary esasynda çig malyň düýpli gaýtadan işlenilmegini hem öz içine alýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» esasynda utgaşdyrylyp taýýarlanan pudaklaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde senagatyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryna esaslanyp, himiýa pudagyna hem innowasion sanly tehnologiýalar we öňdebaryjy tejribeler ornaşdyrylýar.

Ýazlaryň jadysy

Ajap ýylgyrşy bagyş edip hemmä,Bahar geldi, goýny gülşenli dünýä,Daýhanlarmyz ene topraga gümra,Bir ajaýyp joşgun — täsin keramat,Sazlaşypdyr ynsan bilen tebigat. Owlak-guzy ýaraşygy ýazlaryň,Rysgalyň saçagy, sähra-düzlerim,Täsin keşbiňizde galdy gözlerim,Ýaýlam, gül goýnuňa guwançly bakdym,Ajap gollaryňda daragtlar ekdim.

«Öm­rü­miň ba­ha­ry» (hekaýa)

Bahar hemişekiler ýaly, doglan gününiň ilkinji gutlagyny ýanýoldaşyndan eşitmek isledi. Ýöne bu gün beýle bolmady. Garaşylýan eziz sözler eşidilmän galdy. Soňky wagtlar Kemal juda işlidi. Uzyn gününi işde geçirip, çagalaryna wagtam aýryp bilmeýärdi. Hemişekisi ýaly, bu günem entek çagalar oýanmanka daňa ýüzüni tutup, çykyp gidişidi.

Pendi sährasynyň aýdymçysy

Türkmen topragynyň baharyň jennet gözelligine bezenen, oňa guwanyp saýraýan guşlaryň owazyna beslenen döwründe Pendi sährasynda şygyr dünýäsiniň belentliginden paý alan özboluşly şahyr Italmaz Akmyradowyň poeziýasyny öz dilinden başga dil bilen mahabat-beýan etmek mümkin däl. Tarypy özündäki setirlere, hiç hili öwgi goşman, diňe özüni okasaň onuň ajaýyplygy örboýyna galýar. Şeýle hem hakyky poeziýa kişi mahabatyna mätäç bolmaýar. Şygyr muşdaklarynyň kalbynda orun alan Italmaz Akmyradow hakynda şeýle pikirleri ýöretmegim, täzelik aýtdygym däldir. Meniň Italmaz bilen edebi gatnaşyk saklap, döwür, döredijilik hakda söhbetdeş boldum diýmäge hakym ýok. Şahyr bilen meni ýakyndan tanyşdyran, köne pikirdeş ýaly hemişelik ysnyşdyran onuň poeziýasy boldy. Men Italmaz şahyryň goşgularyny okanymda, onuň bilen ykbalymyzyň käbir pursatlarynyň meňzeşligini duýýaryn. Biziň çagalygymyz uruş ýyllaryna gabat geldi. Haý-haýly günler şagalaňly bolmaly çagalyk dünýämizi hasratly dünýä öwürdi. Italmazyň «Enem ikimiz» atly goşgusyny okanymda öz çagalyk döwrüm, enemiň keşbi göz öňümden geçýär. Ynansaňyz, men ol goşgyny Italmaz ikimiz bile ýazandyrys öýdýärin. Diňe şol goşgusynyň atalary uruşda galan okyjysynyň sany-da on müňlerçe bardyr. Bu ahwal — şahyryň durmuşy, onuň ýüreginiň sözi. Eger şeýle bolmadyk bola, ol goşgy okyja beýle golaý hem bolmazdy.

Owazlar sazlaşanda

Sözüň gutaran ýerinde saz başlanýar. Saz ajaýyp eserlerde wasp edilen aňdyr. Onuň täsirliligi sazlaşyga hem-de tebigy ýöntemligine baglydyr. Bu ýolda ömür külterlän sungat ussatlarynyň döreden eserleri halk hakydasynda ýaşaýar. Aýdym-saza, medeniýete sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk-doganlyk sazy» atly kitabynda: «Türkmen bagşylarynyň we sazandalarynyň sungaty aýdym-saz medeniýetiniň ajaýyp gatlagyny emele getirýär» diýlip bellenilýär. Kämillik ýoluna gadam basan şeýle zehinleriň biri-de Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň hor dirižýor mugallymy Nurana Annaberdiýewadyr. Hor sungatynyň aýratynlyklaryna göz ýetirmek üçin halypalaryň ýoluny dowam edýän Nurana mugallyma birnäçe sowallar bilen ýüzlendik. — Nurana mugallym, bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyz: «Türkmenistanyň aýdym-saz sungaty halk ussatlarymyzyň ençeme nesilleriniň döredijiliginde sünnälendi» diýip belleýär. Hor sungatynyň ýolam biziň geçen nesillerimiziň döredijilik zähmetleriniň bir parçasy bolsa gerek?

Welosport yzygiderli ösüşde

Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň güýzünde paýtagtymyz Aşgabatda Welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda bu abraýly sport ýaryşyny üstünlikli geçirmek üçin giňden taýýarlyk görülýär. Türkmenistanda halkara derejeli sport ýaryşlaryny geçirmek üçin ajaýyp Olimpiýa şäherçesi özünde giň mümkinçilikleri jemleýär. Bu ýerdäki döwrebap Welotrek sport binasynyň iň häzirki zaman ölçeglerine laýyklanyp gurlandygyna «Aşgabat — 2017-niň» oýunlarynyň dowamynda-da doly göz ýetirildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, halkymyzyň, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketine çekilmegi babatda zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda welosiped sportuny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Köpçülikleýin welosiped ýörişini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Milli Liderimiziň hut özüniň watandaşlarymyz bilen bilelikde şol köpçülikleýin çärelere gatnaşmagy ýurdumyzda sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sanynyň artmagyna, umuman, sportuň wagyz edilmegine nusgalyk goşant, şeýle hem täze ekologiýa garaýyşlarynyň kemala gelmegine, daşky gurşawyň ýagdaýyna jemgyýetiň jogapkärçiliginiň ýokarlandyrylma

Arkadag paýhasy dünýä ýol salýar

Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň uludan toýlanyljak «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň ilkinji günleri täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazylan şanly wakalara beslendi. Olardan Akina — Andhoý menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegi, Kerki — Şibirgan ugry boýunça kuwwatlygy 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamynyň, Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamynyň işe girizilmegi, şeýle-de, Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasy häzirki we geljekki nesilleriň mynasyp durmuş derejesiniň üpjün edilmegine, dost-doganlyk taglymatynyň ornaşdyrylmagyna, Ýer ýüzünde hoşniýetli gatnaşyklaryň, ösüşiň kemala gelmegine itergi berýär. 14-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiziň Lebap welaýatynyň «Ruhyýet» köşgünde — Türkmenistanda we Owganystanda dabara gatnaşyjylary birleşdiren teleköpriniň geçirilen ýerinde eden taryhy çykyşynda belleýşi ýaly, bu iri taslamalar umumy maksada, biziň ýurtlarymyzyň uzakmöhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermäge, türkmen-owgan halklarynyň gülläp ösmegine we abadançylygyna gönükdirilendir. Milli Liderimiz möhüm ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde, Owganystan Yslam Respublikasy bilen netijeli, deňhukukly, hakyky doganlyk gatnaşyklaryna biziň ýurdumyzda ýokary baha berilýändigini aýratyn nygtady.

Watan jandan ileri («Ga­raş­syz­ly­gyň mi­we­le­ri» at­ly ma­ka­la­lar top­lu­myn­dan)

Garaşsyzlygyň miweleri! Olaryň her birine bolan buýsanjyň seni bulutlaryň deňine göterýär. Şolaryň ilkinjileriniň biri bolsa gül Watanyňa guwanmakdyr. Watana guwanmak ýaly beýik, mukaddes özge bir duýgy, megerem, ýok bolsa gerek. Onuň dagyna-bagyna, köldür çölüne, sähradyr düzüne bakanyňda bu topragyň howasyndan dem alýandygyňa bolan hoşallygyň seniň kalbyňa dolýar-da, ony guş kibi uçuryp goýberýär. Ondan bolsa bu topragyň her daban ýeridir ähli barlyklary gözüňe şeýle bir yssy görünýär welin, dogduk ülkäňe guwanmakdan ýaňa janyň heýjana gelýär.

Parahatçylykly ösüşiň berk binýady

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda şeýle belleýär: «Eger-de milletiň erkana we özerkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana parahat ýaýnaýşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde çeper dil bilen aýtsam, Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr!». Diýmek, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» bolan 2021-nji ýylda Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň bütin dünýä ýaň saljak 30 ýyllyk dabaralary geçen ýyl halkara derejesinde giňden bellenilen baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk dabaralarynyň mynasyp dowamyna öwrülip, bu iki senäniň taryhy wakalary bir-biri bilen ajaýyp sazlaşyp, Ýer ýüzüne ýaýylar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmak bilen, türkmen döwleti parahatçylyk söýüji ýurt hökmündäki abraýyny barha artdyrýar. Döwletimiz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar bolsa häzirki döwrüň iň bir wajyp meseleleriniň giň toparyny gurşap alýandygy bilen tapawutlanýar. Şonuň bilen birlikde, şol başlangyçlaryň döwrüň wajyp meselelerini çözmäge, dünýäde özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynyň ýola goýulmagyna we saklanylmagyna, umumy durnukly ösüşiň bähbidine netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilendigi bilen halkara jemgyýetçiliginiň arasynda uly gyzyklanm