"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@online.tm

Habarlar

Aşgabat şäheri bilen ýaşytdaş fotosuratlar

Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheri dünýäniň syýahatçylarynyň, inženerleriniň üns merkezinde durýar. Şäherimiz düýbi tutulan ilkinji ýyllaryndan başlap daşary ýurt wekillerinde uly gyzyklanma döredipdir. Dünýäniň çar künjünden ýurdumyza gelen syýahatçylar, meşhur alymlar şäherimiz barada gyzykly maglumatlary toplapdyrlar. Asly Beýik Britaniýaly tanymal syýahatçy Jon Guthrie Watson şäherimiziň düýbi tutulan ilkinji ýyllarynda Aşgabada gelip, bu ýeriň ähli ýerine diýen ýaly aýlanyp görýär. Iňlis syýahatçysy şol döwrüň belli galalaryny, kerwensaraýlaryny, bazarlaryny we täsin binalaryny surata düşürýär.

Ýur­duň al­tyn gaz­na­sy

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurduň altyn gaznasy bolan telekeçiler üçin döredilýän giň mümkinçilikler milli ykdysadyýetiň önümçilik kuwwatyny artdyryp, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrýar. Berkarar döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň giňden baýram edilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda guralan sergi ýurdumyzda hususy telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen syýasatyň öz datly miwelerini eçilýändiginiň özboluşly subutnamasyna öwrüldi. «Biz geljekde hem kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmäge ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde garap, bu ugurda döwlet tarapyndan goldaw berilmegini dowam etdireris. Dürli pudaklarda telekeçiligiň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak bilen, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldap, maýa goýum işjeňligini höweslendireris» diýlip, Gahryman Arkadagymyzyň sergä we birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda nygtalýar.

Ha­lal zäh­met­de hik­met bar

Zähmet — ynsanyň mertebe terezisi. Oňa durkuň-düýrmegiň bilen berilseň, zähmet seni dilgir edenok, etsem-goýsamlaryňa, maksadyňa ýetirýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde päk zähmete ykbalyny baglan ynsanlar işewürlik, telekeçilik diýlen mertebe menzillerine sary atarýan düşünjeler bilen ömrüni sazlaşdyryp, bitirýän ajaýyp işleri bilen milli ykdysadyýetimiziň ösmegine mynasyp goşandyny goşýarlar. Zähmetden haýyr tapyp adygan, hili ýokary önümleri bilen müşderileriň arasynda uly abraýdan peýdalanýan telekeçilik hojalyklaryň birem «Altyn hilal» hojalyk jemgyýetidir. Häzirki wagtda Gökdepe etrabynyň çäginde towuk fermasy bolup, onda 1 million 500-den gowrak broýler towuklaryny idedýän bäherdenli ýaş telekeçi Çary Çaryýew öz kakasynyň Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda esaslandyran «Atyn hilal» hojalyk jemgyýetiniň döwletli işini mynasyp dowam etdirýär. Bizem golaýda bu ýaş telekeçi bilen duşuşyp, hojalygyň alyp barýan işleri hakynda söhbet etdik. — Çary, ýaşdygyňyza seretmezden, gaty jogapkärli wezipäni gerdeniňize alypsyňyz. Telekeçilik işiniň ugrugyp gitmegine birnäçe ýyllyk tejribe hökmany diýilýär welin, siz bu babatda nähili pikirde?

Guş­lar dün­ýä­si­ne sy­ýa­hat

Dünýäde guşlaryň 9 müňe golaý görnüşi bolup, olaryň iň ulusy düýeguşdyr. Bu guşuň boýy 2 metr 70 santimetre ýetýär. Ýer togalagyndaky iň kiçijek guş kolibridir. Olaryň uzynlygy 6 santimetr, agramy 2 gramdyr. Kolibriler uçuş wagty 5000 metr beýiklige çenli çykyp bilýär.

«Be­dew mü­nen has­sa bol­sa, sag olur»

Adamlar atly gezelenç etmegiň diňe bir wagtyňy gowy geçirmegiň däl, eýsem bedeni köp keselden bejermegiň hem-de daşky keşbiňi gözelleşdirmegiň serişdesidigi bilen lukmançylygyň atasy saýylýan Gippokratyň döwründe habarly bolupdyrlar. Gadymy döwürlerden bäri ahalteke bedewini toý güni şatlygyny, gamly güni gussasyny paýlaşýan hemsyrdaşy saýýan türkmen halkymyz, oňa aýratyn uly hormat bilen garapdyr. Türkmeniň gündelik durmuşynda hem-de ruhy dünýäsinde giň orun alan bedewiň jana şypa beriji, köňül joşduryjy täsirini nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili, serkerde şahyr Seýitnazar Seýdi özüniň «Üsti bedewiň» atly goşgusynda çeper beýan edipdir: Bedew münen hassa bolsa, sag olurÇeşmi hyra olar, keýpi çag olur,Köňli hup açylan täze bag olur,Gunça gülüstandyr üsti bedewiň.

Merjen şäher Aşgabat!

Arşa galýar bütin dünýäde adyň,Aziýanyň merjen şähri Aşgabat!Üstüňden parlaýyp nurly Gün dogýar,Her günde her saba - säher, Aşgabat! Mundanam has zyýat bolsun geljegiň,Açykdyr myhmana mydam gujagyň,Joşa gelip, dutarymdyr, gyjagym,Düşürmerin hergiz goldan, Aşgabat!

Daşky gurşawyň goragy - abadan durmuşyň möhüm şerti

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedew batly ösüşler bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň umumadamzat bähbidine gönükdirilen ekologiýa syýasaty dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly gyzyklanma bilen kabul edilýär we Bitarap döwletimiziň bu ugurda halkara derejesinde öňe sürýän başlangyçlary iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrylýar. Ählumumy ekologiýa gaznasy we beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde, ýurdumyzda hem-de sebit derejesinde ekologiýa degişli BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, we taslamalaryň onlarçasy durmuşa geçirilýär. Ilatyň ekologiýa baradaky düşünjesini artdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Tebigaty goramak boýunça täze kanunlaryň toplumy kabul edildi. «Türkmenistanyň Milli tokaý Maksatnamasy», ekologiýa degişli beýleki iri möçberli maksatnamalar tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. 2018-nji ýylda milli Liderimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berlen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty deňiz derejesinden pesde ýerleşýän iň uly portdur. Guşlary goramakda möhüm ähmiýeti bolan adanyň deňiz derejesinden pesde ýerleşýän dünýäde iň uly emeli ada hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi, sebitde guşlaryň köpdürlüligini gorap saklamak üçin şertleriň döredilendigi hem-de olary goramak boýunça taslama üçin Maks Plankyň Orni

San­ly yk­dy­sa­dy­ýet­de yl­myň we in­no­wa­si­ýa­nyň or­ny

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösen bazar gatnaşyklaryny nazarlaýan işjeň syýasatyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýan ylmy-tehniki ulgamy döwrebaplaşdyrmak, ähli ulgamlarda innowasiýalary ornaşdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan ösen senagaty kemala getirmek ýurdumyzyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar. Hut şu jähetden, önümçiligiň ähli pudaklaryna ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy we iň täze tehniki hem tehnologiki enjamlaryň netijeli ulanylmagy biziň ýeten belent sepgitlerimizde, gazanan üstünliklerimizde örän uly ähmiýetlidir. Milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetmek, elektron senagaty döretmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürligine we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek babatdaky uly işler sanly özgertmeleriň dünýä derejesinde ýokary tizlik bilen ýaýraýan döwründe gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda durýar. Hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» gol çeken Karary durmuş ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna giň ýol açdy. Sanly ykdysadyýet tizlik, amatlylyk, tygşytlylyk düşünjeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwletiň orny iki maksada gö

So­wul­maz ýaz­ly ilim

Tebigatyň her paslynyň özüne mahsus gözelligi bar. Taňrynyň nazary düşen Diýarymyz bahar aýlary has-da gözel görke gelýär. Sebäbi owadan bahar özi bilen bagtyýarlygyň giden bir dünýäsini alyp gelýär. Baharyň gelmegi bilen Zemine ýyly girip, tebigat janlanýar. Töwerek-daş özgerýär. Bir tarapy jana derman bal suwly Jeýhun, beýleki bir tarapy goýny genji-hazynaly Hazar deňziniň arasyndaky jenneti mekanda ýaşaýarys. Bu mekanyň ilersinde arşyň-kürsüň merduwan sütüni Köpetdag seleňläp otyr, gaýrasynda gülýaka ýaly Günüň guşlap, epgegiň haşlap, ençe kerweniň düşläp geçen sährasy, ulgam-ulgam alaňdyr aklaňlaryň ojagy, Hydyr nazary düşen bereketli Garagum ýaýylyp ýatyr. Belent başly dag jülgelerinde käkilikler kah-kah urup, jerenler gatbar-gatbar dereleriň ýüzünde aga-ýana gezim edýärler. Müň dürli gül-gunçaly, ir-iýmişli baglary göreni özüne bendi edýär.Gözýetim bilen gujaklaşýan sähralarynda mallar agyp-dönýär, ekin meýdanlaryndan bal akýar. Türkmen ýurdunyň şeýle gözel tebigaty bardyr.

Bit­gin­li bag­la­ryň bag­ba­ny

Öwezgeldi aga haly-malyny, tutuş barlygyny ene topraga bagyş edip, biregne 43 ýyl obasynda toparýolbaşçy (brigadir) bolupdy. Mele topraga goýlan gadyr hem oňa edilen hyzmat onuň ogul-gyz, agtykdyr çowluk, umuman, nesil-neberesini hor-zar etmän gelýär. 5 ogul, 3 gyzy terbiýeläp, il hataryna goşan, uly obanyň toý-tomgusynda bekewül bolan golamançy daýhanyň yzy ýitmedi. Ogullarynyň üçüsi «Ýykylsaň, ýere ýapyş» diýlenini edip, görseň gözüňi egleýän ajap bag ýetişdirmegiň hötdesinden geldi. Ýüzleri Gün howruna mazaly ýanyp, sowuga gaýzygan, ýogyn bilekleri işe werdiş oba oglany Dädebaýa gyş gelip, iş azalanda giň meýdanlar dar göründi. Şeýdibem ol paýtagta, gurluşyk işlerinde işlemäge gaýtdy. Ol ýerde işiň uly-kiçisine bakman, baryny birhaýukda elden geçirdi. Başarnygyny synap gördi. Dädebaý dura-bara gurulýan binalardan özbaşyna paý alyp, özi ýaly dogumy içine sygmaýan gaýratly ýigitlerden daşyny gallady. Iň zamanabap görnüşde gurulýan belentden-belent binalarda öz eliň yzlaryny görmek, ilkibaşda juda buýsançlydy. Aradan wagt geçip, birwagtky kalp töründen orun alan bag ekmek hyjuwy aňynda at saldy. Ýolugra bag görünse, gözi eglendi. Ahyrynda bu oýlar ony yzyna dolady. Ol muňa ýeriň özüne çekiji güýji diýip düşünýär. Nirede bolsaňam, haýsy kärden hörek iýseňem, topragyň ýylysy özüne çekýär duruberýär eken. Onda-da ata-baba ömür örküni zerden gymmat saýylýan ýere baglan ynsanlar üçi

Mal­dar­çy­lyk — gir­de­ji­li pu­dak

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Prezidentimiziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len oba ho­ja­ly­gy­nyň mal­dar­çy­lyk pu­da­gy­ny yl­my esas­da döw­re­bap ös­dür­mä­ge, mal­la­ryň baş sa­ny­ny art­dyr­ma­ga, da­şa­ry ýurt­lar­dan ýo­ka­ry önüm­li to­hum­la­ry ge­ti­rip, top­rak-ho­wa şert­le­ri­mi­ze uý­gun­laş­dyr­ma­ga döw­let de­re­je­sin­de aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Eziz Di­ýa­ry­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň et­rap­la­ry­dyr oba­la­ryn­da döw­re­bap mal­dar­çy­lyk top­lum­la­ry yzy­gi­der­li gur­lup, ula­n­ma­ga be­ril­ýär. Bag­ty­ýar­lyk döw­rü­miz­de, oba ho­ja­ly­gy­ny kä­mil­leş­di­rip ös­dür­mek ba­ba­tyn­da hor­mat­ly Prezidentimiziň öňe sü­ren tek­lip­le­rin­den ugur al­nyp, mal­dar­çy­lyk pu­da­gy­ny hu­su­sy­laş­dyr­mak iş­le­ri tap­gyr­la­ýyn dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Mal­lar­dan alyn­ýan et, süýt hem-de ola­ryň gaý­ta­dan iş­le­nen şöh­lat, süýt önüm­le­ri her bir maş­ga­la­nyň gün­de­lik dur­mu­şyn­da mu­kad­des sa­çak­la­ryň rys­gal­dyr, be­ze­gi. Ýur­du­myz­da şeý­le ýo­ka­ry gym­mat­ly azyk önüm­le­ri­niň ba­zar bol­çu­ly­gy­ny döretmekde we dür­li gör­nüşli azyk önümleri bilen üp­jün et­mek­de mal­dar­çy­ly­ga aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. Mal­dar­çy­lyk pu­da­gyn­da ow­nuk şahly mal­lar­dan ge­çi­le­riň ide­gi, olar­dan alyn­ýan et, süýt önüm­leri yn­sa­nyň gün­de­lik dur­mu­şyn­da ze­rur bo­lup, olar özü­niň ýo­kum­ly­ly­gy,

Ak­na­bat çäk­men­çi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde türkmeniň milli senetçiligine berilýän üns artdy. Türkmen telekeçileri millilige ýugrulan senedimizi täze öwüşginler bilen dünýä ýaýýar. Şeýle senetçileriň biri-de, Aknabat Towyýewa bolmaly. Aknabat çäkmençi ady bilen tanalýan senetkär Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Mollanepes adyndaky daýhan birleşiginde ýaşaýar. Öz el hünärini ýaşlara-da öwredýär, olara halypalyk edýär. Golaýda habarçymyz telekeçi Aknabat çäkmençi bilen söhbetdeş boldy. Şol söhbetdeşligi okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde türkmeniň milli senetçiligine berilýän üns artdy. Türkmen telekeçileri millilige ýugrulan senedimizi täze öwüşginler bilen dünýä ýaýýar. Şeýle senetçileriň biri-de, Aknabat Towyýewa bolmaly. Aknabat çäkmençi ady bilen tanalýan senetkär Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Mollanepes adyndaky daýhan birleşiginde ýaşaýar. Öz el hünärini ýaşlara-da öwredýär, olara halypalyk edýär. Golaýda habarçymyz telekeçi Aknabat çäkmençi bilen söhbetdeş boldy. Şol söhbetdeşligi okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. — Aknabat hajybibi, siz dokmaçylygyň inçe syrlaryna bäş barmagyňyz ýaly belet senetkär. Elbetde, darak kakmak, çäkmen tikmek ýeňil iş däl. Ol ussatlygy, zehini, hünäriňe bolan söýgini talap edý

Orta asyryň medeni ojagy

Hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bolan Nişapurdan gelen ýol barada köp aýdylýar. «Görogly» şadessanynda hem bu şäheriň adyna duş gelmek bolýar. Dessanda ýaş Göroglynyň Gyrata baş öwredýän mahallarynda hem onuň kybla — Günorta-Günbatar tarapa gidendigi beýan edilýär: «Nişapur Köpetdagdan Günortada — kybla tarapda ýerleşýär, şunuň özi wakalaryň bolup geçýän giňişligi hökmünde göz öňünde Köpetdagy janlandyrýar». Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bolsa, orta asyrlarda türkmen topragynyň serhetlerinden daşarda, Nişapur, Buhara, Yspyhan, Gürgen, Bagdat, Halap, Damask ýaly ylym-bilimiň, medeniýetiň ösen merkezleriniň bolandygy aýratyn bellenilip geçilýär. ÝUNESKO tarapyndan adamzadyň Maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen «Görogly» şadessanynda ady agzalýan Nişapur bilen baglanyşykly dürli rowaýatlar bar. Bu rowaýatlar, esasan, Sasanylar döwleti bilen baglanyşyklydyr. Şol döwrüň iri merkezleriniň biri bolan Nişapuryň adynyň gelip çykyşy baradaky maglumatlar Sasany hökümdarlary Şapur I we Şapur II bilen baglanyşyklydyr. Ol rowaýatlarda Nişapuryň gadymda Nehşapur, Neýşapur, Newşahpur, Niwşahpuher, Binaşahpur ýaly atlar bilen atlandyrylandygy barada hem maglumatlar bar.

Ýa­kym­ly ökünç

Günleriň yzygiderli başagaýlygy ara menzil salypdyr. Üst-üstüne münderlenen goşa aýakgaplary gerdeniňde götergiläp ýatyrdyň. Ýa dünýäniň Ýer sahnasynda basgançak keşbini başardygyňça ýerine ýetirişiňmidi?! Ýa-da söbükbasarlaryňa soňky pursada çenli wepalylygyň nusgasymy?! Dogrusy, onçasyn-a bilmedim welin, ýöne köpüň keşigini çekýäne «kişi» diýilýän-ä anyk. Şol kysmatyňa-da kaýyldyň. Egniňde hellewleşip oturanlar-a günde-günaşadan tämizlenip duruldy. Şonda-da, ne göze ildiň, ne-de ýatlanyldyň. Tersine, «Zibile zyňaýmaly ekeniňiz» diýen teýeneli söze-de galdyň. Diş çykarjak çaga ýaly, ahmyrdan dilimi çeýnedim, emma «söz agyzdan çykansoň, özüňki däl» ahyr. Nämüçindir dury pikirleri tozga ýaly tozadyp, şahyryň: Ilkinji ädimler bolsa-da şowsuz,Indiki ädimler bolmaýar şonsuz

Poe­zi­ýa­nyň yş­ky şa­hy­ry

Ýaşlykdan söýgi hakynda söhbet açýan çeper eserleri okamagy gowy göremsoň, goşgy okanymda hem olaryň arasyndan söýginiň waspyny ýetirýän goşgulary gözlärdimem, tapardymam, okardymam. Söýgi hakda bolsa ýazmadyk şahyr ýok. Aslynda şahyry şahyr edýänem söýgi bolmaly. Goý, ol kyssaçy bolsun ýa-da asla şahyr däl bolsun, tapawudy ýok, onuň hökman söýgi hakda goşgusy bardyr. Ol türkmeniň şahandaz, şahyrana halkdygyny görkezýär. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew bolsa söýginiň waspyny ýetirende onuň galamyndan çykan sözler ylahydan inene ogşaýyr. Türkmeniň «Bir kemsiz gözel bolmaz» diýeni Atamyradyň söýgi hakdaky goşgularyna degişli däldir. Sen hernäçe ussat hem bolsaň, onuň bina galdyrylanda goýulýan kerpiçler ýaly edip goýan sözlerini başga bir sözler bilen asla çalşyp bilmersiň. Jaý galdyrýan ussanyň kerpiçleri saýlap-saýlap alşy ýaly, şahyryň hem sözleriň «daşyny» ýylmaýşyna, sözleri baglaýjylar bilen bir-birine berk baglaýşyna akylyňy haýran edip oturmaly. Sözler bir-biri bilen jebisleşip, goşgy setirlerini emele getirenlerinde bolsa, olary ylahydan kalbyňa ýetişen sözler ýaly öz ýanyňdan gaýta-gaýta gaýtalap okanyňy duýman galýarsyň, sebäp olaryň aňladýan manylary seniň söýgi damarlaryňy gyjyklap goýberýär-de, ýüregiňe melhem bolup aralaşýar, onuň berýän şypasyny on iki süňňüň bilen syzýarsyň!

El­le­riň «Bal­la­da­sy»

Türkmeniň heňňamdan gaýdan sungat ýoly bu günki gün dünýäniň çar künjeginde dabaralanýar. Asyrlara daýanýan bu ýol ençe adygan ussatlarymyzyň köňül töründen syzylyp gaýdan eserlerini şu günümize deňiç ýetiripdir. Sungat — munuň özi uç-gyraksyz ýaýylyp ýatan ummandyr. Ylla, şol umman ägirt uly täsinligi goýnunda gizläp, güwläp duran gizlin syr ýaly. Sungat äleminiň syrlar ýumagyny çöşlän her bir ynsan bu dünýäniň özenine akyl ýetirer. Ençe asyr bäri bu syrly dünýäniň aýratyn bir görnüşi bolan gobelen sungaty hem ony görenleriň kalbynda öçmejek yz goýmagy başarypdyr.

Ar­ka­dag­ly Wa­ta­ny­my­zyň wasp­çy­sy

Şa­hyr Ba­zar Şa­ly­ýe­wiň dö­re­di­ji­lik dün­ýä­si ba­ra­da oý­lan­ma­lar Şygryýet dünýäsi täsin hem jadyly dünýä. Şahyrlaryň joşgunly kalbyndan gaýnap çykan goşgulary okanyňda, söz diýilýän gudratyň ynsan aňyna, ýüregine ýiti täsir edýändigine aýdyň göz ýetirýärsiň. Söz şahyr kalbynda şygra öwrülip, okyjylara söýgi, gözellik, mähir eçilýär. Adamlary ýagşylyga, ynsanperwerlige, sahawatlylyga, adamkärçilige çagyrýar.

Güller - gözelligiň ganaty (liriki oýlanma)

Ýürekleri heýjana salýan türkmen ýaýlasyna begres donuny egnine atynyp, bahar geldi. Onda-da türkmen topragyny bezeýän, dürli reňkler bilen öwşün atýan türkmen baharyny diýsene! Meýdanda açylan gülälekleriň ýaşyl baldajyklaryndaky säher çygynyň damjalary birgeňsi bolup, ýüregiňi gobsundyrýar. Gülleriň atyr ysynyň tolkunlary eýýäm kebeleklere, bal arylara, dürli mör-möjeklere ýetişen ýaly. Olar wazzyldaşyp, gülden-güle gonýarlar. Bu owazlar tebigatyň ajaýyplygy bilen sazlaşyp, özboluşly durmuş mukamyny emele getirýär. Güller... Owadan dünýäniň bezegi, gözelligiň ganaty güller. Güller öz tebigaty boýunça owadan, näzik. Iň gowy zatlara «gül ýaly» diýip, göwünler hoşlanýar. Gyzjagaz dünýä inende, näziklige, güle ýanap, Aýgül, Bägül, Çemen, Gülälek, Gülzada, Gülşat ýaly atlary dakýarlar. Gül ýaňaklaryň, gül ýüzüň, gül ýaly çagajyk, gül ýaly maşgala, gül ýaly gyz, gül ýaly gelin, gül ýaly durmuş... garaz, aňyrsyna ýetip bolmaýan gül bilen bagly deňeşdirmeler hem halkymyza adat bolup galypdyr.

Gün hakynda gyzykly maglumatlar

Köp adamlar Günüň reňki sary ýa-da mämişi diýip pikir edýärler, aslynda onuň reňki akdyr.***«Atmosferanyň dargatmagy» netijesinde Gün şöhlesiniň reňki sary görünýär.***Gün biziň galaktikamyz bolan «Akmaýanyň ýolunyň» daşyndan aýlanýar.***Günüň doly aýlaw etmegi üçin 225-250 million ýyl gerek bolýar.***Gün bilen Ýeriň aralygy 150 million kilometr bolup, onuň şöhlesi ýere 8 minutda gelýär.***Bize Günden soňky ikinji ýakyn asman jisimi Sentawra ýyldyzydyr.***Günüň diametri 1 392000 kilometr bolup, Ýeriň diametrinden 109 esse uludyr.***Gün tutulma hadysasy bir ýylda azyndan iki gezek bolup geçýär. Ýer ýüzüniň haýsy hem bolsa bir nokadynda doly Gün tutulmasyny ortaça 200 — 300 ýylda bir gezek synlap bolýar.***Tomsuna gündiziň dowamlylygy Maltada (Günorta Ýewropa) 10 sagada, Samarkantda (Özbegistan) 15 sagada, Stokgolmda (Şwesiýa) 18 sagada, polýar aýlawyň aňyrsynda ýerleşýän Şwesiýanyň Kiruna şäherinde bolsa, 24 sagada ýetýär.***Kirunada gyş paslynyň dowamynda Gün görünmeýär.***Marokkoda (Demirgazyk Afrika) we Brisbende (Awstraliýa) ýylyň dowamyndaky güneşli günleriň sany 300-e ýetýär.***Her sekuntda Günüň düzümindäki wodorodyň 700 milliard tonnasy ýanýar.

Ýo­ga

Häzirki durmuşynda ýoga uly ähmiýet berilýär. Ýoga Hindistandan bize gelen gadymy ruhy tejribedir. Adamyň tutuş barlygyna täsir edýän ýoga sekiz ädimden: ahlak ýörelgelerini berjaý etmekden, beden bilen işlemekden, dem almakdan, psihikany we aňy dolandyrmak üçin has inçe usullardan ybaratdyr. Ýoga, esasan, beden bilen işlemek diýmekdir. Onda bedeni berkitmäge we rahatlandyrmaga, fiziki sazlaşygy gazanmaga gönükdirilen maşklar toplumy jemlenendir. Ýoga çydap bolmaýan zady nädip bejermelidigini we bejerip bolmaýan zatlara nädip çydam etmelidigini öwredýär. Mundan başga-da onuň peýdalary sanardan kän. Ol saglygy ýokarlandyrmaga, arka we boý agyrylaryny azaltmaga, agramy kadaly ýagdaýa getirmäge, keýpiňi gowulaşdyrmaga, nerw damarlaryňy gowşatmaga, bedeniň çydamlylygyny we immuniteti ýokarlandyrmaga, ukyňy kadaly almaga ýardam edýär. Ýoga bilen meşgullanýan adam bagt we rahatlyk duýgusyny başdan geçirýär.